DÜNYA

Wengriýada ýokary bilim we magistratura mümkinçiligi

Türkmenistanda bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryna giň gerim berildi. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ylymly-bilimli ýaşlaryň ýetişdirilmegi ugrunda uly tagalla edilýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň mekdep okuwçylary daşary ýurtlara bilim almaga iberilýär. Bu ugurda Malaýziýa, Rumyniýa, Hytaý, Belarus ýaly ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklanýar. Olaryň hataryna Wengriýa hem goşuldy.

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan 2019-2020-nji okuw ýyly üçin Wengiraýyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim we magistratura üçin seçip alyş işi geçirilýär. Ýaşy 35-den geçmedik, 2019-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolduran 2018/2019-njy okuw ýylynda umumybilim berýän mekdeplerimizi tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary dalaş edip bilerler. Munuň üçin Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden maglumat almak bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2018-nji ýylyň 18-28-nji dekabry aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

– Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgada arza we sowalnama:

– umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bilim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jildiň tassyklanan göçürmesi:

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligini tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy):

– soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama:

– 3×4 sm möçberde 12 sany fotosurat:

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi:

– giriş synaglaryndan üstünlikli geçen halatynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersler boýuça halkara bäsleşikleri gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

 Bulardan başga-da şular talar edilýär:

– Türkmenistanyň raýatynyň pasporty hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty:

– Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Giriş synaglary 2019-njy ýylyň 3-5-nji ýanwary aralygynda Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik. Test – ýazmaça, söhbetdeşlik – Türkmenistanyň döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglaryna wagtynda gelmedik dalaşgärler synaga goýberilmeýär. Birinji synagdan geçmedik dalaşgärler ikinji synaga goýberilmeýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş, 1958 (Andalyp) köçesi 1958,

Tel: +993 12 39 85 62/25

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak