BILIM

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Se­na­gat we ra­ýat jaý gur­lu­şy­gy.
  2. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­ma­laş­dy­ryş.
  3. Ne­bit we gaz gu­ýu­la­ry­ny bu­rawla­mak.
  4. Ne­bit we gaz kän­le­ri­ni iş­läp geç­mek.
  5. Ne­bit­gaz gu­ýu­la­ry­ny düýp­li abatla­mak.
  6. Ne­bit­gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni we ne­bit­gaz am­mar­la­ry­ny gur­mak we ulan­mak.
  7. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­ro­ter­mi­ki ul­gam­la­ryň önüm­çi­li­gi.
  8. Ne­bit we gaz kän­le­ri­niň geo­lo­gi­ýasy we ag­ta­ryl­ma­sy.
  9. Gu­ýu­la­ry bar­la­ma­gyň geo­fi­zi­ki usul­la­ry.
  10. Hi­mi­ki bir­leş­me­le­riň hi­li­ne ana­li­tiki gö­zeg­çi­lik et­mek.
  11. Hi­mi­ýa, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň en­jamla­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak.
  12. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit.
  13. Ne­bit, gaz kän­le­ri­niň en­jam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak.
  14. Ener­gi­ýa ho­ja­ly­gy we elekt­rik üpjün­çi­li­gi.
  15. Komp­ýu­ter ul­gam­la­ry we toplum­la­ry.
  16. Yk­dy­sa­dy­ýet we san­ly mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry.
  17. Ama­ly geo­de­zi­ýa.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nista­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geçme­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Bal­ka­na­bat şä­herin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji awgus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (anke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lanýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çyla­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­giniň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­menis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­manyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge isleg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mina­ma­lar bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýärler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rinde har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­datna­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­laýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik orta hü­när okuw mek­de­bin­de (Bal­ka­na­bat ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler boýun­ça ge­çi­ril­ýär:

hi­mi­ki bir­leş­me­le­riň hi­li­ne ana­li­ti­ki gözeg­çi­lik et­mek hü­nä­ri — hi­mi­ýa, ma­te­ma­tika, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

ga­lan äh­li hü­när­ler — fi­zi­ka, ma­te­mati­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­menis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­satna­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gelip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler on­dan soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geçen­ler.

“Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň Bal­ka­na­bat ne­bit­çi­lik or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Bal­ka­na­bat ş., Ata­my­rat An­na­ny­ýaz og­ly kö­çe­si, 11, tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-16, 7-01-24, 7-01-18, 7-01-14.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar