GENEL

Ugandada awtoulag önümçiligine girişildi

Gündogar Afrika respublikalarynyň biri bolan Ugandada ýerli mümkinçilikler bilen awtoulag önümçiligine girişildi. Ilkinji synaglaryň netijesinde Gün yşygyndan elektrik alýan  awtobusdan we elektrik bilen işleýän ýeňil awtoulagdan soňra bu ýerde ilkinji gibrit awtoulaglar hem öndürildi. Ilkinji synaglardan üstünlikli geçen täze awtoulag ýakyn günlerde köpçülikleýin öndüriler.

Ýeri gelende aýtsak, Ugandadaky awtoulag önümçiligine «Kiira Motors» kompaniýasy girişdi. Täze ulag «Kiira EVS» diýlip atlandyrylar.

Sagatda 140 kilometr tizlige çykyp bilýän täze ulag, daşyndan seredeniňde kinniwanja bolsa-da, içiniň giňligi we beýleki ulaglardan üýtgeşik dizaýnerçilik çözgütleri bilen tapawutlanýar.

«Kiira EVS» ýurtda geçen hepde geçirilen Parlament hepdeliginde döwletiň tanymal syýasatçylarynyň biri tarapyndan synag edildi. Gerimini barha giňeldýän kompaniýa döwletden alýan uly goldawy bilen ýurtda ýene bir täze zawodyny gurmakçy bolýar. Täze zawod ýurtda 2 müň çemesi adamyň iş bilen üpjün edilmegine sebäp bolar. «Kiira Motors» Ugandanyň hökümet we Makerere uniwersiteti tarapyndan ýöredilýär.

Ýene-de okaň

TÜRKSOY’da Türkmen sinemasının 100 yıllık yolculuğu kutlandı

Türkmen halkının Milli Lideri ABD’ye gitti

Türkmenistan’ın 2025 yılı değerlendirildi: Cumhurbaşkanı’ndan 15 yurtdışı ziyareti

Türkmenistan’da yeni Milli Güvenlik Bakanı atandı

Türkmenistan Hükümetinde kapsamlı Kabine revizyonu

Türkmenistan’da 2026 yılında 3 milyon fidan toprakla buluşacak