TESWIRLER

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu işi amala aşyrýan telekeçini  haýsy perspektiwadan seljerýändigiňe baglylykda birnäçe topara bölüp bolar.  Biz bu gysga makalada telekeçini  3 toparda  seljerýäris.

Şonda, birinji topara, haýsyda bolsa bir hukuk düzgüni we biznes etikasyna laýyk hereket etmek ýaly aladasy bolmaýan, diňe pul gazanmagy  bar aladasy edip goýan telekeçi mysal bolup bolar. Ýagny bu topara girýän telekeçiniň bar aladasy pul gazanmak bolup, onuň üçin puluň nädip gazanylandygynynyň  bir gymmaty ýokdyr. Biz bu topar telekeçiler  üçin haýsy-da bolsa bir topar adyny tapmadyk.

Ikinji topardaky telekeçilere biz “adaty telekeçi” diýýäris. Bu topara girýän telekeçiler  öz ýaşaýan ýurdunyň kanunlaryna we biznes etikasyna laýyk hereket edýärler we girdeji gazanýarlar. Salgyt we beýleki kanunçylyk borçlaryny ýerine ýetirýän bu topardaky telekeçiniň ýekeje maksady bar, olam, kanuna laýyk girdeji gazanmak.

Üçünji topara girýän telekeçilere bolsa, “intellektual telekeçi” diýýäris.  Bu topara girýän telekeçiler hem adaty telekeçiler  ýaly, öz ýaşaýan we biznes alyp barýan ýurdunyň kanunlaryna, bisnes etikasyna laýyk hereket edýär. Bu topardaky telekeçiniň hem esas maksady kanuna laýyk girdeji gazanmakdyr. Emma, bu topardaky telekeçiniň adaty telekeçiden tapawudy, ol diňe kanuna laýyk girdeji gazanman, eýsem, gazanan girdejisiniň belli bir bölegini jemgyýetçilik bähbitleri üçin sarp edýär.

Bu topara girýän telekeçiler, özüne, “peýdaly bolýan wagtyň gazanmak” sözüni şygar edinýärler. Ýagny, bu topardaky telekeçiler hem, gazanýarlar, gazanmak isleýärler, emma, şol bir wagtda, “peýdaly “ bolup gazanmak isleýärler. Ýagny, bu “peýdaly bolmak” gönüden göni işiniň bir bölegi bolup biljegi ýaly, işi adaty bir iş görnüşi bolup, şol işden peýda gazanýan wagty jemgyýet üçin peýdaly işe goşant goşup hem biler.

Bu ýerde, “işiň bir bölegi hökmünde peýdaly bolmak” sözi barada gysgaçyk durup geçeýliň! Ähli iş görnüşleriniň müşderi üçin peýdalydygy düşnükli zat. Ýagny  müşderi şol işden peýda görýänligi üçin töleg töleýär. Biziň bu ýerde “işiň bir görnüşi hökmünde peýdaly bolmak” sözini şol bir  bazarda haýsy-da bolsa bir meseläni çözmek perspektiwasyndan ele  alýarys. Mysal üçin, bazarda birnäçe satyjy bilen bilelikde alma satýan bolsak, bu hem peýdaly iş, emma şol almany biz satmasak hem birnäçe satyjy satýar. Ýene bir mysal, eger telekeçi, okyjylara dünýädeki iň soňky çykan kitaplary satyn almaga mümkinçilik berýän online kitap dükanyny döreden bolsa  bu telekeçilik işi  “işiň bir bölegi hökmünde peýdaly bolmak ” sözüne gowy mysal bolup biler. Bellemeli zat, şeýle hyzmaty başga-da az sanly telekeçiler hödürleýän bolup bilerler, emma, täze bir telekeçiniň şol işe girmegi, hyzmatyň hilini ýokarlandyryp, bahasyny amatly ýagdaýa getirýän we goşmaça peýdalar berýän bolsa, bu hem, “işiň bir bölegi hökmünde peýdaly bolmak ” sözüne mysal bolup biler.

Biz intellektual telekeçini 2 aşaky topara aýryp seljerýäris. Şonda, birinji topara, “aktiw intellektual telekeçi”, ikinji topara bolsa, “täsir ediji intellektual telekeçi” adyny berýäris.

Aktiw intellektual telekeçi, peýdaly bolýan wagty gazanýar, emma, şol bir wagtda, öz ýaşaýan jemgyýetine peýdaly bolmak üçin  “sosial peýda” öndürýär.  Ýaşlara nusga bolmak we kömek etmek, ýurdunyň daşary ýurtlarda tanyşdyrylmasy işine goşant goşmak, daşky sredany goramak boýunça çäreler bilen bir hatarda sport we saglyk ulgamynda işlere goşulmak ýaly gysga döwürde pul görnüşinde  girdeji getirmeýän işleri  “sosial peýda” sözüne mysal getirip bileris.  Aktiw intellektual telekeçi özüniň telekeçiniň işini amala aşyrýan wagty, “sosial peýdany” gönüden göni öndürýän bolsa, “täsir ediji intellektual telekeçi” şol işe maliýe we network goşandyny goşýar.

Geliň bilelikde öz-özümize soraýlyň!

Eýsem biz haýsy topara girýäris?

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri