2020-nji ýylyň 14-20-nji sentýabry aralygynda ýagny şu hepde eset, mizan, kowus we jöwza ýyldyzy astynda doglanlar üçin has-da şowly bolup biler. Ýyldyzlaryň hemmesi diýen ýaly saglyk ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň wagty geldi. Bular dogrusynda siz aşakda doly täleýnama maglumatlarynda hem göz ýetirip bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Geljek hepdäniň dowamynda hamal ýyldyzy astynda doglanlar haýsydyr bir garaşylmadyk ýagdaý bolup biler. Maşgala goldawyna biraz mätäç bolup bilersiňiz. Ýöne alada etmäň. Olar elmydama siziň ýanyňyzdadyr. Ähli aladalary bir ýana goýup, saglygyňyza seretdirmeli wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Maddy ýagdaýyňyzda hepde soňunda üýtgeşme girip biler. Özüňizi ele alyň!
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Geljek hepde sowurlar üçin “Il näme diýer?” düşünjesini aýyrmagyň iň amatly wagty bolar. Töweregiňizdäkileriň näme diýýändigi bilen gyzyklanmaňyzy bes edip maksadyňyza tarap hereket etmelisiňiz. Ýogsa köp zatlary ýitirip bilersiňiz. Saglykly iýmitlenmäge çalyşyň. Esasan-da suwuk naharlar bilen iýmitleniň. Hepdäniň dowamynda size gowy zatlaryň, hoş habarlaryň garaşýandygyny ýyldyzlar duýdurýarlar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Geljek hepdede jöwzalar saglyk ýagdaýyna esasy üns bermelidirler. Iýmitleriňizi üns bilen saýlaň. Eger şeýle etmeseňiz bedeniňize zeper ýetirip ýa-da belli bir agyrlyk alyp bilersiňiz. Jöwzalara dünýäni açmagyň wagty geldi. hepdäniň dowamynda jöwzalara oňyn teklipler, ýatdan çykmajak pursatlar garaşýar. Bir zat ýerine ýetirmek isleýän bolsaňyz hökman maşgalaňyzy habarly ediň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Geljek hepdede seretanlar maddy meselelere gabat gelip biler. Ýöne alada etmäň. Çünki çykdajy çykman girdeji girmeýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Bu döwürde maýa goýmazlygy, tygşytly bolmagy maslahat berilýär. Belki-de siz hepdäniň dowamynda bir zatlar satyn almakçy bolsaňyz goýy gyzyl (bordo) reňkinden peýdalanmak maslahat berilýär. Bu reňkde geýlen eşikler sizi tutanýerli zähmetsöýer görkezer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Geljek hepdede eset ýyldyzy astynda doglanlar öz içlerindäki gözelliklerine we aýratynlyklaryna ynanmagyň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Saglygyňyza gowja seretmegiň wagty geldi. Ozal başdan geçiren allergiki ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Immun ulgamyňyz pes döwürde. Saglygyňyza oňat seredip, ony täzeden gazanmagyň wagty geldi. Çünki saglyk her bir zadyň sakasydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Geljek hepdede sünbüleler hem edil esetler ýaly geljek hepdede allergiki ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Bu ýagdaý dowamly ýa-da täze bolup biler. Saglygyňyza oňatja seretmegiň wagty gelendigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Maşgalanyň gymmatly bir zatdygyny ýene bir gezek ýada saljak bir hepde bolar. Maşgalaňyz tarapyndan ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklara garamazdan berilýän ahlak goldawynyň ähmiýetine düşünjek döwür garaşýar
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Geljek hepdede mizanlar ýokary bolmadyk ownuk zatlar bilen özüni begendirip bilerler. Bu size maddy taýdan zyýan bermez, şol bir wagtyň özünde depressiýaňyzy ýeňilleşdirer. Çykdajylaryňyz üçin biynjalyk bolmaň. Maşgala agzalaryňyz bilen wagt geçiriň. Açyk howada gezelençler, şüweleňler gurnaň. Süýt önümlerini köpräk iýmegiňizi ýyldyzlar duýdurýar. Çünki süýt siziň saglygyňyza oňyn täsir edip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Geljek hepdede akrap ýyldyzy astynda doglanlaryň maddy ýagdaýynda uly üýtgeşme bolup biler. Çykdajylaryňyz azalyp girdejiňiz ýokarlanmgyna garaşylýar. Uly maýa goýumlary goýup bilersiňiz. Iş gözleýän akraplar belli bir wezipä baş ýöretmeli bolup bilerler. Haýyr-sahawat işlerini hem alyp baryň. Bu siziň abraýyňyzy has-da ýokarlandyrar. Saglygyňyz adatdakylar ýaly gowy.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Geljek hepdede kowuslar saglygyna gowy seretmelidirler. Saglyk hakda alada etmeýän käbir detallaryňyz bar. Geleňsizlik astyndaky kiçijik ýaly görünýän bu detallar basym esasy meselä öwrülip biler. Ýadyňyzdan çykarmaň, adamlar kesel bolmazdan saglygyň gymmatyna ýeterlik düşünip bilmeýärler. Şonuň üçin düýpli kesellemege garaşmaňda lukmançylyk barlagyndan geçiň. Işleriňi ugruna barýar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Geljek hepdede jediler maslahata mätäç bolup bilerler. Maşgala ýaşululary elmydama iň gowusyny bilmän bilerler, ýöne olar siziň ýamanlygyňyz hakda pikir etmeýärler. Olary diňläň we öz logikaňyza görä süzüp hakykaty çözmäge synanyşyň. Olaryň aýdýanlaryny etmeseňizem, başdan geçirenleri bilen görkezýän käbir dogry nokatlary tutmaga synanyşyň. Ähli zadyň bolmalysy ýaly bolup geçýär. Bir söz bilen aýdanymyzda işleriňiz ugryna barýar.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Daluwlaryň durmuşynda geljek hepdede üýtgeşme bolup biler. Siziň üçin iň möhüm bolan zat durmuşuňyzdyr. Siziň garaşýan zatlaryňyz we arzuwlaryňyz möhümdir. Maddy ýagdaýyňyzda üýtgeşme bolup biler. Esasanda okaýan, bilim alýan daluwlara hoş habar gelip biler. Siz özüňizi ele alyp hemme zady bolşy ýaly geçirmelidigiňizi unutmaň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Öňümizdäki hepde hutlaryň maliýe, saglyk üpjünçilik ýagdaýlary has-da gowlanar. Hepdäniň dowamynda wakalar köp bolup, hutlaryň köpüsüniň iş bilen gümra bolup, maşgala durmuşlarynda biraz ünslerini sowarlar. Bu ýagdaý maşgala gatnaşyklarynda düşünişmezliklere eltip biler. Emma tiz wagtdan bu sowallaryň çözgüdi tapylar. Ýagdaý gowluga tarap üýtgär.
Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.
Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!
Söwda, jemgiýetçilik, hyzmat we sport kärhanalarynyň işine çäklendirmeleri uzaldyldy
Beýleki ýyldyzlary hem okap bilersiňiz!
Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar