Talyplyk ýyllary gyzykly dowam edýärdi. Toparymyzdaky talyplaryň ählisi bäsleşip okaýardylar. Her hepde diýen ýaly, ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň eserlerini okap, özara söhbet ederdik. Kä halatlarda bolsa, okan eserlerimiz hakda jedelleşerdik. Talyp deň-duşlarym haýsy kitaby okaýandyklaryny biri-birlerine aýdanokdylar. Her kim hepdäniň ahyryna çenli sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Bäsleşik her hepde-de gyzykly geçerdi. Şeýdip talyp ýyllarymyz gyzykly dowam edip durdy. Toparymyzda meniň bilen bir stolda oturýan, oýlanmadyr goşgy ýazjak bolanda maslahatlaşýan Gadyr atly oglan bardy. Ol bugdaýreňk, daýaw, göwnaçyk oglandy. Men ol oglan bilen ýokary okuw jaýyna synag tabşyrmaga gelende tanşypdym. Synaglardan üstünlikli geçen wagtymyz biz biri-birimizi gutlanymyz ýaňy ýalydy. Biz eýýäm okuwyň iň soňky ýylyna aýak basdyk. Gör, nähili, wagt çalt geçýär. Okuwyň soňy bolany üçin her kim synaglara, diplom işlerini ýazyp başagaýdylar. Edil menem şolar ýalydym. Her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan doglan günüme synaglar gabat gelýärdi. Men şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Doglan günümde ene-atam, doganlarym, joralarym, talyp deň-duşlarym süýjüden-süýji sözler bilen gutlaýardylar. Gör, nähili adamyň çigit ýaly göwni bar. Sähelçe süýji söz adamyň göwnüni galkyndyryp bilýär. Doglan günüme taýýarlyk görüp ýörkäm, bile okaýan talyp deň-duşym Gadyrdan jaň geldi. Özümem birazrak başagaý bolup, ýörşüme jübi telefonyma jaň gelip duranyny hem bilmändirin. Telefony alaýyn diýip, elime alanym şoldy welin, telefon öçdi. Özüm yzyna jaň edeýin diýip durkam, ýene-de Gadyrdan jaň geldi. Telefony aldym:
- Alo!
- Alo, salam, Bägül!
- Salam, Gadyr!
– Gowumy ýagdaýlaryň?! Şu gün – iň ajaýyp gün, bilýäňmi?! diýip, mylaýym sesi bilen gürledi.
- Hawa, meniň üçin diýseň ajaýyp gün! – diýip ýylgyrypdyryn.
– Bägül, işiňden goýýan-a däldirin?! Saňa gyssagly bir zat aýtmaly! – diýip dymdy.
- Aýdyber, o nähili gyssagly gürrüň?! Düşünmedim.
– Biz bile bäş ýyl okadyk. Men seni ýokary okuw jaýyna synag tabşyrmaga gelen günümizden bäri gowy görýärin. Seniň asyllylygyňa, owadanlygyňa, mylaýymlygyňa, özüňi alyp barşyňa söz ýok. Men bu gürrüňleri köp wagtdan bäri aýtjak bolup ýördüm. Ýöne sen gaty görersiň – diýip, aýdyp bilmän ýördüm.
– Gadyr, nämeler diýýärsiň?! Aýdýan zadyňa hiç hili düşünemok. Ene-atamyň razylygy bolmasa, meni hiç kime bermezler. Indi maňa şol temada jaň etme! – diýip telefony goýdum. Telefon goýlandan soň ep-esli wagt «Gadyr näme üçin beý diýýäkä ýa meni barlap görýärmikä?! Munuň aňyrsynda bir bela bolmaly. Bolýa-da, meni ýürekden gowy görse, ýene-de jaň eder» diýip, öz işlerim bilen gümra boldum. Ertir synag. Her kim synagdan gowy baha aljak bolup, ýerlerinden gozganman taýýarlyk görýärdiler. Ertesi ir bilen okuwa synag tabşyrmaga bardyk. Gadyryň öňki bolşy, hiç zat aýtmadyk ýaly. Synaglar üstünlikli geçdi. Ähli talyplar okuwy gutaryp, hersi öz saýlan kärlerine, oglanlarymyz Watan öňündäki harby borjuny berjaý etmäge rowana boldular.
Men hem öz söýen kärim boýunça işe başladym. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip, wagt geçip durdy. Gadyrdan hiç hili habar bolmady. Aradan ep-esli wagt geçdi. Bir günem işden çykyp, awtobusa garaşyp durkam el telefonyma jaň geldi. Jübümden el telefonymy çykaryp, seretsem, bir nätanyş belgi. Aý menem öz ýanymdan işden aýlaýarlarmyka, eýgilikmikä diýip, telefony aldym. Telefony alanymam şoldy welin, ýogyn sesli biri: «Salam Bägül» diýip gürledi. Bu ses meniň üçin tanyşdy.
- Salam – diýip, ýetişmänkäm: «Men Gadyr tanadyňmy?» diýdi.
- Hawa, gowumy ýagdaýlaryň, işleriň neneň?!
