GENEL

Puluň taryhyna gysgaça syn

Hormatly okyjylar  bugün Size Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Ykdydsadyýet we Menejment Fakultetiniň Talyby Aýnatäç Sözenowanyň puluň taryhyny seljeren makalasyny ýetirýäris.

Adamzat jemgyýetiniň taryhy, gazuw – agtaryş işleriniň ,ýazgy çeşmeleriniň we  ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenilýär. Türkmenistan döwletimiz hem geo-ykdysady ýerleşişi we taryhy beýik ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýändigi  sebäpli taryhy ýadygärliklere baý ýurtlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, bu yadygärlikleriň arasynda pullaryň taryhynyň hem ähmiýetiniň uludygyny görmek mümkindir.

Biziň taryhymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Şularyň biri hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän muzeýleriň döredilmegidir. Muzeýlerimizde milli gymmatlyklarymyz bilen bilelikde taryhymyzda ulanylan pullar, ýadygärlik pullar we Garaşsyzlyk döwrümizde  dolanyşyga giren pullar hem saklanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2018-nji ýylyň hem “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip bellenilmegi hem biziň taryhymyza bolan sylag hormatymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Taryhda pullary öwrenýän ylma Numitiki ylmy diýilýär. Puluň özi jemgyýetçilik hadysasydyr. Jemgyýetden üzňe pul ýokdyr. Taryha ser salanymyzda adamlar ilki döwürlerde nagt puly ulanmandyrlar. Sabäbi adamlar öz gerek zatlaryna gerek däl zatlaryny çalşypdyrlar ýagny, alyş – çalyş edipdirler. Soňraky döwürlerde ýagny  b.e.ö 600-njy ýyllarda pullar yagny altyn – kümüş ýüze çykyp başlapdyr. Bu pullar ilkinji gezek Liwalylar tarapyndan basylypdyr. Bu metal pullar çykmazdan öň adamlar pul hökmünde gaty kän harytlary synap görüpdirler we ulanypdyrlar.

Taryhda pullaryň özgerişine ser salanymyzda aşakdaky seneler has öňe çykýar.

B.e.ö 600: Ilkinji pullar basylyp başlaýar. Ýagny bu pullar metal görnüşde bolup, olar sanalmany diňe agramy ölçelip baha kesilipdir.

1250 – nji ýyl : Söwdanyň ösmegi. Ýagny söwdanyň ösmegi bilen adamzat jemgyýetinde pullaryň hümmeti galyp başlady we altyn pullar peýda bolup başlady. Soňra kagyz pullar ýüze çykyp başlady. Taryhda söwda esasan hem beýik ýüpek ýolunyň üsti bilen ösdürildi.

1871 – nji ýyl : Elektron pullaryň ýüze çykmagy. Bu ýylda adamlar elektron poçtalaryň üsti bilen pul ugradyp başlaýarlar. Netijede adamlaryň durmuşy aňsatlaşýar. Soňraky ýyllarda çekler ýüze çykyp başlady. Adamlar ýörite kagyzlaryň ýüzüne gerek mukdary ýazyp töleg edip başladylar.

1950 – nji ýyl: Ilkinji elektron kartlaryň peýda bolmagy. Ilkinji kartyň ady Diners Club Card bolupdyr. Frank Mcnamara atly şahs, bir gün restoranda agşam nahary iýenden soň ýanynda ýeterlik derejede nagt pulynyň ýokdygyna göz ýetirýär. Şol sebäpli hem aýalyny çagyryp töleg etmäge mejbur bolýar. Şonuň üçin bu ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin ilkinji  elektron karty bolan Dinners Club Cardy  oýlap tapypdyr. Dinner diýmegiň özi hem iňlis dilinde,agşamlyk nahar diýmegi aňladýar.

1967 – nji ýyl: ATM leriň ýüze çykmagy. Dünýädäki ilkinji ATM Demirgazyk Angliýada 1967 nji ýylda guruldy.

1993- nji ýylda Türkmenistanda manat-walýuta görnüşde pullar basylyp başlanýar.

2009 – njy ýyl : Bitcoinlaryň ýüze çykmagy. Bitcoin sanly (kodly) pul birliginiň we halkara töleg sistemasynyň adydyr. Bu pul birligi dünýädaki ilkinji merkezilleşdirilmedik kodly pul birligidir. Ýagny, bu töleg sistemasy merkezi banklardan garaşsyz ýagdaýda işleýär. Bu sistemada arada hiç hilli araçy bank ýokdyr. Ulanyjylar birek – birek bilen gönüden – göni işleşýärler. Şu sistemada bolup geçýän hereketler Blockchain diyip atlandyrylýan hasaba alyş kitabynda hasaba alynýar.

          Ýagny ýokarda berlen maglumatlar, ýyllaryň geçmegi bilen puluň özgerýändigini we adamlaryň durmuşynyň aňsatlaşýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde adamlar nagt puly has az ulanýarlar. Onuň  ýerine elektron kartlary ulanýarlar. Günsaýyn özgerýän Türkmenistan döwletimizde hem elektron kartlaryň ulanylmagy döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen banklarymyzda, marketlarymyzda we ähli töleg nokatlarynda giňden ýaýbaňlaşdyrylýar.

Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň ösmegi, bank ulgamlarynyň kämilleşmegi we halkara derejesinde banklaryň açylmagy bizi diýseň guwandyrýar. Bu mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Aýnatäç SÖZENOWA

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň

Halkara Ykdydsadyýet we Menejment Fakultetiniň Talyby

 

 

Ýene-de okaň

Kazakistan, Türkmenistan, Rusya ve İran Kuzey-Güney ulaştırma güzergahını güçlendirecek

Türkmenistan ile Kazakistan yük taşımacılığını arttıracak

Türkmenistan Devlet Başkanı’ndan Donald Trump’a taziye mesajı

Türkmen halkının Milli Lideri ile Kırgızistan Cumhurbaşkanı telefonda görüştü

Türkmenistan ile Afganistan TAP-500 enerji nakil hattı projesini görüşüyor

Ata Watan Eserleri

TAPI doğalgaz boru hattı projesi ivme kazanıyor