TESWIRLER

Abdysetdar Kazynyň „Jeňnama” poemasy barada

Türkmen nusgowy şahyrlarynyň eserleri 1917-nji ýyldan öňki döwürde öz asyl nusgalarynda we arap elipbiýinde Russiýanyň Peterburg, Moskwa, Kazan, Astrahan, XIX asyryň soňky çärýeginden başlap Orta Aziýanyň Hywa, Daşkent, Samarkant, Buhara ýaly şäherlerinde neşir edilip gelnipdir. Olar häzirki döwürde örän gymmatly hem seýrek duş gelýän çeşmeler hökmünde dürli ýurtlaryň golýazmahanalarynyda saklanylýar. Ol kitaplaryň bir sany mysaly hökmünde XIX asyr türkmen şahyry Abdysetdar Kazynyň „Jeňnama” atly taryhy poemasynyň asyl nusgasynda we rus diline terjime edilip 1914-nji ýylda Peterburgda goýberlen ajaýyp neşirini görkezmek bolar. Ony XX asyryň birinji ýarymynyň iň meşhur türkşynas alymy, türkmen edebiýatynyň goragçysy hem howandary, türkmenşynas akademik A.N.Samoýlowiç (1880–1938) ýerine ýetripdir.

„Jeňnamanyň” golýazmasyndan we neşir edilen görnüşinden bir sahypa

A,N.Samoýlowiç türkmen edebiýaty bilen Peterburg uniwersitetiniň Gündogar dilleri fakultetinde okap ýören ýyllarynda (1800–1903) içgin gyzyklanyp ugrapdyr. Şol bir wagtda, bu zehinli talybyň ylma bolan höwesi, erjelligi uniwersitetiň mugallymlarynyň hem göz astynda bolupdyr. Heniz bu ýokary okuw mekdebini tamamlamanka, özüniň mugallymy, meşhur türkşynas P.M.Melioranskiniň (1868–1906) aladalary we maslahaty bilen A.N.Samoýlowiç heniz talypka türkmen dilini öwrenmek hem-de ol boýunça diplom işini ýazmak üçin döredijilik sapar bilen 1902-nji ýylyň tomsunda Türkmenistana goýberlipdir. Öz toplan maglumatlarynyň esasynda onuň ýazan işi altyn medela mynasyp bolupdyr.  Bu saparyň dowamynda ýaş alym Abdysetdar Kazynyň poemasy barada ilkinji gezek eşidipdir hem-de onuň gözlegine çykypdyr. A.N.Samoýlowiçiň bu eseriň golýazmasyny ele salyşy barada onuň Aşgabatda 1994-nji ýylda goýberlen neşiriniň öňünde ýerleşdirilen makalada „şol ajaýyp golýazmany Petyerburgda ýaşaýan türkmen suratkeşi Nazar Ýomudskiý [XX] asyryň başynda Gökdepä gelende şahyryň agtygyndan aypdyr” diýip, çeşmesi görkezilmän bellenipdir. Emma „Jeňnamany” ilik-düwme öwrenen, rus diline terjime eden, onuň akademiki neşirini goýberen we bu kitap boýunça 1915-nji ýylda magistrlik dessertasiýasyny goran A.N. Samoýlowiç bu suratkeşiň adyny hiç ýerde agzamaýar, tersine, özüniň bu eser bilen tanyşlygy üçin ähli babatlarda N.N.Ýomudskini uly minnetdarlyk bilen ýatlap geçipdir.

1903-nji ýylda uniwersiteti tamamlandan soň, A.N.Samoýlowiçi bu okuw mekdebiniň türk-tatar dilleri kafedrasynda geljekde professor taýýarlamak niýeti bilen alyp galýarlar. Eýýäm şol döwürde onuň ady we abraýy uniwersitetiň çäklerinden daşarda-da belli bolupdyr. Şol ýylyň dekabrynda N.N.Ýomudskiý „Jeňnamanyň” özünde saklanýan ýeke-täk golýazmasyny oňa hoşniýetlilik gowşurypdyr. „Han N.N.Ýomudskiniň habar berşine görä, ol bu eseriň golýazmasyny Abdy-s-Setdaryň agtygyndan, ol bolsa ony kakasyndan alypdyr. Abdy-s-Setdaryň bu oglunyň ady maňa belli bolman galdy” diýip, A.N.Samoýlowiç belläpdir. Şol döwürde bu golýazmanyň awtory ady, ýazylan ýyly bu alyma belli bolmandyr. „N.N.Ýomudskiniň mähirli hemaýaty bilen maňa türkmen mollasy Hojadan bu eseriň awtorynyň adyny we ol barada käbir maglumatlary bilmek başartdy” diýip A.N.Samoýlowiç nygtapdyr. N.N.Ýomudskiniň araçylyk etmegi bilen A.N.Samoýlowiçiň Hojaly Molla bilen 1903-nji ýyldan başlap özara hat ýazyşmasy başlanypdyr. Gelip gowşan hatlardan özüniň türkmen habarçysynyň adynyň Hoja däl-de Hojaly Molla Myratberdy ogludygy (1860–1920) rus alymyna belli bolupdyr. Hojaly Molla oňa Abdysetdaryň türkmenleriň magtym tiresindendigini, Hywada okap medresäni tamamlandygyny we bu şäherde 7 ýyllap kazy bolup işländigini, onuň 4 oglunyň bardygyny, olaryň Hywada ýaşaýandygyny, oglanlarynyň ulusynyň adynyň Seýitahmet işandygyny, onuň hem, edil kakasy ýaly, döwrüniň bilimli-sowatly hem abraýly adamydygyny, şahyryň garyndaşlarynyň birnäçe ýyllap Gökdepede ýaşandygyny habar beripdir. Şeýle-de Hojly Molla hatynda kitabyň adynyň „Tekeleriň uruş kyssa kitaby” bolmalydygyny nygtapdyr, A.N.Samoýlowiç bu teklibi kabul edipdir.

