«Feta Egitim Araçları» – bu Türkiýe respublikasynyň mebel kärhanasy. Kärhananyň düýp merkezi Ankara şäherinde. Emma Türkiýäniň beýleki uly şäherlerinde hem onuň birnäçe bölümleri hereket edýär. Geliň, bu baradaky maglumaty şol kärhananyň Stambul şäherindäki “Ýelken” bölüminiň müdiri Bilal Güçeriň öz gürrüň bermeginde diňläliň:
– 1998-nji ýylda «Feta Egitim Araçları» kärhanamyzyň düýbi tutuldy. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanamyz, esasan, bilim ulgamyna degişli bolan edaralary mebel bilen üpjün edýär. Täze gurlan okuw mekdepleriniň we çagalar baglarynyň içki şertlerinde doly talabalaýyk derejede mebelleri, enjamlary gurnaýarys. Häzirki wagta çenli kärhanamyzyň önümleri dünýäniň 40-dan gowrak döwletlerine eksport edildi. 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Bu ýerde «Aýbölek» mebel hususy kärhanasy bilen iş salyşýarys. Ol biziň esasy hyzmatdaşymyzyň biri. Çünki kähalat okuw mekdeplerini we çagalar baglaryny mebeller bilen doly üpjün edip ýetişmedik ýagdaýymyzda bir-birek bilen arkalaşýarys. Geljekde bolsa, hyzmatdaşlygymyzyň has-da berkejekdigine berk ynanýaryn!
Ýazga geçiren
Aýbölek ABDYÝEWA,
«Atawatan Türkmenistan» halkara
Žurnalynyň habarçysy.