GENEL

Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny

2018-nji ýylyň 3-5-nji dekabrynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gurnamagy esasynda talyplar we ministrlikleriň we döwlet edaralaryň işgärleri üçin “Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny” atly mowzuk boýunça Ilçi h-m Suoni Hantyň okuw maslahaty geçirilýär. Bu okuw maslahaty dawalaryň çözülmeginde zenanlaryň ornuna, uruşlar we parahatçylyk meselelerinde gender stereotiplerine bagyşlanandyr.

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda bolan çäräniň açylşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Ilçi Natalýa Drozd “Türkmenistan gender deňligini öňe sürmekde işjeň başlangyçlara eýerýär, we şunuň bilen baglylykda 2015-2020-nji ýyllar üçin ýurtda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilanmasyny kabul etdi. Türkmenistandaky zenanlar parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga işjeň gatnaşýarlar”, diýip belledi.

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalat, daşary işler, bilim ministrlikleriniň, Döwlet gulluk akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň işgärleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň çäginde gatnaşyjylar dünýäde möhüm howpsuzlyk meseleleri, şeýle hem dürli meseleleri düzgünleşdirmekde zenanlaryň orny hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta Uluslararası Çince Günü Kutlandı

Azerbaycan ve Orta Asya ülkeleri iklim konusunda ortak bildiri kabul etti

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Kazakistan’da

Rusya ile Türkmenistan kara metal üretimi için çalışıyor

Türkmenistan Orta Asya-Rusya Sanayi Bakanları’nın ilk toplantısına katıldı

TÜRKSOY’un Molla Nasreddin filminin çekimleri Türkmenistan’da yapıldı