SIZDEN GELENLER

Suw – bütin adamzadyň umumy gymmatlygy

Suw — tebigatyň bahasyz peşgeşi. Ol biziň gymmatly baýlygymyz. Hut şonuň üçinem suw we ondan rejeli peýdalanmak, suwa elýeterlilik meselesi häzirki zaman dünýäsiniň çözülmesi iň derwaýys wezipeleriniň hatarynda goýulýar. Suw bütin adamzadyň umumy gymmatlygy hasaplanýar.

Biziň ýurdumyzda suw serişdelerini netijeli we rejeli ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz: «Suw serişdelerini gorap saklamak we ondan rejeli peýdalanmak meseleleri diňe bir biziň halkymyz üçin däl-de, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Umumydünýä işleriniň barşy, dünýäde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmegi häzirki wagtda suw bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine köp babatda baglydyr» diýmek bilen, suw diplomatiýasyny ulag hem-de energetika diplomatiýalary bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan 3 ugrunyň hatarynda kesgitledi. BMG-niň Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» sammitinde, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça III Bütindünýä maslahatynda, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, «2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw» atly Hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp, Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen halkara maslahatda biziň ýurdumyz tarapyndan anyk teklipdir başlangyçlaryň birnäçesi öňe sürüldi.

Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmek bilen, 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini üstünlikli geçirdi. Şol sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada hem Aral deňzi sebitinde ekologiýa, suw hojalyk we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen meseleler boýunça anyk wezipeler beýan edildi.

Suw, Ýerdäki her bir janly-jandar üçin ýaşaýyş çeşmesidir. Diňe 2 wodorod atomyndan we 1 kislorod atomyndan ybarat bolsa-da, alymlar bu hakda täze açyşlar edip, öwrenmegi dowam etdirýärler.

Suw barada käbir gyzykly maglumatlary şu ýerde mysal getirmek bolar:

  • Bedenimiz 70% -den gowrak suwdan durýar.
  • Ortaça hasap bilen, her adam bir ýylda takmynan 60 tonna suw sarp edýär.
  • Suwuň takmynan 1500 görnüşiniň bardygy bellenilýär.
  • Alymlar suwuň 14 ýagdaýyny gaty görnüşde we 5-i suwuk görnüşde tapawutlandyrýarlar.
  • Gyzgyn suw sowuk suwdan has çalt doňup bilýär.
  • Gözleglere görä, suw infragyzyl şöhläni üstünlikli siňdirýär.
  • Iň sowuk buz Antarktidada duş gelýär, ýöne Alp buzlary iň yssy hasaplanýar.
  • Ýer şarynyň 70 göterimi suw bilen gurşalandyr, olaryň hem diňe 1 göterimi süýji suwdyr.
  • Iň uly süýji suw Russiýadaky Baýkal kölüdir.
  • Gar ýagtylygy 75% serpikdirýär, suw bolsa 5% serpikdirip bilýär. Şonuň üçin garly gijeler ýagty bolýar.
  • Meduzalaryň 99 göterimi suwdan durýar.
  • Dünýä ummanlarynyň ýüzündäki suwuň ortaça temperaturasy takmynan 17 gradusdyr.
  • Ummanlar Ýer togalagynyň takmynan 70%-ini eýeleýändigi sebäpli, atmosferanyň aşaky gatlaklaryny gyzdyrýarlar. Şeýlelik bilen, howany aramlaşdyrýarlar.
  • Her ýyl 1 trillion tonna suw bugarýar.
  • Ýuwaş ummany Ýerdäki suwuň umumy mukdarynyň 46% -ini öz içine alýar. Suwuň 23% -i Atlantik ummanynda, 20% -i Hindi ummanynda we 4% -i Demirgazyk buz ummanyndadyr.
  • ÝUNESKO-nyň habaryna görä iň arassa suw Finlýandiýadadyr.

Şyhberdi Şyhberdiýew, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Amaly mehanika kafedrasynyñ mugallymy.
Hemra Nepesow, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

 

Ekologiýa abadançylygynyň dabaralanmasy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika