Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigine häzire çenli jemi 26 makala kabul edildi we bu makalalaryň ählisini bu habarymyz bilen Size ýetirýäris. Bäsleşige eser kabul edişlik tamamlandy we iň soň bize gelip gowuşan eserler doly okalyp bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän bolsa kabul ediler we saýta ýerleşdiriler. Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri Siz www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň “Atawatan Eserleri” sahypasyndan hem okap bilersiňiz.
Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bu bäsleşigi geçirýär. Bäsleşige gatnaşmazdan öň bu habarymyzy doly okap, bäsleşigiň ähli şertleri bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris. Bäsleşigimizde ýeňiji bolan 15 eseriň awtoryna jemi 10 500 Türk lirasy möçberinde baýraklar garaşýar.
Bäsleşik 15-nji Iýul 2020 senesinde jemlener. Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.
Siz degişli linke girmek bilen, şol eserleri saýtymyzdan okap bilersiňiz, şeýle hem resmi Facebook we Instagram sahypalaryndaky halan eseriňize “haladym” belligini goýup bilersiňiz. Öň yglan edilişi ýaly, ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 50 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Facebook sahypasyndaky “halanan” sany 25 göterim, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky “halanan” sany 25 göterim täsir edýär.
Bäsleşige hödürlenen Eserler
- Mahri Annayeva, Kastamonu Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumanın faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Kerim Annaýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Aydana Abdusalamova, İstanbul Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Facebook linki, Instagram linki
- Dilnäz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Kerwen Rozyýew, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Dünyadaki en büyük satıcı, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Amanbibi Sarıyeva, Ankara Hacı Bayram Veli Üniversitesi öğrencisi, Kitap Okumanın Faydaları, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Maysa Annamyradova, Kırşehir Ahi Evran Üniversitesi öğrencisi, Kitap hayatın vazgeçilmez parçası, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki
- Jahan Gulamalyýewa, Bahçeşehir Üniversitesi öğrencisi, Kitap ve Sağlık, Makalenin Facebook Linki, Makalenin İnstagram Linki
- Geldimyrat Ataýew, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy…, Makalanyň Facebook link, Makalanyň Instagram linki
- Gurbangeldi Magtymow, Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetiň talyby, Kitap okamak – gymmatly hazyna, Makalanyň Facebook link, Makalanyň Instagram linki
- Gülnaz Kadyrowa, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, Kitap – ummansyz hazyna, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby, Kitaplar – uly miras, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Şamyrat Şamyradow, Dumlupynar uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşymyzyň bezegi, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Rejepnazar Ýediýew, Marmara uniwersitetiniň talyby, Kitap – ýaşaýşyň gözbaşy, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Zeýnep Geldimyradowa, Seljuk uniwersitetiniň talyby, Kitap adamyň durmuşyny bezeýän serişde, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Erkin Apbayev, Kırklareli Üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak neden önemli?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Magtym Jorayev, Ondokuz Mayıs Üniversitesi öğrencisi, Okumak gelişimin anahtarıdır, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Gunça Jorayewa, Kafkas uniwersitetiniň talyby, “Kitap – Jemşidiň jamy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň Instagram linki
- Döwlet Mälikgulyýew, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby, “Bir Kitap” atly adamyň hekaýasy”, Makalanyň Facebook linki , Makalanyň Instagram linki
- Gunça Açılova, Kırşehir Ahı Evran üniversitesi öğrencisi, Kitaplar olmasaydı ne olurdu?, Makalenin Facebook linki, Makalenin Instagram linki,
- Jemile Galpakowa, 19-njy Maý uniwersitetiniň talyby, Kitap okamagyň peýdalary, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Dövletgeldi Myradov, Erciyes Üniversitesinin öğrencisi, Kitap Okumanın Önemini Ezberi Bozan Anlatım, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Gülşat Davıdova, Karamanoğlu Mehmetbey Üniversitesi Öğrencisi, Kitap bizim dostumuzdur, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Gülşirin Davıdova, Celal Bayar Üniversitesi Yüksek Lisans öğrencisi, Çok Okumak Değil, Doğru Okumak Önemidir, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Mahym Rahadova, Ondokuz Mayıs üniversitesi öğrencisi, Kitap okumak zaman yolculuğu yapmaktır, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
- Nuray Garabayeva, Ankara Üniversitesi öğrencisi, Kitap içerisinde yeni dünyalar taşır, Makalanyň Facebook linki, Makalanyň Instagram linki
Onlaýn şertlerde döredijilik bäsleşigi
Dünýäde ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli dünýäniň ençeme ýurdunda özboluşly goranyş çäreleri alnyp barylýar. Şu döwürde doganlyk Türkiýe Respublikasynda hem bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin degişli işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlar yza süýşürildi. Mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň bu döwürde öýlerinde geçirmek maslahat berilýär.
“ Ýazmak üçin okamak gerek, okamak üçin Ata Watan Eserleri bäsleşigine gatnaşmak gerek”
Türkiýe Respublikasynda bilim alýan köp sanly türkmen talyplarynyň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagy hem-de döredijilik işi bilen meşgullanmagyna goşant goşmak üçin Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti şeýle döredijilik bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirdi. Türkmenistanly talyplaryň öýlerinde bolan döwründe dürli çeşmelerden peýdalanyp, bu bäsleşige iň gowy eserlerini hödürlejekdigine pugta ynanýarys.
Bäsleşigiň mowzugy “Kitap okamagyň peýdalary” bolup, bu mowzugyň saýlap almakdaky esasy maksat hem eseriň awtoryny hem-de eseri okaýan köp sanly okyjylarymyzda kitap okamagy höweslendirmek bolup durýar.
Ýeňijilere Pul Baýraklary Garaşýar: Jemi 10.500 Türk Lirasy
Bäsleşigiň şertlerine görä, birinji bolan eseriň awtoryna 2000 Türk lirasy möçberinde pul baýragy garaşýar. Pul baýraklary ýeňijiniň öz adyna açylan bank hasabyna Türk lirasy görnüşinde geçiriler.
Pul Baýraklary
1-nji orun: 2000 Türk Lirasy
2-nji orun : 1500 Türk Lirasy
3-nji orun : 1000 Türk lirasy
4-nji orun :500 Türk Lirasy
5-nji orun :500 Türk Lirasy
6-njy orun :500 Türk Lirasy
7-nji orun :500 Türk Lirasy
8-nji orun :500 Türk Lirasy
9-njy orun :500 Türk Lirasy
10-njy orun :500 Türk Lirasy
11-nji orun : 500 Türk Lirasy
12-nji orun : 500 Türk Lirasy
13-nji orun : 500 Türk Lirasy
14-nji orun : 500 Türk Lirasy
15-nji orun : 500 Türk Lirasy
Eserler Türkmen ýa-da Türk dilinde hödürlenip bilner
Bäsleşigiň şertleri:
- Bäsleşige diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler. Talyplar özüniň talyplygyny görkezýän resminamany eseri bilen bilelikde ibermelidir.
- Her bir talyp döredijilik bäsleşigine diňe bir eser hödürläp biler.
- Bäsleşige hödürlenjek eser “Kitap okamagyň peýdalary” ulgamynda ýazylan bolmaly we eseriň möçberi 1000-2000 söz arasynda bolmaly. Goşgy kabul edilmeýär.
- Bäsleşige hödürlenjek eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde hödürlenip bilner. Eser Türkmen dilinde ýa-da Türk dilinde ýazylandygyna garamazdan saýtymyzyň Türkmen, Türk we Iňlis dili sahypalarynda ýerleşdiriler we “saýtdan okalan sany” hasaplananda şol 3 dildäki “okalan sanynyň” jemi hasaba alnar. Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese onda, “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.
- Eserleri 2020-nji ýylyň 3-nji Aprelinden başlap, atawataneserleri@gmail.com salgysyna ugradyp bilersiňiz. Eserleri 2020-nji ýylyň 15-nji iýunyna çenli kabul edýäris.
- Hödürlenen Eserler 2020-nji ýylyň 15-nji Aprelinden – 2020-nji ýylyň 15-nj iýunyna çenli “atavatan-turkmenistan.com” saýtyna ýerleşdiriler.
- Bäsleşik 15-nji Iýul 2020 senesinde jemlener.
- Bäsleşige hödürlenen eser döredijilik toparymyz tarapyndan seljeriler we eger eser bäsleşigiň şertlerine laýyk gelen ýagdaýynda atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdiriler.
Ýeňijileri Kesgitlemegiň Şertleri
Ýeňiji kesgitlenende şol eseriň atavatan-turkmenistan.com saýtynda “okalan sany” 50 %, @atavatanturkmenistan INSTAGRAM sahypasynda “halanan” sany % 25 we “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal sahypasyndaky “halanan” sany 25% täsir eder.
Saýtdan “okalan sany”
Saýtdan okalan sanynyň ortaçasy hasaplananda 50.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 500 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär. Eger haýsy-da bolsa bir eseriň okalan sany 50.000 gezekden geçen bolsa onda, 1:500 möçberi täzeden kesgitlener. Mysal üçin saýtymyzda bir eser 32000 gezek okalan bolsa, 32.000/500=64 bal alar.
Instragram hasabyndan “ halanan sany”
Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Instagramda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60 bal alar.
Facebook hasabyndan “halanan sany”
Facebook hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Eger haýsyda bolsa bir eseriň Facebook hasabynda “halanan sany” 1000 gezekden geçen bolsa 1:10 möçberi täzeden kesgitlenilýär. Mysal üçin Facebook hasabymyzda bir eser 400 gezek halanan bolsa, 400/10=40 bal alar.
Mysallara ýüzleneliň:
A belgili eser saýtymyzdan 55 bal alan bolsa (ýagny 27500 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 35 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 350 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(55*50/100)+(45*25/100)+(35*25/100)= 27.5+11.25+8.75=47.5 bal
B belgili eser saýtymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny 22.500 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 47 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 470 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(45*50/100)+(53*25/100)+(47*25/100)= 22.5+13.25+11.75=46.5 bal
C belgili eser saýtymyzdan 48 bal alan bolsa (ýagny 24.000 gezek okalan bolsa), Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan” bolsa) we Facebook hasabymyzdan 80 bal alan bolsa (ýagny Facebook hasabymyzda 800 gezek “halanan” bolsa, onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(48*50/100)+(67*25/100)+(80*25/100)= 24.00+16.75+20.00=60.75 bal
Bu ýagdaýda, C belgili eser 60.75 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 47,5 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 46.5 bal bilen 3-nji orny eýeleýär.
Türkmenistanly sungat işgäri Çynara ýeňijilere öz kitabyny sowgat berýär
Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynaradan “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigine goldaw sözi geldi. Ýakynda 25 müň tiraž bilen “Bir umyt ýeterlik” atly özüniň ilkinji kitabyny neşir eden Çynara, döredijilik bäsleşiginde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtoryna özüniň täze çykan “Bir umyt ýeterlik” atly kitabyny gol çekip poçtanyň üsti bilen iberjekdigini mälim etti. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara ýakynda “Zarar Ettik”ady bilen täze aýdymyny muşdaklaryna sowgat edipdi.