GENEL

Täze ýylda görkeziljek täze filmler

Megerem, Täze ýyl – ýylyň dowamynda sabyrsyzlyk bilen garaşylyp ýetilýän baýramçylyk bolsa gerek. Ildeşlerimiz ýene sanlyja günden täze arzuw-umytlara beslenip geljek Täze ýyla garaşýandyrlar welin, şonuň bilen birlikde täze ýyl filmlerine hem dykgat bilen tomaşa etmäge howlugýandyrlar. Birnäçe ýyllar bäri, hut, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli düşürilýän filmlere bu ýyl hem kino muşdaklary tomaşa edip bilerler.

Eýsem, bu ýyl nähili filmler düşürildikä?

ReŽissýor Gülälek Hezretgulyýewa «Türkmen owazy» teleýaýlymy bilen birlikde «Şatlyk» atly täze ýyl filmi düşürdi.

«Täze ýyl şüweleňi» – reŽissýory Eziz Işangulyýew.

«Bäsleşik» – reŽissýory Tirkiş Garaýew. Ady agzalan iki film «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde şekile geçirildi.

«Täze ýyl arzuwlary» – bu filmiň reŽissýorynyň, operatorlarynyň, keşpleri ýerine ýetirýän gahrymanlarynyň, montaŽçysynyň hem ählisi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarydyr. Bu film türkmen kino sungatynda şol institutyň talyplarynyň ilkinji eden synanyşygydyr. Ildeşlerimz bu filme baýramçylyk günlerinde «Ýaşlyk» teleýaýlymynda tomaşa edip bilerler.

 Bellik: Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli tomaşaçylara ýetiriljek filmleriň ählisi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi we ýurdumyzyň teleýaýlymlary tarapyndan surata düşürildi. 

Ýene-de okaň

TÜRKSOY’da Türkmen sinemasının 100 yıllık yolculuğu kutlandı

Türkmen halkının Milli Lideri ABD’ye gitti

Türkmenistan’ın 2025 yılı değerlendirildi: Cumhurbaşkanı’ndan 15 yurtdışı ziyareti

Türkmenistan’da yeni Milli Güvenlik Bakanı atandı

Türkmenistan Hükümetinde kapsamlı Kabine revizyonu

Türkmenistan’da 2026 yılında 3 milyon fidan toprakla buluşacak