GENEL

8 Mart Gutlagy :Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenip, merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralaryna badalga berlip, bu nurana bahar baýramyna gabatlap aýdym-sazly dabaralar, döredijilik bäsleşikleri, sergidir ylmy maslahatlar, wagyz ediş-bilim beriş çäreleri, şowhunly sport ýaryşlary geçirilýär.

Mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, eziz Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda tutumly işleri amala aşyrýarlar.

Hormatly zenanlar!

Biziň halkymyzyň kämilligiň gözbaşyna, nepisligiň hem-de gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen örän baý mirasy bar. Döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan, halklary doganlaşdyrýan bu mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde hem zenanlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Gelin-gyzlarymyzyň döreden, gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan halydyr keşdeleri, çuň mazmunly hüwdüdir monjugatdylary, döwrümiziň belent mukamy bolup ýaňlanýan küştdepdileri milli baýlygymyzdyr. Bu eserler şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň kemala gelmegine ýardam berýär. Gahrymançylygyň hem-de edermenligiň, ýokary ahlaklylygyň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyna öwrülip, ene söýgüsi, mähri we ak patasy bilen ýaş nesillerimiziň gursagyna guýulýar.

Mynasyp nesil terbiýesi bolsa biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem biz merdana pederlerimiziň: «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen ýaly pähimlerinden ugur alyp, giň dünýägaraýyşly watançy, ahlak taýdan arassa, zähmetsöýer nesilleri terbiýelemekde mähriban enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Zähmetde hem-de durmuşda uly üstünlikleri gazanýan şeýle zenanlarymyza guwanýarys.

Beýik özgertmelerimizi, iri möçberli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly goşantlaryny nazara alyp, gelin-gyzlarymyzy «Zenan kalby» ordeni we beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglaýarys, mähriban enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly ady dakýarys. Tutuş halkymyzyň, aýratyn hem eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu çäreler agzybirligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, maşgalany, çagalygy we eneligi goldamak babatda hem ýurdumyz uly sepgitlere — guwançly menzillere ýetdi. Biz bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýäris. Berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine, Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Garaşsyz Watanymyzyň bu ugurda dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny pugtalandyrýan taryhy wakalardyr.

Biziň döwletimiz zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin hemişe alada eder.

Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belent bolsun!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojaklaryňyzda abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistan’da sahne aldı

Çin-Kazakistan-Türkmenistan-İran koridorunda taşımacılık hacmi %31 arttı

Türkmenistan Devlet Başkanı BDT Devlet Başkanları gayrı resmi zirvesine katıldı

Türkmenistan Devlet Başkanı İlham Aliyev’e taziye mesajı gönderdi

Yılın Kelimesi: Makul Sözlük ile 1000 Manat Kazanma Şansı!

Aşkabat “Orta Asya + ASEAN” formatının oluşturulmasını öneriyor