GENEL

Baýraklar Size Garaşýar: Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi 2020-nji ýylyň 30-njy Martynda sagat 15:00-da ýagdaýyndaky okalan sanyna görä jemlenýär.

Bäsleşigiň şertlerine görä, ýeňijini kesgitlemekde emin agzalarynyň beren baly 50 göterim täsir edýän bolsa, şol eseriň saýtymyzdan “okalan sany” hem 50 göterim täsir eder. Her bir eser saýtymyzyň Türkmen, Iňlis we Türk sahypalarynda Türkmen dilinde ýerleşdirilendigi üçin, “okalan sany” jemlenende 3 dildäki sahypamyzdaky “okalan sanynyň jemi hasaba alynýandygyny ýatlatýarys. “Ýasama okama sanynyň artdyrmak” synanşygynyň öňüni almak maksady bilen, eger haýsy-da bolsa, bir eseriň okalan sany “Google Analytic” maglumatlary bilen deň gelmedik ýagdaýynda ýörite programmalaryň üsti bilen “ýasama okama sanynyň” aradan aýryljakdygyny öň yglan edipdik.

Baş Baýrak “Notebook HP ProBook 450” 

Bäsleşigiň baş baýragy  hökmünde Notebook HP Probook 450 G6 Core i58265 U 8GB 1 TB 15.6 DOS NVidia Ge Force  MX 130 2 GB FPR Silver” kompýuteri we onuň HP sumkasy berler. Ikinji orna  “RedMi 7A” telefony, üçünji orna “Samsung” mikrotolkunly peç, 4-10-njy orunlara bolsa “Preo Pwatch X Pro” akylly sagat garaşýar. Döredijilik bäsleşigi “Aý Sözen Management Consulting” we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Hormat haty we “E-kitap” teklibi

Şeýle hem ilkinji 25-lige giren ähli eserleriň awtorlaryna hormat haty we höweslendiriji baýraklar berler. Bellemeli zat bäsleşik jemlenenden soňra 25 eseriň awtoryna “E-kitap” taýýarlamak ulgamynda goşmaça «galam hakyny» hem öz içine alýan ýörite teklip garaşýar.

Hormatly Okyjylarymyz! Siz iň halan eseriňizi “Facebook”, “Instragram”, “Twitter”, “IMO” ýa-da “Linkedin” ýaly jemgyýetçilik torlarynda paýlaşyp bilersiňiz we iň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagynda öz goşandyňyzy goşup bilersiňiz!

  1. Agageldi ITALMAZOW – 6-DA OÝANMAGA 6 SEBÄP –
  2. Gylyçmyrat DÖWLETOW – ÝAŞA AK GÜNLERIŇ GÖWNI GALMASYN
  3. Ogulnur PIRJIKOWA – ÜSTÜNLIGE ÝETMEK ÜÇIN 10 BASGANÇAK
  4. Jahantäç ÖWEZOWA – OLAR NÄDIP ÜSTÜNLIGE ÝETDILER
  5. Abdyrahym BEGJANOW – ÜSTÜNLIGIŇ SYRY
  6. Gülşirin HANOWA – UGURDAŞ ŞEMAL
  7. Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW – 38 BELGILI AÝAKGAP
  8. Eziz TATAROW – ÜSTÜNLIK-BU ÖZÜŇE YNANMAKDYR
  9. Amandursun ANNANAZAROWA – ÜSTÜNLIGE ÝETMEK BIZIŇ ÖZ ELIMIZDE
  10. Gözel UMAROWA – ÜSTÜNLIGIŇ SYRY NÄMEDE 
  11. Nurmuhammet HAŞYROW – NÄME ÜÇIN MEŞHUR BOLMAGY ISLEÝÄRSIŇIZ?
  12. Sünnet AÝYDOW – ÜSTÜNLIGE TARAP 101 DURMUŞ PELSEPELERI –
  13. Kemal SABYROW – SAZLAŞYK – ÜSTÜNLIGIŇ GANATY
  14. Maýa ESENMYRADOWA – ÜSTÜNLIGE TARAP BIRINJI ÄDIM 
  15. Merdan BAÝAT – ASYRA ÝAŇ SALAN “HEPDÄNIŇ OWAZY” 
  16. Sonagül ŞAMYRADOWA – ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ ÝOLLARY 
  17. Kakajan ÇARYÝAROW – SÄHERIŇ KALBYNDA PÄKLIK BAR 
  18. Aýşirin ALYÝEWA – YHLAS BILEN AGLASAŇ, SOKUR GÖZDEN ÝAŞ AKAR
  19. Döwletgeldi ÝAGMYROW – ILKINJI ÜSTÜNLIK
  20. Aşyr SAPAR – UZAK ÝAŞAMAGYŇ SYRY
  21. Aşyr GURBANGELDIÝEW – HAKYKY ÜSTÜNLIK
  22. Mähirli BEDIÝEWA – ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ ÝOLLARY 
  23. Jemal ÇARYÝEWA – ÜSTÜNLIGIŇ ÖZBOLUŞLY TARAPY 
  24. Nurgeldi ILGELDIÝEW – ÜSTÜNLIGE TARAP ÝOL (oýlanma)
  25. Maksat REÝIMOW – ÜSTÜNLIGE ÝETMEKDEN OZALKY BIR ÄDIM
  26. Dawut ASGAROW – ÜSTÜNLIK HEMIŞE-DE ÝANYMYZDA
  27. Kerimguly GELDIÝEW – ÜSTÜNLIKLER-KÄMILLIGIŇ BASGANÇAKLARY
  28. Döwlet BAZAROW – ÜSTÜNLIGIŇ ÝOLLARY
  29. Miwe NABATOWA – ÜSTÜNLIGIŇ SYRY NÄMEDE?
  30. Çary HANJAÝEW – ZEHIN YHLASA DUŞANDA
  31. Hajynur SÄHEDOW – ÜSTÜNLIK
  32. Durjan ÝERNAZAROWA – ÝETILEN ARZUW
  33. Yhlas SEÝTIÝEW – ÜSTÜNLIK FAKTORLARY
  34. Döwletgeldi ILGELDIÝEW – ÜSTÜNLIGE ÝETMEK ÜÇIN
  35. Aknur ROZYÝEWA – ÜSTÜNLIK YNAMDAN BAŞLANÝAR
  36. Aýgül GARAÝEWA – ÜSTÜNLIK MÜNBERINDE SÖZI ZENANA BERIŇ!
  37. Baky AMANÝAZOW – DÜNÝÄNIŇ IŇ GOWY BILIM OJAGYNYŇ TÜRKMEN UÇURYMY
  38. Myrat HOJATOW – AÝGYTLY ÄDIM 
  39. Oguljennet PAŞYKOWA – ÜSTÜNLIKLER WE ŞOWSUZLYKLAR
  40. Şirin ŞIRLIÝEWA – IŞIM ŞOWUNA BOLSUN DIÝSEŇIZ
  41. Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW – DURMUŞ ULY KITAP,ÖWRENIP ÝAŞA
  42. Toýly MUHAMMETDURDYÝEW – ÜSTÜNLIK SYRLARYNY ÖZIŇIZDEN GÖZLÄŇ 
  43. Aýbölek ABDYRASULOWA – KÄMILLIKDEN ÜSTÜNLIGE –
  44. Bagtygül ERNAZAROWA – ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY
  45. Mähriban GELENOWA – ÜSTÜNLIK GAZANMAK ÜÇIN RUHLANMAK GEREK
  46. Garaja HAJYBERDIÝEW – ÜSTÜNLIK-DURMUŞUŇ DATLY MIWESI
  47. Gurbanmuhammet HALLOWOW – KÄMILLIK ÜSTÜNLIGIŇ AÇARYDYR
  48. Gyzylgül MOMMYÝEWA – 90 MINUT
  49. Jebran HUDAÝBERDIÝEW – ÜSTÜNLIKLER DÜNÝÄSI
  50. Jelilberdi NURBERDIÝEW – DURMUŞDA RUHLANDYRAN ÜSTÜNLIGE GIDEN ÝOLLAR 
  51. Nargiza MELSOWA – ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY
  52. Gülälek SEÝITLIÝEW – SYNPYŇ ŞAZADASY
  53. Baýgeldi ÇARYÝEW – MAKSATLAR BIRIGIP MYRADYŇA GOWUŞÝAR
  54. Gunça GURBANMÄMMEDOWA – BEÝIK IŞE HYJUW BARKA ÝÜREKDE 
  55. Gunça ÝARAŞOWA – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOLLARDA 
  56. Maýa ALLABERDIÝEWA – ÖMRÜŇ MANYSY
  57. Nowbahar SARYÝEWA – SABYR EDIŇ GARDAŞLAR BOLÝAN IŞE SEREDIŇ 
  58. Ýusup ORAZBERDIÝEW – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
