DÜNYA

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ýurdumyzyň içerki we daşary syýasatyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmäge degişli möhüm kararlar kabul edildi.

“Oguzhan” köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli baran hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

2019-njy ýylyň döwlet býujeti maslahatlaşylar

Ministrler Kabinetiniň mejlisi Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň hasabaty bilen başlady. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň 1-nji dekabrda geçiriljek nobatdaky maslahatynda “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň, şeýle hem aýry-aýry ugurlarda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge we umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berdi.

ÝUNESKO-nyň hemaýatynda halkara maslahat

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 6 — 7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de “Görogly” şadessany girizildi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de “Bathyz” döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Aşgabatdaky maslahatyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar. Dünýäniň ençeme ýurdundan wekiller gatnaşar. ÝUNESKO tarapyndan guralan “Ýaşlaryň gözi bilen Beýik Ýüpek ýoly” atly halkara fotobäsleşigiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi geçiriler.

Sanly ykdysadyýet

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň taýýarlanan taslamasy barada habar berdi.  Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär.

Häzirki zaman şertlerinde täzelikçi tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän milli Liderimiz Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Ilkinji binagärlik döredijilik sergisi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik döredijilik sergisini geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

6-8-nji dekabr aralygynda geçiriljek çäre şähergurluşyk, binagärlik hem-de häzirki zaman Türkmenistanda şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni hem-de geljekki mümkinçiligi görkezmäge gönükdirilendir. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça iň oňat binagärlik taslamalary ugrunda bäsleşigi geçirmek maksat edinilýär.  

sergä ýaş binagär-hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny çekmek göz öňünde tutulýar.

Halkara maslahatyň netijeleri

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew 28-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ulag maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Maslahatyň işine 370-den gowrak wekil gatnaşyp, şolaryň hatarynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleri, pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, bilermenler, maýadarlar, abraýly halkara guramalaryň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we ýük daşaýjy kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň dürli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň amala aşyrylmagyna goşýan goşandy babatda şolaryň ösdürilişine örän uly üns berildi. Maslahatyň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi.

Sanly bilim ulgamy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bu konsepsiýa maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralaryna berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen Internet arkaly uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak