DÜNYA

92-nji “Oskar” baýragy gowşuryldy: “Parazitler” öňe saýlandy

Kino dünýäsiniň iň abraýly baýragy hasaplanýan «Oskar» baýragynyň 2020-nji ýyldaky eýeleri mälim edildi. Her ýylyň fewral aýynda geçirilýän bu baýrak gowşurylyş dabarasy ýene-de Golliwuddaky belli “Dolby” teatrynda guraldy.

92-nji gezek geçirilen “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy kino muşdaklarynyň uly gyzyklamasyna eýe boldy. Günorta Koreýanyň “Parazitler” filmi 6 ugur boýunça baýraga mynasyp bolup, uly meşhurlyk gazandy. Şeýle hem bu film “Oskar” baýragynyň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtly film hökmünde baýraga mynasyp boldy.

Bu abraýly baýraga eýe bolanlaryň sanawy şeýle:

“Iň gowy film” – “Parazitler” (Günorta Koreýa).

“Iň gowy režissýor” – Pon Çžun Ho (“Parazitler” filmi).

“Iň gowy daşary ýurt filmi” – “Parazitler”.

“Iň gowy aktýor” – Hoakin Feniks “Joker” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy ikinji plandaky aktýor” – Bred Pitt “Bir döwürler Golliwudda” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy aktrisa” – Rene Zellweger “Judi” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy ikinji plandaky aktrisa” – Lora Dern “Nika taryhy” filmindäki keşbi üçin.

“Iň gowy kino sazy” – Hildur Gudnadouttir “Joker” filmi.

“Iň gowy kino aýdymy” – (I’m Gonna) Love Me Again – “Roketmen” filmi (sazy: Elton Jon, sözleri: Berni Topin).

“Daşary ýurt dilindäki iň gowy film” – “Parazitler”.

“Iň gowy uýgunlaşan ssenariýa” – “Jojo atly towşan”.

“Iň gowy hakyky ssenariýa” – Pon Çžun Ho we Han Jin Won (“Parazitler” filmi).

“Iň gowy animasiýa filmi” – “Oýunjaklaryň taryhy-4”.

“Iň gowy operator” – Rojer Dikens (“1917” filmi).

“Iň gowy montaž” – Endrýu Baklend we Maýkl Makkaser (“Ford Ferrarä garşy” filmi).

“Iň gowy gysga metražly oýun filmi” – “Garşysyndaky äpişgä” (režissýor Marşall Karri).

“Iň gowy dokumental film” – “Amerikan fabrigi” (režissýor Stiwen Bognar we Juliýa Raýhert).

“Iň gowy gysga göwrümli dokumental film” – “Uruş hereketleri sebitinde skeýtbord bilen typmagy öwrenmek” filmi.

“Iň gowy gysga göwrümli animasion film” – “Galpakly söýgi” filmi.

Ýene-de okaň

ALSA Tarafından Başarıyla Düzenlenen Etkinlik: LL.M. Kariyerleri ve J.D. Geçiş Paneli Büyük İlgi Gördü

Ata Watan Eserleri

Kaliforniya Üniversitesi’nde Türkmen şarkısı “Sana Geldim” yankılandı.

Ata Watan Eserleri

San Francisco’da İlk Kez Düzenlenen Türk Festivali’nde Türkmenistan Tanıtılacak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’da 2 Milyar Dolarlık Yüksek Hızlı Karayolu İnşaatı Başlıyor

Türki Devletleri Teşkilatı Enerji Bakanları Toplantısı Bişkek’te Gerçekleştirildi

Serhetabat-Herat Gaz Boru Hattı 2 Yıl İçinde Tamamlanacak