Hawa, ol şeýlebir kiçi otagdy. Biz ol otagda alty sany gyz bolup ýagny men Täzegül, Ogulgerek, Bägül, Nazsoltan, Nargül dagymyz taryh dersinden “Altyn asyryň Altyn zehinleri, atly bäsleşige taýýarlanýardyk. Otag bolsa iki-üç adamlykdy, ýöne tüýs” göwün sygsa göwre sygar” diýleni-dä. Şol otagda alty sany gyzyň özleriçe dünýägaraýyşlary, arzuwlary bardy. Olaryň biri taryh mugallym bolmak islese, beýlekisi arheolog ýa-da hukukçy bolmak isleýärdi. Biziň ýolbaşçymyz ýagny, bäsleşige taýýarlaýan mugallymyz Sopy Sopyýewdi. Ol bizi bäsleşige gaty ykjam taýýarlaýardy. Bäsleşigiň mekdep, şäher, welaýat, döwlet tapgyrlary gejiriljekdi. Biz şol bäsleşigiň ähli tapgyrlarynda orun eýelemegi, mekdebimiziň, ylmy ýolbaşçymyzyň adyna uly abraý getirmegi başarmalydyk. Biz ähli taryh kitaplary bäşinji synpdan on birinji synpyň kitaplaryna çenli okapdyk. Okan temalarymyzy özleşdirmek üçin biri-birimiz bilen sorag-jogap alyşardyk, ýöne arasynda gyzlar bolup gybata gümenerdik, gülüşerdik, degişerdik welin mugallym gelerdi biz bolsa gybat etmedik ýaly bolup demimiz çykarman kitaplarymyzy okap oturardyk. Ine, bu gün bolsa bäsleşigiň mekdep tapgyry, bäsleşik sagat 11:00-da başlaýardy. Biz bolsa sagat 9:00- da mekdebe gelip bäsleşige taýyn bolup otyrdyk. Indi bolsa şol tolgunyşykly pursat gelip ýetdi. Jaňlar kakyldy, biz bolsa bäsleşige girmek üçin hatara durmakçy bolup otagymyzdan çykdyk, welin ylmy ýolbaşçymyz Sopy Sopyýew geldi. Ol bizden gyzlar ýer alarys diýip ynanýarsyňyzmy? diýip sorady, biz bolsa elbetde mugallym biz bäsleşige gaty ykjam taýýarlandyk hökman ýer alarys diýip jogap berdik. Ol bolsa bize ýylgyryp öňe, öňe, diňe öňe diýip bize goldaw berdi hem-de baýrakly orunlar eýelärsiňiz diýip umyt edýän diýdi. Biz bäsleşige girdik, dürli temalardan testler we soraglar berildi . Biz ýaryşa gaty ykjam taýýarlananymyz üçin berlen ýumuşlary wagtynda ýerine ýetirdik . Bäsleşik tamamlandy , mugallymymyzyň aýdyşy ýaly alty gyz hem baýrakly orunlara mynasyp boldy .
Indi biz bäsleşigiň şäher tapgyryna taýýarlanýardyk . Kitaphanadan dürli taryh kitaplary alyp okaýardyk, elektronny testleri, soraglary çözýärdik. Mugallymymyz hem bize elinden gelen kömegi berýärdi. Bäsleşigiň şäher tapgyry üçin wagtymyz birneme azalýardy. Biz bir gün gyzlar bolup welaýat çagalar mekdep – internatyna gitmegi ýüregimize düwdik. Çagalar üçin süýji – köke aldyk soňra bolsa internata gitmegiň planlaryny düzdik. Hepdäniň anna günidi, biz ir bilen mekdebe gelip internata gitmek üçin taýýarlygymyzy görýärdik. Bu zatlardan mugallymyzyň habary ýokdy. Biz ondan habarsyz awtobus duralgasyna bardyk. Awtobus geldi, welin biz mündik we internata tarap ýola düşdik. Ahyrsoňunda geldik internatyň gapysyndan girdik öňümizden çagalar çykdy, biz olar elten süýji – kökelermizi paýladyk. Olara kitaplardyr hekaýalar okap berdik. Indi bolsa biziň gaýtmaly wagtymyz geldi. Çagalar bilen hoşlaşyp mekdebe gaýtdyk , gelip ýaryşa taýýarlanýan otagmyza girip ýerleşdik, onýançada mugallymymyz geldi . Biz bolsa hiç ýere gitmedik ýaly bolup kitap okap otyrdyk. Biziň internata gidenimizi ne mekdep müdiri ne-de mugallymymyzyň ruhy hem duýmady .
Bäsleşigiň şäher tapgyry barha ýakynlaşýardy, biz hem gaty tolgunýardyk. Bäsleşik 22-nji ýanwarda geçiriljekdi. Bäsleşik mekdep tapgyryndaka garanda şäher tapgyrynyň ýeňil bolmajagyna gözümiz ýetýärdi. Howa ýagdaýy sebäpli bäsleşik 25-nji ýanwara süýşürildi .
Ine bu gün hem 25-nji ýanwar bäsleşigiň şäher tapgyry, ol Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde geçýärdi. Biz ertir ir bilen 21-nji mekdebe bardyk, mugallymymyz hem biziň ýanymyzdady. Ol bize bäsleşikde hiç zatdan utanmaly, çekinmeli däldigini bilýän zatlarymyzy aýdyp, ýazyp bermelidigimizi sargady hem-de bize orun alyp mekdebimiziň abraýyny galdyrmaklygy başarmalydygmyzy aýtdy. Mugallymymyz bize ýene-de bir gezek özümize ynanmalydygmyzy hem-de mekdebe baýrakly orunlar bilen dolanyp gelersiňiz diýdi. Jaňlar kakyldy, bäsleşige girmeli wagt geldi. Biz synplara girdikde ýerleşdik öňki ýaly soraglar testler berildi. Ol ýumuşlaryň arasynda bilenlerimiz hem boldy bilmediklerimiz hem. Bäsleşik üçin berlen wagt tamamlandy, biz çykdyk hem-de bäsleşigiň ýeňijileri aýdylýança garaşdyk.
Şol tolgunyşykly pursat ahyrsoňy gelip ýetdi . Birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolanlaryň atlary okaldy. Olaryň arasynda Täzegül Onjaýewa birinji orna, Bägül Gaýypowa ikinji orna, ýagny men Sähragül Onjaýewa, höweslendiriji orna mynasyp boldum.
Şeýlelikde mugallymymyz Sopy Sopyýewiň eden tagallalary, biziň hem çeken zähmetlerimiz ýene-de bir gezek ýerine düşdi.
Sähragül ONJAÝEWA,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!