JEMGYÝET

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana gol çekti.  Permanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp şeýle hormatly adyň dakylýandygy bellenilýär.

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa kafedrasynyň professory Amanguly Magtymowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktory Berdinyýaz Atabaýewiç Babanyýazowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň müdiri Myrat Öwezgeldiýewiç Haitowa,

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň matematika mugallymy Aga Narçaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Akmyrat Kertikowa,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň müdiri Mämmetguly Meretdurdyýewe,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň Ahal obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Şamyrat Goçmyradowa,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň uly mugallymy Amanmyrat Orazgulyýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Gumdag şäherindäki 1-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Şamyrat Hydyrowa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Döwletnyýaz Hojaýewe,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Aranowiç Allaýewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Arazmet Jumagulyýewe,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Nurnepes Jumaýewe,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Farap etrap hassahanasynyň Anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminiň lukmany Kammyl Kerimowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 19-njy orta mekdebiniň müdiri Rozykuly Beşimowiç Huddyýewe,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Mülk geňeşliginiň Gyzan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Ylýasowa,

Mary welaýatynyň «Gurbanguly Hajy» dini guramasynyň başlygy we baş ymamy Amangeldi Agajanowiç Myradowa,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasynyň Terapiýa bölüminiň müdiri Amangeldi Täşliýewiç Hommakowa,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Täzedurmuş geňeşliginiň Täzedurmuş obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Kakadurdy Eşekowa.

 

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys