GENEL

26 kilometri 13 sagatda ýüzüp geçdi

9 ýaşly hytaýly gyz ÇŽou Ihan Hytaýyň Haýnan adasy bilen Guandun welaýatyny aýyrýan SýunçŽou bogazyndan ýüzüp geçdi. Bu aralyk 26,7 kilometre deňdir.

Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, hytaýly gyz bu aralygy ýüzmek üçin 13 sagat sarp etdi. Oňa bu ýüzüş ýeňil düşmedi. Kä ýerde onuň endamyny ownuk deňiz jandarlary çakan bolsa, käte bolsa güýçli akym bilen göreşmeli boldy.

― Deňiz jandarlary jemi 20 gezek dagy çakandyr. Entek hem tälimçim bilen kakam biraz öňde gämide ýüzüp, şol jandarlaryň sanynyň azalmagyny üpjün etdiler ― diýip, Ihan bu pursat barada gürrüň berýär.

Ihan bogazdan ýüzüp geçende ýeke däldi. Onuň ýanynda ýene-de 9 adam bardy. Ýöne bu «10-lugyň» diňe üçüsi pellehana barmagy başardy. Şolaryň biri hem 9 ýaşly Ihandyr.

Ýüzüşiň dowamynda kakasy ony birnäçe ýola saklamak we ýüzüşi bes etdirmek isledi. Ýöne gyzyň özi muňa rugsat bermedi. Çünki ol kakasynyň başarnygyny gaýtalamk isleýärdi. Kakasy bu bogazdan 2008-nji ýylda 8 sagadyň dowamynda ýüzüp geçen eken.

 

Ýene-de okaň

Aşkabat’ta ilk kez düzenlenecek Uluslararası Moda gösterisi Fashion TV’de yayınlanacak

“Bäherden” Seramik Ürünler Fabrikası Açıldı

AB Komiseri Jozef Sikela: Türkmenistan ile ortaklık güçlendiriliyor

Aşkabat’ta, Türkmenistan’da Uluslararası İngiliz Üniversitesi’nin kurulması görüşüldü

Arkadag AFC Challenge Ligi yarı finalinde Al Arabi ile karşılaşacak

Türkmenistan Cumhurbaşkanı, AB’nin Uluslararası İşbirliği Komiseri ile görüştü