GENEL

2030-njy ýylda diňe elektromobil bolar

Ýewropada 2050-nji ýylda benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglary gadagan etmek babatdaky meýilnama Irlandiýa tarapyndan has irräk amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Irlandiýa 2030-njy ýylda diňe elektrik togy bilen işleýän ulaglary ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň daşky gurşawy goramak ministri Riçard Bruton habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurduň 85 göterim gazylyp alynýan ýangyja garaşly bolup durandygy we bu ýagdaýy üýtgetmek zerurlygy ýüze çykandygy mälim edildi. Ýurduň hökümetiniň maksatnamasyna laýyklykda, ýene-de 10 ýyldan Irlandiýada 950 müň elektrik togy bilen işleýän ulag bolmalydyr.

Irlandiýanyň býujetinde bu ugurda degişli infrastrukturany döretmek üçin çykdajylar göz öňünde tutuldy. Şonuň çäklerinde zarýad berýän beketler gurlar. 2025-nji ýyla çenli söwda guramalary özüniň binasynda zarýad berýän 10 duralga nokadyny gurnar. Öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda köne ulaglara çäklendirme giriziler. 2045-nji ýylda döwlet içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglara güwänama bermegi bes eder.

Öňümizdäki 10 ýyllykda Daniýa, Fransiýa we Ispaniýa ýaly ýurtlar hem benzin bilen işleýän ulaglary gadagan etmegi göz öňünde tutýar.

“Mitsubishi”, “Honda”, “Daimler”, “Nissan” we “Toyota” ýaly awtoulag öndüriji kompaniýalar dizel ýangyjy bilen işleýän ulag önümçilikden ýüz öwürdi.

 

Ýene-de okaň

Belarus ile Türkmenistan havacılık ile ulaştırma-lojistik işbirliğinin geliştirilmesini görüştü

Gurbanguli Berdimuhamedov Yardım Vakfı heyeti Belarus’u ziyaret edecek

Türkmenistan İletişim Bakanlığı ile Japon Muroosystems Corporation veri merkezi ağı kuracak

Türkmenistan ile BM yeni belgeler imzaladı

Türkmenistan ile Türkiye arasındaki işbirliği görüşüldü

Yusuf Azmun: Yeni el kitabı İngilizce ve Türkmence için değerli bir rehberdir