Şol döwürde türkmen dili, edebiýaty barada Ýewropa ýurtlarynda we Russiýada neşir ediilýän metbugat eserleriniň sahypalarynda hakykata hiç bir jähtden ýapa gelmeýän nädogry pikirler beýan edilip gelnipdir. Olaryň   gözbaşynda wenger türkşynas alymy we syýahatçysy G.Wamberi (1832–1913) durupdyr. Ol 1863-nji ýylda gizlinlikde Orta Aziýa ýurtlaryna aýlanyp çykyp, Ýewropa dolanyp gelenden soň, 1879-njy ýylda Awstriýanyň paýtagty Wenada Magtymgulynyň goşgularynyň bir bölegini türkmen we nemis dillerinde çap etmek bilen, olary türkmen edebiýatynyň ýeke-täk nusgasy hasap edipdir. Üstesine-de, öz çap eden goşgularyna bagyşlap ýazan makalasynda bu alym Magtymgulynyň döredijiligine we tutuş türkmen edebiýatyna diýseň ýaramaz hasiýetnama berip, şeýle diýip nygtapdy: „bu şahyryň (Magtymgulynyň) bilimli-sowatly, adam bolandygy barada gürrüň hem bolup bilmez, onuň goşgularyndan çen tutsaň hatda mekdepde bilim alandygy hem görünmeýär; Magtymgulynyň goşgularynyň dilinden şeýle netije çykatrmak mümkin: ol özleriniň ýörite edebiýaty, türk dili, azda-kände pars dili bilen tanyş, arap dilinden bütinleý bihabar bolan ýönekeý işanlaryň bilim derejeleriniň hatarynda durýar; beýleki türki halklar bilen deňeşdireniňde türkmenleriň söz baýlygy juda garyp, türkmen edebiýatynyň ýadygärlikleri juda ujypsyz bolany üçin, musulman döwrüniň türki halklarynyň dilleri umumylykda öwrenilende Magtymgulynyň döredijiligi ähmiýetli bolupdyr”.

Ýewropanyň merkezinde neşir edilen bu aňrybaş galp sözler türkmen edebiýatyny we Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekçi bolýan bu kontinentiň alymlaryna öran ýaramaz täsirini ýetiripdir, olaryň türkmen edebiýatyna bolan gyzyklanmalaryny yzyna serpikdiripdir, uzak wagtlap gündogaryň meşhur şahyrlarynyň hatarynda Magtymgulynyň adynyň tutulmagyna mümkinçilik bermändir, şahyryň eserleriniň 1917-nji ýyldan öňki döwürde, beýleki nusgowy türkmen şahyrlarynyň eserleri bilen deňeşdireniňde, daşbasma usulynda juda az we has giç neşir edilip başlanmagyna-da sebäp bolupdyr.

Ýagdaý şeýle bolansoň, Abdysetdar Kazynyň „Jeňnama” pemasy ýaly düýpli eseriň akademiki neşirini taýýarlamak bilen, A.N.Samolawiç, ilkinji nobatda, Wamberini pikirlerini we olaryň täsirine düşen, kärdeşlerini rus gündogarşynaslyk ylmynda ilkinji bolup berk tankyt etmeli we aradan aýyrmaly bolupdyr. Şonuň üçin ol özüniň „Jeňnamanyň” akademiki neşirine ýazan „Sözbaşysyny” aşakdaky sözler bilen başlapdyr: „Türkmen dilini ilkinji öwreniji, professor I.N.Bereziniň redaksiýasy bilen neşir edilen „Rus ensiklopedik sözlüginiň” jiltleriniň birinde [СПб, 1877.T.II.С.704], „elbetde, türkmenleriň edebiýaty ýok” diýip bellenipdir. Emma A.Hodzko baryp 1842-nji ýylda XVIII asyrda ýaşap gecen umumytürkmen şahyry Magymgulynyň üç sany goşgusyny [iňlis dilinde] onuň gysgaça terjimehaly bilen bilelikde we beýleki türkmen şahyrlarynyň birnäçesiniň goşgularyny neşir edipdir. 1857-nji ýylda Bereziniň özi hem Magtymgulynyň we Magrupynyň her haýsysynyň bir goşgusyny we Şeýdaýynyň üç sany goşgusyny çap edipdir. 1879-njy ýylda G.Wamberi Magtymgulynyň 31 sany goşgusyny neşir edip, türkmen edebiýatynyň bardygyny inkär etmändir, ýone Magtymgulyny onuň ýeke-täk wekili hasaplapdyr”, diýip, alym nygtapdyr. A.N.Samoýlowiçden soň, B.Kerbababaýew „Sowet Türkmenistany” gazetiniň 1940-njy ýylyň 14-15 iýunda çykan sanlarynda ýerleşdirilen „Magtymguly we oňa bolan garaýyşlar” atly makalasynda şahyryň goşgularyndan Wamberiniň çap edenlerini we olara bagyşlap ýazan sözbaşysyny Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmekde „on ädim yza gaýtmak boldy” diýip belläpdir. Meşhur alym Ý.E Bertels, öz gezeginde, Wamberiniň Magtymgulynyň döredijiligi barada „aýdan pikirleri XVIII asyrda ýaşan türkmenleriň medeni durmuşy üçin bu şahyryň eserleriniň ähmiýetine onuň düýp-teýkary bilen düşünmändigine şaýatlyk edýär” diýip nygtapdyr.

Dowamy bar….

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri