Türkmen Bılımınıň Gadym Bınýady – “Gut Hakda Bılım”

 Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar türkmen halkynyň ylym-bilim ulgamyndaky özgerişlerine gözli şaýatlyk edýärler. Beýik türkmen halkynyň ylym-bilim baradaky düşünjesiniň gaty aňyrdan gelýändigine we bütin dünýä boýunça nusga alarlykdygyna şaýatlyk edýän bu eser hakynda okyjylarymyza gysgaça maglumat bermeklik göz öňünde tutuldy.

Adamzat neslini bu dünýäde-de, o dünýäde-de bagta ýetirýän bilim, eşret eçilýän eser, pähim-paýhas paýlaýan petek ýaly manylary özeninde birleşdirýän “Kutadgu Bilig” sözi gadym türkmen sözüdir. “Kut” – bu gün “gut” görnüşine geçen bolsa, “adgu” sözüniň aslynda “etmek” (edgu) işligi ýatýandyr, bu ýerdäki “gu” ortak işliginiň goşulmasynyň gadym şekilçesidir, bu goşulmany häzirki wagta “-en” goşulmasy bilen berýäris. “Bilig” sözi “bilmek” işliginden ýasalan atdyr. Şonuň üçin “Kutadgu bilig” eseriniň adynyň gadym nusgasy häzirki zaman türkmen dilinde “Gut hakda bilim” diýlip atlandyrylsa, jüpüne düşer.

Türkmen dili üçinem, türkmenleriň edebiýaty, taryhy, medeniýeti, ylymdyr bilimi üçinem “Kutadgu bilig” (Gut hakda bilim) (1069–1070) hem-de “Diwanü Lügati’t-Türk” (Türki dilleriň diwany) (1074) iň esasy we iň möhüm gadym çeşmelerdir.

Ýusup Has Hajyp XI asyrda Balasagunda doglupdyr, onuň durmuş ýoluna, döredijiligine degişli anyk maglumatlar ýok. Onuň 462-nji (1069–1070-nji) ýylda Garahanly döwletiniň hökümdaryna (Tabgaç Gara Bugra hana) bagyşlan “Gut hakda petek” (Kutadgu Bilig) atly eserinde özi bilen baglanyşykly käbir setirlere duş gelmek bolýar.

Ikileme formasynda ýazylan 6645 beýitden, jemi 13 müň 290 setirden ybarat bolan Bilimnama eseri aslynda öz döwrüniň, has anygy XI asyryň iň uly dessanyny ýatladýar. Özem özara gepleşik usulynda, başgaça aýdylanda, käbir ýerde hut sorag-jogap esasynda şygyr bilen ýazylandyr. Jemläp aýdylanda, eser şygyr bilen ýazylan ilkinji türkmen ylmy romanydyr. Romanyň ylmylygy eserde esasan düşünjä, pahim-paýhasa agyrlyk berilýändigi bilen düşündirilip bilner. Eser tutuşlygyna öwüt-nesihata ýugrulan maslahatlardan doludyr.   Şol maslahatlaryň hemmeler üçin gapysy açykdyr. Eseriň barmak basyp sanaýmaly gahrymanlary bardyr, olar bary-ýogy dörtdür. Şol gahrymanlaryň käbiri eseriň başyndan soňuna çenli hereket edýär. Bu gahrymanlar biri-birinden hem-de ýaşaýşyň we umumy durmuşyň meselelerinden asla üzňe däldir. “Gut hakda bilimde” durmuşyň ähli taraplary hakynda pikir ýöredilýär. Döwlet, syýasat, ylym-bilim, hünär, alymlar, şahyrlar, ýazyjylar, ýaşlar, ekerançylar, maldarlar, tebiplerdir lukmanlar, wagt möwsümleri, ynançlar we beýleki meseleler hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.

“Gut hakda bilimde” 85 sany uly bölüm bar, mundan başga-da goşmaça görnüşde ýene 3 sany bölüm berlipdir. Onuň her bir bölümi özbaşdak bir beýannama çalymdaş. Mahlasy, şol beýannamalaryň üsti bilen “Gut hakda bilimiň” özenindäki ähli meselelere düşündiriş berilýär.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (1-sany)

vepa

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmenistan Owganystanda raýat ylalaşygyny gazanmak babatdaky tagallalary goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri: howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini ulanmak möhümdir

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan BMG-niň ynamdar hyzmatdaşy hem-de pikirdeşi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antoniu Guterriş telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen ýaşlary XXI halkara Žautykow olimpiadasyna gatnaşýarlar

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

Ronaldo saud topary bilen şertnamasyny uzaldar

Türkmenistan “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistan we Belgiýanyň futbol wekilleriniň onlaýn duşuşygy

Türkmenistan energetika mowzukly halkara seminara gatnaşdy

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady