Şu gün Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebinde ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de žurnalistika hünärinden bilim alýan talyplary gatnaşmagynda şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Üstümizdäki ýyl 2-nji gezek geçirilýän bu ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan geçirildi.
Žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşy 2 toparda, ýagny erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda guraldy. Bu şaşka ýaryşy şweýsar ulgamynda, ýagny deňeçerleriň duşuşygy görnüşinde geçirildi. Ol 7 tapgyrdan ybarat bolup, bäsleşigiň dowamynda her döwde ýeňlenler we üstün çykanlar bir-birleri bilen duşuşdylar. Bäsdeşler bolsa kompýuter arkaly atylan bije esasynda kesgitlenildi. Munuň özi ýaryşyň adalatly bolmagyny kepillendirýän bütin dünýäde synagdan geçen usuldyr. Galyberse-de, bu ýaryşa gatnaşan her bir žurnalist biri-biri bilen oýnamaga mümkinçilik aldy.
BAÝRAK GOWŞURYLYŞ DABARASY
7 tapgyrdan soňra emin agzalary tarapyndan ýaryşyň jemleri jemlendi. Şonuň netijesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän žurnalistlere «Makul Hyzmat» Terjime Merkezi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşurdy.
ERKEKLERIŇ ARASYNDA ÝEŇIJILER:
- Bekdurdy Atabaýew – “Türkmen sporty” gazetiniň žurnalisti.
- Merdan Baýadow – “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň žurnalisti.
- Aýdogdy Akmämmedow – žurnalist.
ZENANLARYŇ ARASYNDA ÝEŇIJILER:
- Aýgül Gurbansähedowa – “Ýaşlyk” telelýaýlymynyň žurnalisti.
- Zyba Suhanowa – “Miras” radioýaýlymynyň žurnalisti.
- Merjen Atagarryýew – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş ilkinji gezek geçen ýyl geçirilipdi we 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 30-ynda geçirilen žurnalistleriň arasyndaky şaşka ýaryşyna uly gyzyklanma bolupdy.