  59. Rahymberdi ÇARYÝEW – ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY –SABYRLYLYK
  60. Altyngözel AMANMÄMMEDOWA – BULAR AŇSAT AHYRY
  61. Baky NURMUHAMMEDOW – ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ KANUNÇYLYK ESASLARY
  62. Begnazar ATANYÝAZOW – ERK-ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY 
  63. Maksat HUDAÝBERDIÝEW – PUKARALYGYŇ NÄMEDIGINI GARYPLARDANAM GOWY
  64. Meýlis ÖDÄÝEW – ÜSTÜNLIGE ÝETMEGIŇ ÝOLLARY
  65. Döwran ABDYRASULOW – SANLY ULGAMDA ÜSTÜNLIK GAZAN
  66. Kerwen ÝOWYÝEW – HÖWES! ZÄHMET! ÜSTÜNLIK!
  67. Nurgylyç NURMÄMMEDOW – NURMA
  68. Sylap DURDYÝEW – ÄHLI ZAT ÖZÜŇIZE BAGLY 
  69. Altynaý DÖWRANOWA – ISLEMEK ÝETERLIK DAL HEREKET EDIŇ
  70. Döwran GULLYÝEW – ÜSTÜNLIK HEREKETI TALAP EDÝÄR
  71. Dursun TEKÄÝEWA – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOLLAR
  72. Şaperi OTUZOWA – ÜSTÜNLIK-BU BIZIŇ DURMUŞ BAÝDAGYMYZ
  73. Ýunus ALLANAZAROW – ÜSTÜNLIGIŇ FORMULASY
  74. Handurdy HANDURDYÝEW – DOGRY TERBIÝE ÜSTÜNLIGE ITERGI
  75. Aýgül ANNABERDIÝEWA – ÜSTÜNLIGIŇ GIZLIN TARAPLARY 
  76. Kerwen JUMAGELDIÝEW – “KYNÇYLYK ÝOK, EJIZLIK BAR DÜNÝÄDE” 
  77. Ýolaman GURBANOW – AK POSALAGYŇ ÜSTÜNLIGI 
  78. Gülnara DURDYÝEWA – ÜSTÜNLIGE TARAP ÝOL 
  79. Tirkiş MÄLIKGULYÝEW – ŞOWLY ÄDIM 
  80. Aýnur REJOPOWA – MAKSAT RUHUBELENTLIK YNAM
  81. Aýlar GELDIMYRADOWA – OBADAŞYMYŇ ÜSTÜNLIGI 
  82. Arslan ANNANYÝAZOW – GARYNJA MEŇZEMEK
  83. Azat HIMMETOW – SAGDYN ÝAŞAÝŞYMYZYŇ GÖZBAŞY
  84. Diýar YHTYÝAROW – SABR, YNAM MAKSADA OKGYNLYLYK
  85. Parahat ATAÝEW – YNAM,GÖREŞ, SOŇ ÜSTÜNLIK
  86. Şerip ATAJANOW – DURMUŞDA ÜSTÜNLIGIŇ SYRY NÄMEDE?
  87. Seýitmämmet BERDIMÄMMEDOW – ÜSTÜNLIGIŇ ÝAKYN ÝOLLARY
  88. Süleýman AÝMÄMMEDOW – DÜNÝÄNIŇ IŇ ULY ÜSTÜNLIGINE
  89. Toýly JÄNÄDOW – BITARAPLYGYŇ HEZZETI-ÜSTÜNLIGIŇ LEZZET
  90. Abdyrahman ORAZMÄMMEDOW – NESIBÄŇDE BOLSA ÜSTÜNLIK SENIŇ
  91. Gyzylgül GARAÝEWA – ÜSTÜNLIK MAŞGALADAN BAŞLANÝAR
  92. Arslan SAPARGELDIÝEW – ÜSTÜNLİK GAZANMAGYÑ ÝOLLARY
  93. Rahman KAKABAÝEW – ÜSTÜNLIGE TARAP YKJAM ÄDIMLER
  94. Aýjemal GAÝLYÝEWA – ÜSTÜNLIGE ÝETMEK ÖZÜMIZE BAGLYMY ÝA…
  95. Oguljennet ÇARYÝEWA – BIRAZ UMYT, BIRAZ YHLAS, AZAJYGAM UGURTAPYJYLYK..
  96. Göwher Taýjanowa-ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ ÝOLLARY 
  97. Gültäç BEGINÝAZOWA – ÜSTÜNLIGE ELTJEK ILKINJI ÄDIMLER
  98. Güljemal MÄMMETOWA – ÜSTÜNLIGE MENIŇ GARAÝŞYM
  99. Osmangeldi ATANOW – ÜSTÜNLIGE ÝETMEK ÜÇIN
  100. Ogulmaral SAPARGELDIÝEWA – KÄMIL YNSAN SYPATY
  101. Mahym AMANOWA – ÜSTÜNLIGIŇ ÄDIMLERI
  102. Gülälek ÝÜZBAŞYÝEWA – ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ IKI ŞERTI
  103. Gülnabat BEGENJOWA – AÝAGYŇ ÝOK BOLSA ÝÖREMEK ÜÇIN
  104. Näzik ISMAILOWA – ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ ÝOLLARY
  105. Söýün ÖDEŞOW – ÜSTÜNLIGIŇ SYRY
  106. Täçjemal PIRLIÝEWA – ÜSTÜNLIKLERDÄKI SYRLY ÝOLLAR
  107. Dädebaý NAZKULYÝEW – ÜSTÜNLIGE ÝETMEGIŇ ÝOLLARY
  108. Bagtyýar AHMEDOW – NÄDIP ÜSTÜNLIK GAZANMALY

 

Ýene-de okaň

Türk Devletleri Taşımacılık Dernekleri Birliği OTS-URTA kuruldu

Yapay Zeka: Mahtumkulu Firaki Harvard, Oxford, Cambridge düzeyinde eğitim almış

Türkmenistan’da “Made in Özbekistan” fuarı düzenlendi

Türkmenistan’da yeni Türkçe-Türkmence sözlük yayınlandı

EBRD, Türkmenistan’daki 87 projeye 333 milyon avrodan fazla yatırım yaptı

Türkmenistan ile Çin enerji sektöründe mutabakat anlaşması imzaladı