TESWIRLER

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.

Şahyr, ýazyjy, alym Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyrandygy bellidir. Onuň şygyr setirleri bilen bezelen “Söýgi” romany türkmen edebiýatynyň taryhynda uly öwrülişik bolupdy.

Romanda-da türkmenleriň kynçylykly döwründäki mugallymçylyk, mugallym bolmak, mugallymyň ýerini doldurmak düşünjelerine duşmak mümkin.

Romanda beýan edilýän wakalara görä uruş döwri. Her ýerde kynçylyk. Şol sanda, mekdeplerde-de ençeme mugallymlaryň fronta gidenligi sebäpli, olaryň orunlary boşap galypdy.

“Ýetipdi her ýere urşuň täsiri,

Daşyn garanjaklap mekdep müdiri,

Klaslar hakynda edip alada,

Bir gün habar etdi Ogulnabada.”

Elbetde, bu ýerde urşuň täsiri esasynda synyplar hakyndaky alada edýän mekdep müdiri eseriň baş gahrymanlarynyň biri bolan Ogulnabady çagyrýar. Bu çakylygyň maksady synyplaryň mugallymsyz galmazlygydyr.

(Bellik: şol döwrüň pedagogik adalgalary hökmünde “mekdep müdiri”, “klas” ýaly sözler ulanylypdyr).

Netijede, Ogulnabat mekdep müdiriniň ýanyna barýar:

Magaryf wekili bardy baranda,

Üşerdi bir hili ony görende,

Edilen teklibe gaty geň alyp,

Özi-de bilmezden, ýerinden galyp:

“Men mugallym! Ýok! Ýok! Başga bir kişi,

Tapyň oňar ýaly bu hili işi!”

Ogulnabat mekdep müdiriniň ýanynda magaryf wekilini-de görýär. Olar bilelikde Ogulnabada mugallym bolmaklygy teklip edýärler. Garaşylmadyk bu teklibe Ogulnabat ör-gökden gelýär: “Men nädip mugallym bolup bilerin. Ýok, bu mümkin däl. Başga birini tapyň…” Gysgaça aýdylanda, özüne edilen teklibe başda Ogulnabat garşy çykýar we kabul etmeýär…

(Bellik: şol döwrüň pedagogik adalgalary hökmünde “magaryf wekili”, “mugallym” ýaly sözler ulanylypdyr).

Iş munuň bilen gutarmaýar. Edilen teklibiň jogapkärçiligi gaýtadan düşündirilýär. Bu ýagdaý Ogulnabady teklibi kabul etmeklige iteriji güýç berýär. Netijede, Ogulnabadyň boýnuna gaty jogapkärçilikli iş ýüklenilýär: mugallymyň ornuny tutmak jogapkärçiligi.

“-Eger tapýan bolsak, keýgim, özgäni,

Azara goýmazdyk asyl biz seni.

Prikazyň şu günden, bir hepde möhlet,

Oňatja taýýarlan, gorkma, gaýrat et.”

Soňra ussat şahyr Aman Kekilow gürrüňi edilýän dartgynly ýagdaýy şeýle görnüşde çeper beýan edip, jemleýşe geçýär:

“Ertirden başla-da otyr sapakda,

Sorag ýüze çyksa, eger her hakda,

Düşündirer saňa her bir mugallym,

Hiç kim enesinden dogmandyr alym.”

Ýokardaky setirlerden-de belli bolşy ýaly, Ogulnabada edilen teklip ertirden başlaýar. Ol ertir ilkinji gezek sapaga girmeli. Kynçylyk bolan ýerlerinde beýleki mugallymlardan goldaw almaly.

Gysgaçasy, Ogulnabadyň wezipesi aşakdaky setirde has anyklaşdyrylypdyr. Ol indi dördünji synypa sapak bermeli.

“Häzir okatmalyň dördünji klas,

Kyn bolmaz her işe edilse yhlas…”

Ýokardaky “Hiç kim enesinden dogmandyr alym”; “Kyn bolmaz her işe edilse yhlas”  diýen setirlerde şahyryň çeperçiliginiň has-da kämildigine anyk göz ýetirmek bolýar. Bularyň her biriniň aslynda türkmenleriň gadymy pähim-paýhasynyň ýatýandygyny-da ýörite bellemek gerek.

Mugallymçylyga täze başlaýan Ogulnabadyň başdan geçirenlerini içgin öwrenmek-de özboluşly ähmiýete eýe boljak meseleleriň biridir.

Birinji ýadaý: synypdaky käbir garagol (bet) çagalar bilen baglanyşyklydyr. Bilnişi ýaly, okuwçylaryň tertibi birmeňzeş däldir. Olaryň içinde ýaramazlary, garagollyk edýänleri-de tapylýar. Muny eseriň gahrymany, täzelikde mugallymçylyga başlan Ogulnabat hem görýär.

Ogulnabadyň sözleri bilen özüniň we synypdaky okuwçylaryň ýagdaýy:

“-Üç-dörtden artyk däl içinde beti,

Olar-da oturjak, tutulsa gaty.

Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýýar,-

Meniň gowşaklygym barysy duýýar.”

Ikinji ýagdaý: synypda ýüze çykan goh-galmagal bilen baglanyşyklydyr. Ogulnabat synypda ýüze çykan bu galmagal sebäpli özüni günäkärleýär. Mugallym diýen hormatly adyna zyýan ýetjekdigine gynanýar:

Ogulnabadyň sözleri bilen synypdaky galmagal we onuň netijesi:

“Başlandy galmagal bir sebäp bolup,

Men saklap bilmedim öňüni alyp.

Dilim gysga boldy, günäli özüm,

Indi ol klasda diňlenmez sözüm.

Gülüşip başlarlar girenje  badym,

Gutardy şu günden mugallym adym.”

Mugallymçylyk babatda ýuwaş-ýuwaşdan tejribe toplaýan Ogulnabat mugallym soňunda Aşgabaga kursa gidip, öz hünärini has-da kämilleşdirýär. Soňunda tejribeli mugallym bolup ýetişýär. Türkmen gyzlaryny okuwa çekmekde başarnykly mugallymadygyny görkezýär.

“Aşgabada kursa gitdi öten ýyl,

Okadýany edebiyat hem-de dil.

Ýaş-da bolsa öz işine gaty ökde,

Dürli-dürli kitap okaýar her hakda.

Şu mugallym işläp başlaly bäri,

Okuwa gatnaşýar gyzlaryň bary.”

Ýene wekil içgin-içgin seretdi,

Gollar goltugynda hereket etdi,

Çykaryp jübsünden bloknotyny,

Ýazdy oňa mugallymaň adyny.”

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

Makalamyzyň beýleki bölümleri

Mugallymlar güni we hepdesi

“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

.“Mugallymyň sözi” goşgusyndaky düşünjeler hakynda gysgajyk maglumat

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri