(Hekaýa)
Hassahananyň içi adamlardan hyryn-dykyndy. Hamala diýersiň şäheriň bar adamlary ýygnalan mysaly. Hassahana adyndan belli bolşy ýaly, hassalary sagaltmak üçin, janlary şypa tapmak üçin niýetlenen, lukmanlar tarapyndan binýat edilen bolmaga çemeli. Şol sebäpli adamlaryň bir ýerinde agyry-ynjy bolanlygynda lukmanlara ýüz tutýarlar. Ýöne köplenç biz iş aladalar bilen hemme agyry-ynjylara kän üns bermeýäris biperwaý garaýarys.
Ine şonuň ýaly hem Rejep agada özündäki bolup geçýän agyry – ynjylara üns bermän hassahanada oýanmaly boldy.
Ýagny ol şäher arhitektory wezipesinde işländigi sebäpli, onuň her bir pikiri şäheri nähili ösdürip boljakdygy we kemçiliklerini düzetmekden ybaratdy. Umuman şäherdäki her bir ýönekeýje meselelerden başlap, uly meseleleri hem öz boýuna alyp jogap berýän adamlardandy. Onuň uzynly güni öýden çykyp ulag edara, maslahatlar, ýygnaklar we çözmesi kyn meselelerden ybaratdy.
Özüniň ýaşlygyna garamazdan atasynyň adyny göterýänligi sebäpli onuň Rejep adynyň soňuna obadaşlary tarapyndan sylanyp aga sözi goşuldy. Şol ady hem hemme ýerlerde ýörgünli boldy.
Günleriň birinde iş ýerinde işdeşleri bilen maslahat geçirip otyrka ol ýüreginde ýiti agyrynyň bardygyny duýup galdy. Agyry barha ýitileşip güýjeýärdi. Işdeş ýoldaşlarynyň kömegi bilen tiz kömek arkaly hassahana alyp gelindi.
Rejep aga gerekli sanjymlary ýerine ýetirildi, däri-dermanlar berildi.
Ol gowy ukusyny alanyndan soňra özüne geldi. Ýürek agyrysy köşeşipdi. Rejep gözlerini açanda mähriban ejesini gördi. Ol onuň gözüne görünýän ýalydy.
Ene ýüregi duýgurda. Ýöne oglunyň öýüne gezmäge diýen bahana bilen obadan şähere gaýdypdy. Ýüregindäki howsalany bolsa hiç-kime bildirmedi. Ene üçin çagasy uly ýaşly bolsada şol kiçijek eziz çagajyk ýaly mysaly.
- Rejep köşegim özüňe geldiňmi? – diýip Maral eje başyny sypalap ellerini mäkäm gysdy.
- Köşegim nähili agyrýan ynjaýan ýerleriň barmy? – diýip gözleri aladadan nemlenen ene oglundan hal – ahwalatyny sorady.
Rejep edil çagajyk mysaly enesiniň mährem gyzgyn ellerinden ellerini goýberesi gelmedi.
- Eje men gowy. Siz meniň bu ýerdedigimi nädip bildiň?
- Men ýöne agtyjaklarymy göreýin diýip gaýdaýypdym Seniň bu ýagdaýyňy eşidenimden bäri ýanyňda otyryn. Häzir men şepagat uýasyny çagyrmaga gideýin – diýip alňasap otagdan çykyp gitdi.
Gözegçi lukman gyzy gan basyşyny ölçedi we hassany ýerinde dikiräk oturmaga kömek etdi. Kän tolgunmaly däldigini, ýürekde näsazlyklaryň bardygyny baş lukman gelende doly ýagdaýy aýtjakdygyny aýdyp otagdan çykyp gitdi. Eneli ogul ikiçäk galdy. Ene egninden uly ýük aýrylan ýaly köşeşdi, rahatlandy.
- Oglum ýüregiň näme isleýär? Gerek-ýarak zatlaryň barmy?
Gelnim Suraýjanam çagalaryňam gapyň daşynda garaşyp otyrlar. Men olary gorkuly zadyň ýoklugyny aýdaýyn. Gelnimi we agtyklarymy çagyraýyn.
Giň ýagty otaga uzyn boýly ýaş gelini we 3 sany çagajyklary girdi. Gelini we çagajyklaryny gören Rejep ýüregine aramlyk indi tolgundy. Çagajyklary kakasynyň gujagyna ylgap bardylar.
Şol pursat otagyň gapysy kakyldy we otaga baş lukman girdi.
Hassahananyň eli ýeňil baş lukmany Çary Akyýewiç öz işiniň ussadydy. Ol otagdaky adamlara salam berip, otagdan biraz salym çykmagyny haýyş edip hassa bilen ikiçäk galdy.
- Rejep Meläýewiç özüňizi duýuşyňyz gowumy?! Diýip sorady.
- Hudaýa şükür hassahana gelelim bäri ýagşy, – diýip gysgajyk jogap berdi. Lukman:
- Siz bizde ýene bir hepde ýaly hassahanada bejergi işleri almaly, gerekli barlaghanalardan geçmeli bolarsyňyz. Ýüregiňize agram düşüpdir, gaty howply däl. Tiz kömek wagtynda getiräýdi. Işdeş ýoldaşlaryňyzyň bolanlygy hem gowy zat, mundan beterräk hem bolup bilerdi. Ýüregiňize dynç gerek dynç almaly. Wagtal – wagtal gerekli dermanlary yzygiderli ýokumly iýmitleri iýmeli, melhemli çaýlary içmeli. Iň esasy zat hem açyk howada sport bilen meşgullanmaly. Edil häzir hem hassahananyň howlusynda ýörite niýetlenen meýdança gezim etmäge çykyp bilersiňiz – şeý diýip hassanyň ýagdaýyny aýdyp öz işleri bilen baş lukman otagdan çykyp gitdi.
Biraz salymdan Rejep iň ýakyn özüne mähriban adamlary bilen aýdylan ýere bardy. Açyk howa seleňdi, ýaz pasly bolanlygy sebäplimi bag-bakjada ter güller açylyp otyrdy. Ýodalar arassady, uçup ýören kebelekler gözüne düşdi, gülden-güle gonýardylar, guşlaryň mahmal sesleri jadylaýjydy, olar şirin dilli dutar deýin saz edýärler. Rejep aga bu ýagdaýdan ruhy lezzet alýardy. Gör niçeme ýyldan bäri diýseň hem boljak tebigata çykmandy, tebigat bilen ikiçäk galmandy. “Ah ýüregim seniň ýürek islegleriňe-de üns bermändirin. Meniň gözlerim açyldy, türkmen ýazlaryna müňdebir şükür. Meniň dünýämde ýüregimde tämiz duýgular döredi”. Dynç almak üçin ýörite sekileriň birinde oturdy. Özünden başgada meýdançada iki ýeke adamlar bardy. Çagajyklarynyň şadyýan oýnaýan pursatlaryny bu ýakynda görmedik Rejep aga örän tolgunýardy. Mähriban ejesiniň ýan ýoldaşynyň ýüzlerinde şatlyk alamatlary duýulýardy. Özüni dünýäde iň bagtly adamlaryň biri saýýardy. Şu pursadyň hiç wagt ýitip gitmezligini isleýärdi. Ol öz iş aladalary bilen iň ýakyn adamlaryny gözel tebigatymyzdaky owadanlyklaryny – “Tasdanam unudan ekenim, meniň ýüreklerimiň melhemi, ýüregimiň aramy, dünýämiň diregi şular ekeni” diýenini duýman galdy.
Ogulnäzik ÇOPANOWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik
mekdebiniň nakgaş mugallymy
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!