GENEL

Belgiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belgiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Bert Şufs bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä baýramçylyk çärelerine gatnaşýanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn duşuşyklaryň çäginde, ýa-da bolmagy mümkin bolan saparlaryň dowamynda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belgiýanyň Premýer-ministriniň duşuşyklaryny gurnamak mümkinçiliklerine seretdiler.  

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň çäginde yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de indiki geňeşmeleri 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirmek mümkinçiligine seredildi. Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň Belgiýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi teklip etdiler.

Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende, taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşygy ýola goýmak meselesine hem seretdiler. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda we Belgiýada dürli medeni çäreleri gurnamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

TÜRKSOY’da Türkmen sinemasının 100 yıllık yolculuğu kutlandı

Türkmen halkının Milli Lideri ABD’ye gitti

Türkmenistan’ın 2025 yılı değerlendirildi: Cumhurbaşkanı’ndan 15 yurtdışı ziyareti

Türkmenistan’da yeni Milli Güvenlik Bakanı atandı

Türkmenistan Hükümetinde kapsamlı Kabine revizyonu

Türkmenistan’da 2026 yılında 3 milyon fidan toprakla buluşacak