GENEL

30 futbol meýdançasy ululygynda teleskop

Hytaý Halk Respublikasynda gurlan we 30 futbol meýdançasynyň meýdanyna deň bolan ululykdaky teleskop işläp başlady. 180 million dollar sarp edilen bu teleskop Hytaýda “asman giňişliginiň gözi” hökmünde atlandyrylýar.

500 metr diametrindäki  ählumumy diagrama radio teleskopy (FAST) işläp başlady. “BBC” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, 180 million dollar sarp edilen teleskopyň gurluşygy 5 ýyl dowam etdi. Sekuntda 38 gigabaýt maglumat almaga mümkinçiligi bolan bu teleskobyň ýuwaş-ýuwaşdan halkara astronomlaryň ulanmagyna berler.

Bu teleskoby asman giňişliginde tebigy wodorod gözläp, pulsaryň gowşak tolkunlaryny alyp, asman giňişliginde ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemäge ýardam eder.

Bilermenler synag hökmünde 101 gowşak pulsar tolkunyny kabul eden bu teleskobyň öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda has uly ylmy açyşlara mümkinçilik döretjekdiklerini belleýärler.

Hytaýyň hökümeti 2020-nji ýyla çenli asman giňişliginde hemişelik kosmos bekedeni gurmagy göz öňünde tutýar. Hytaý bu maksadyna ýeten halatynda ol ABŞ-dan we Russiýadan soňra kosmos bekedi bolan üçünji ýurt bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Havayolları, Abu Dabi Sefer Sayısını Artırıyor

Türkmenistan Rusya Devlet Başkanı’nın rezidansına yönelik saldırıyı kınadı

Semicenk: Türkmen sahnesinde sahne almak çok keyifli

Çin, Türkmenistan Vatandaşları İçin İndirimli Vize Ücretlerini Uzattı

İlaç sektörü: Türkmenistan, Türkiye ve Özbekistan ile iş birliğini genişletiyor

Türkmenistan’ın Galkynyş Sahasında Yeni Dönem: CNPC 4. Aşamaya Başlıyor