Ýetilen arzuw

Şöhrat aga bilen Sona gelnejäň iki gyzy bar . Uly gyzy Selbi we körpe gyzy Maral.

Selbiniň  çagalykda  ýatkeşlik ukyby pesdi, şonuň üçin hem ol özüne kem baha berýärdi. Daş-töweregindäkiler hem Selbini  ukypsyz , hiç hili işi başarmaýan diýip hasaplaýardylar.

Maral Selbiden iki ýaş kiçidi. Maral çagalygyndan düşbi , alçak we çalasyndy .  Selbi bilen Maral çagalar bagyna bile gatnapdylar. Selbiniň ýat tutmaly goşgularyny Maral ondan öňürti ýatlaýardy. Selbi bolsa özüne buýrulan ýumuşy ýerine ýetirip bilmän,  jigisi Maralyň bolsa ýeňillik bilen ýatlaýşyna geň galýardy.

Ýyllar geçip, Selbi mekdebe gatnap başlady. Ol haçanda 3-nji synpa geçende jigisi Maral 1-nji synpa geldi . Maral gelen gününden öz alçaklygy bilen beýleki çagalardan saýlanyp  , mugallym ony synp toparynyň başlygy   edip belledi . Maral örän okuwa höweslidi, ol harplary çalt öwrenip, Selbiniň okuw  kitaplaryny okaýardy . Selbi  bolsa öz geçýän derslerinden agsaýardy.

Ýyllar öz ornuny indiki ýyllara berýärdi. Selbi haçan–da 5-nji synpa gadam basanda biologiýa dersini geçip başlady. Bu dersden okadýan mugallym öz ugruny örän gowy bilýän, durmuşda–da ençeme kynçylyklary ýeňip geçen , tejribeli pedagogdy.  Ol öz dersini gyzykly gurap, okuwçylaryň bilimini artdyrmak isleýärdi. Bir güni ol Selbiden  geçilen temany gürrüň bermegini sorady. Selbi hem başardygyndan jogap berdi. Temany diňläp bolansoň mugallym: “Selbi 3-nji “B” synpdaky Maral seniň jigiňmi? diýip sorady. Selbi hem: “Hawa” diýip jogap berdi. Mugallym hem: “Onda näme üçin ol gowy okaýar-da, sen okaňok?!” diýip sorady. Selbi hem: “Men kiçikäm kän keselläpdirin, men ejiz bolupdyryn” diýip jogap berdi. Mugallym ýylgyryp: “Selbijan sen ýalňyşma näme jigiň hiç kesel bolan däldir, diýip pikir edýärsiňmi? Sen bir hakykaty boýnuňa almany başar! Men ýalta, jigim bolsa okaýar” diýip, eger senem okasaň, senem jigiň ýaly bilersiň, hemme zady başararsyň” diýip aýdan sözleri Selbiniň ýüreginde bir uçgun döretdi. Selbi indi başgaça pikir ýöredip başlady. Ol  özüne: “Men köpräk okamaly, men ýaltanmaly däl, men muny başararyn!” diýip hereket edýärdi.

Assa – ýuwaş Selbiniň bahalary gowulanyp başlady, mugallymlaryň hem oňa bolan garaýşy üýtgäpdi. Selbiniň tebigat ylymlaryna bolan söýgüsi beýikdi. Esasan hem geografiýa dersini aýratyn höwes bilen okaýardy. Bu dersden okadýan mugallym Selbä ders bäsleşige gatnaşmagyny teklip etdi. Selbi özüne bildirilen ynama begenjinden iki bolup  bilmedi. Ol 6-njy synpda ders bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 3-nji orny, 8-nji synpda 1-nji orny eýeledi. Selbiniň özüne bolan ynamy has–da artýardy.

Ýyllar geçip Selbi 11-nji synpa ýetip geldi. Indi Selbiniň öňünde uly maksatlary bardy. Ol geografiýa dersinden mugallym bolmak isleýärdi. Şonuň üçin ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň giriş synaglaryna  taýýarlanyp başlady. Orta mekdebi diňe bäşlik baha bilen tamamlan Selbi tomus günleri giriş synaglaryna taýýarlandy.

Ine synag güni hem gelip ýetdi, Selbi örän tolgunýardy, nähili bolarka, diýip gorkýardy, okan zatlaryny birin-birin ýatlady.

Selbä synagda bilýän, okan temalary boýunça sorag düşendigine seretmezden,  aljyrap, jogaplaryny ýalňyşyp, synagdan geçip bilmedi.

Sussupes çykan gyzyny görüp, Sona gelneje hemme zady aňdy. Selbi ejesini görüp aglap başlady , ejesi hem ony gujaklap: “Goý aglama, hemme zat gowy bolar” diýip köşeşdirýärdi. Selbiniň kakasy hem sabyrsyzlyk bilen netijäni bilmek üçin jaň edýärdi.  Sona gelnejäniň: “Ýok, bolmady” diýen sözlerinden soň, Şöhrat aga: “Siz onda gaýtmaňda, Selbiniň resminamalaryny ýörite orta hünär mekdepleriniň birine tabşyryň, belki indi şowuna bolar” diýdi. Selbi hem: “Men uniwersitetde okajak” diýip, üzül-kesil jogap berdi. Sona gelnejäň iň uly aýal dogany Şasenem gelneje-de olaryň ýanyndady. Hiç haçan durmuşda ejizlemezligi sapak edinen Şasenem gelneje: “Sona gyzyň  ýüreginde  arzuwy bar, goý ol bir ýyl taýýarlansyn, geljek ýyl ýene–de nesibesini synap görsün” diýip  nygtady. Sona gelneje hem Şasenem gelneje bilen razylaşyp, Selbi bilen  öýüne oba dolandylar.

Öýüne gelensoň, Selbiniň ejesidir kakasy mundan beýläk näme etmelidigi barada oýlanýardylar. Soňra olar Selbini welaýat merkezindäki dil merkeze okamaga ugratdylar. Ol ýerde Selbi iňlis dili, matematika kurslaryny bilelikde okaýardy. Selbiniň okaýan dil merkeziniň ady “Ilkinji gadamdy”. Her gezek ol bina girmänkä, binanyň adyna gözi düşende: “Bu ýer meniň indiki durmuşym üçin  hem ilkinji gadamdyr” diýen pikir bilen girýärdi. Ýygy – ýygydan geçirilýän synaglarda ýokary bal alýandygy üçin Selbiniň ady hemişe sanawda ýokary onlugyň içinde durýardy.

Günleriň birinde Selbi demir ýol menzilinde otla garaşyp durka bir otly gelip durdy we bu otludan boýunlaryna medallar dakynan türgen  oglan – gyzlar  düşüp gelýärdiler. Olara menzilde ene – atalary, doganlary garaşyp durdular. Türgenleriň ene – atalary  öz çagalaryna buýsanyp, ýeňşi bilen olary bagryna basyp, gutlaýardylar. Bu sahna Selbiniň göz öňünden hiç gitmedi. Selbiniň gözüne ýaş aýlanyp, içinden: “Men hem ömrümde iň bolmanda bir gezek boýnuma medal dakyp görsedim” diýip arzuw etdi.

Şeýlelikde ýene tomus ýetip geld. Giriş synaglaryna gatnaşmak üçin resminamalar kabul edilip başlandy. Selbi giriş synaglary  baradaky maglumatlar bilen tanşyp, öz okan ugurlaryna gabat gelýän synaglary bar bolan ýokary okuw jaýlaryny saýlady. Köp oýlanyp,  Selbi bir karara geldi. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetini saýlady we resminamalaryny  tabşyrdy. Bu ýyl Selbä şowly gelip, ol “talyp” diýen  ada eýe boldy. Selbiniň: “Men uniwersitetde okajak” diýen sözleri  ýerine düşdi.

Selbiniň okuwa bolan höwesi  onuň uniwersitetde hem üstünlüklere ýetmegine kömek etdi. Ol ikinji ýyllyga gadam basanda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary döwründe  meýletinçi bolup gatnaşdy. Şol bäsleşiklerde türkmen türgenleri ýeňiş gazanyp, boýunlaryna medal dakynanyna gözi düşende Selbiniň  demir ýol menzilinde eden arzuwy ýadyna düşdi. Ýöne Selbi haýsy ugurdan medal aljagy barada oýlananda onuň öňünde boşluk emele gelýärdi.

Ýyllar geçip, Selbi 3-nji ýyllyk talyp boldy. Täze okuw ýylynda girizilen dersleriň arasynda  “Ekologiýa” dersi hem bar eken. Selbiniň tebigat ylymlaryna bolan söýgüsi ýene möwç urup başlady. Ol şu ders boýunça ders bäsleşigine gatnaşmak üçin taýýarlanyp başlady. Bäsleşige taýýarlaýan  tejribeli, uly mugallym Gülbahar  Ahmetýarowady. Onuň hemişe aýdýan bir sözi bar: “Maňa marafonçylar gerek, ýüz metre ylgaýanlar däl”. Bu sözleri eşidip, talyplar özlerini türgen ýaly duýýardylar. Şeýle taýýarlyklardan soňra Selbi ders bäsleşigine gatnaşyp, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2-nji orna eýe boldy. Şol gün  Selbiniň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriň birine öwrüldi.

Ders bäsleşiginde üstünlikli gatnaşyp, baýrakly 2-nji orny eýeländigi üçin Gülbahar mugallym Selbä ekologiýa dersi boýunça geçiriljek internet olimpiadalaryna gatnaşmagy teklip etdi. Selbi  hem bildirilen bu uly ynama jogap edip, bäsleşiklere höwes bilen gatnaşyp, halkara internet olimpiadasynda kümüş medala, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda üç ugur boýunça türkmen dilinde ilkinji gezek geçirilen internet olimpiadasynda  1-nji orny eýeläp,  ençe wagtlap arzuw eden “Altyn” medalyny boýnuna dakmak  bagtyna eýe boldy .

Selbi indi durmuşda diňe öňe hereket etmelidigini, arzuw – maksatlaryňa ýetmek üçin ýadawsyz zähmet çekmelidigini sapak edindi.

“Alla ýetdirmejek zadyny arzuw etdirmez !”… 

Durjan Ýernazarowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyllyk talyby.

Ýene-de okaň

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Gwardiola üçin täze teklip

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri