GENEL

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede saparda boldy

Türkiýäniň Din işleri müdirliginiň (Diyanet) başlygy, professor Safi Arpagyş Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada Türkiýäniň dini guramasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Wekiliýete «Arkadagyň ruhy metjidi» metjidiniň baş ymamy hem-de metjidiň ýanyndaky ýokary ruhy okuw mekdebiniň (medresäniň) rektory Ýalkap Hojagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkiýäniň Din işleri müdirligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky taryhy, medeni we dini gatnaşyklar, şeýle hem dini bilim we dini gulluk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar bilelikdäki bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem türkmen talyplarynyň Diyanet tarapyndan hödürlenýän talyp haklary maksatnamasy boýunça bilim almagyny guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň gün tertibine talyplaryň alyş-çalşygyny ýola goýmak, dini edebiýatlar bilen üpjün etmek, şeýle hem iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda özara saparlary giňeltmek meseleleri girizildi.

Related posts

Türkmenistan Türkmenkimya Devlet Kurumu’ndan uluslararası ihale

Ata Watan Eserleri

Türkmenpetrol Kurumu ile Tatneft şirketi arasında online görüşme

Dr.Döwran Orazgylyjov

Halkara maýyplar güni

vepa