– Alla döneýin, hemme zat gowy. Bägül, bilýäňmi men saňa okuw ýylymyzyň soňunda diýip, doly aýdyp ýetişmänkä men «Saňa şol temada söz açma» diýipdim. Sen näme şoňa düşünenokmy?! diýip, telefony öçürdim. Soňra ýol bilen: «Gadyr erbet oglanam däl. Adamçylygyna söz ýok. Okuwy gutaranymyza köp wagt geçse-de, harby gulluga gitse-de meni ýatdan çykarmandyr. Meni çyny bilen gowy görýämikä?! Öz ýanymdan Gadyr ýaly oglan tapjakmy ýa tapjak dälmi oda belli däl» diýip pikirlendim. Menem Gadyry erbet göremok. Ýa men onuň sözüni alaýsammykam?! diýip köp pikirlendim. Jora gyzym Suraýdan maslahat soradym. O-da:
– Gadyr gowy oglan. Men bile okaýan döwrümiz şonuň erbetlikde adynyň tutulandygyny eşidemok. Harby gullukda hem özüni aldyryp, birnäçe hormat hatlara, sylaglara mynasyp bolandygyny eşidipdim. Sen oňa: «Ejeň dagyny ugrat, ene-atam razy bolsa menem razy» diýip gör. Näme ederkä?!» diýip maslahat berdi.
Men harby gullugy tamamlansoň, Gadyryň sözüni aldym. Biz Gadyr bilen bileje baýramçylyklarda, dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda ýerleşýän teatrlara kino görmäge giderdik. Bir gezegem edil şu wagtky ýaly ýadymda teatra kino görmäge barypdyk. Şol günem «Söýgi» atly kino görkezildi. Kinodaky baş gahrymanyň öz söwer ýaryna bolan söýgüsi, durmuşyň kynçylyklaryna garamazdan, öz wepaly ýaryna ygrarly bolşy, erjelligi, ugurtapyjylygy aýratyn şöhlelendirilýär. Şol pursatlary synlan Gadyr meniň ýüzüme seredip: «Menem seni edil şu kinodaky oglanyň gyzy söýşündenem beter söýýärin» diýdi. Ýüzüm edil nar ýaly gyzardy. Kino gutardy. Meni Gadyr öýümize çenli ugratdy. Ýolda Gadyr: «Ýaňky gören kinomyzy men Watan goragynda wagtym esger ýoldaşlarymyz bilen görenimde, menem şeýle söýgä duşsadym diýip arzuw edipdim. Ynha, men arzuwyma ýetdim. Şol günden iki hepde geçenden soň, öýümize bir ejemiň bir tanyş aýaly ogly üçin meni sorap öýümize geldiler. Ejem şonda: «Gyzymyzdan sorap göreli» diýip ugradypdyr. Olar gidensoň ejem: «Gyzym, olar gowy maşgala, seniň halaşýanyň ýok bolsa, razy bolsaň, sözüni alsak, neneň görýäň?!» diýdi. Men dymdym. Ejemiň aýdanlaryna garşy çykyp bilmedim. Meniň halaýan ýigidim bar diýip, aýtmaga synanyşdym, emma başarmadym. Meni dünýä getirip, şu güne çenli ekläp-saklap ulaldyp, terbiýe beren ejeme syrymy açyp bilmedim. Çünki, meniň ene-atamyň öňünde perzentlik, onda-da gyz perzentlik borjum bardy. Şonuň üçin men öýdäkileriň pikiri bilen razylaşmalydym.
– Eje, siz näme diýseňiz, şo-da bolar! – diýip, oturan ýerimden turup, öz otagyma geldim. Indi, men Gadyra: «Meni başga birine berjek bolýarlar, biziň söýgimiz gutardy» diýip, nädip aýdarkam?! Pikirler ummanyna batyp otyrşyma Gadyra jaň etdim. Telefony aldy. Ýagdaýlarymy sorady. Gürleşip başlanymyzdan ol meniň keýpimiň ýokdygyny aňdy. Men oňa bar bolan zady bolşy ýaly edip, aýdyp berdim. Şonda Gadyr uludan dem alyp: «Öň bir kitap okadym. Kitapda gyz oglana uly agaç görkezip: «Sen günde şu agaja bir çüý kak» diýýär. Oglan gyzyň aýdyşy ýaly edýär. Aradan ençe wagt geçenden soň gyz oglana şol kakan çüýlerini aýyrmagyny tabşyrýar. Oglan gyzyň aýdanyny edýär. Şol agaçda çüýleriň yzlaryny gördüňmi, edil şolar ýaly meniň ýüregim» diýip, Gadyr sözüni gutarmanka telefony goýdum. Şol günüň ertesi telefon belgimi täzeledim. Ejem, kakam dagy şol gudaçylyga gelýänlere razylygyny berdiler. Toý sähedi bellenildi. Meniň barjak oglanymyň suratyny görkezdiler. Suraty gören wagtym üstümden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Esli wagt gürläp bilmän, doňup galdym. Suraty täzeden synladym. «Allajan, suratdaky çyndanam dogrumyka ýa gözüme görünýärmikä?!» Gözlerime ynanman ýene surata seretsem, çyndanam Gadyr. Şol pursat özümi asmanda erkana gaýyp ýören guşdanam bagtly saýdym. Begenjimden ýaňa Gadyryň el telefonyna jaň etdim ýöne öçükdi. «Gadyryň bu zatlardan habary barmyka ýa ol meniň bilen oýun edesi gelýärmikä» diýip, birneme gaharym geldi. Biziň toýumyz ýakynlady. «Bagt köşgüniň» nikalaşmak dabarasynyň geçirilýän zalyna bardyk. Türkmenistanyň maşgala kodeksine laýyklykda bizi täze ýaş maşgala diýip yglan etmeli adamdan başlap, bu ýere bezemen geýnen Gadyra çenli geldi. Şonda Gadyr birhili allaniçiksi hala düşdi hem-de meniň ýanyma gelip:
– «Gözlerime ynanamok. Gördüňmi nesibämiz bizi nähili duşurdy. Men beýle bolar öýdemokdym. Bilýäňmi, biz nähili bagtly» diýip ýylgyrdy. Gördüňizmi ýürekden edilýän arzuwlaryň hasyl bolýanyny. Edil şol arzuwlara şu gün tegelek bir ýyl boldy.
Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy