MEDENIÝETTESWIRLER

Türkmen gyz-gelinleriň waspyny edip…

Ýurdumyzda zenanlara, gyz-geliniň terbiýesine juda uly üns berilýär. Türkmeniň milli öwüşginli egin-eşiklerini geýnip, uz basyp ýöräp gelýän türkmen zenany gözelligiň nusgasydyr. Çünki türkmeniň ajaýyp keşdeleri, milli şaý-sepleri edepli-ekramly mylaýymzada gelin-gyzlaryň egninde, ajaýyp bir sungat eserini ýatladýar.

Häzirki wagtda türkmen gelin-gyzlary türkmeniň gadymdan gelýän ajaýyp ýaka nusgalarynyň döwrebaplaşan görnüşlerini uly höwes bilen geýinýärler, şeýle-de dürli daşlar, hususan hem hakyk daşy oturdylan şaý-sepleri uly isleg bildirip dakynýarlar.

Syny gözel, edep talaby juda ýokary halkymyzyň şeýle ýokary bahasyna mynasyp bolýan gyz-gelinleri terbiýeläp ýetişdirmegiň ýoly bir… Munuň üçin halkymyzyň köp asyrlar taraşlan millilik ýoluna daşdan berk, gala ýaly synmaz hormatyň hem ygraryň bolmaly. Meselem, bir öýüň gyz-gelniniň edebine, öý-içerisine yhlas edişine baha berlende, tamdyr-ojagyny synlapdyrlar. Tämiz gelniň tamdyrynyň körüginiň öňünde kül üýşüp durmaz. Kendirigi, elegi, hamyr jamy, ýeňligi, dürtgüji, repidesi – hersi öz ýerinde, tämiz saklanýandyr. Bu gylyk-häsiýetler türkmeniň ene-mamalaryndan bu günki günlere gelip ýetipdir. Asyllygyň, edepliligiň mysalydyr türkmen gyz-gelini…

Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Türkmen gyzlary geýinmekde, geplemekde, iýip-içmekde utanç-haýany saklapdyr. Hoşgylaw we mylaýymzada gyzlar ene-atanyň göwün şady hasaplanypdyr. Ene-atanyň ilkinji borjy gyzlaryna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir.

Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler. Gözel gyzlaryň daşky owadanlygy bilen olaryň edep-ekramy hem taryplanypdyr. Türkmen gözeli taryhyň ähli döwürlerinde öz edebini saklap bilipdir. Muňa edebi eserlerimizde döredilen zenan keşpleri şaýatlyk edýär. Görüm-göreldesi, mylaýym häsiýeti, zenan mertebesini saklaýşy bilen uly abraýa eýe bolan türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň ady taryha-da girendir.

Gelin-gyz gözelligi diýlen düşünje ruhy gözelligi-de, keşbiň, egin-eşigiň, edebiň, gylyk-häsiýetiň gözelligini-de öz içine alýar. Sözüň hakyky manysynda gözel bolmak üçin diňe keşbiň gözelligi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ynsanlyk durkuň gözel bolmagy gerekdir. Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» goşgusyny ünsli okasaň, asylly türkmen gözeliniň ruhy sypatlary we fiziki keşbi janlanýar.

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Onyň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli-ekramly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Şahyr öz goşgy setirlerinde gyz-gelinleriň daşky gözelligini we içki dünýäsini, ýagny edepliligini şahyrana beýan etmegi başarypdyr.

Gyz maşgala ýaşlykda berilýän edep, öwredilýän edim-gylym ýerlikli bolanda, ol hemişe abraýly gelin bolmaklyga çalşar, öz atasy öýüniň sarpasyny galdyrar. Gyzly öýe hemişe aýratyn sarpa goýlupdyr. «Gyzly öý, soltanly öý», «Gyzly öýe rehnet ýagar», «Gyzly öý gyzyldan halka» diýilýär. Gyzyň keşbi-de, ysy-da güle deňelýär. Diýmek, olar durmuşyň gülleri.

Edebinde edaly, girim-çykymynda nusgalyk türkmen zenanynyň eziz Diýarymyzda hormat-sarpasy hem edil şonuň ýaly üýtgeşikdir. Ene-mamalara bolan çäksiz hormat-sylagynyň nyşany hökmünde ýurdumyzda 8-nji Mart baýramy gözelligiň, näzikligiň, nusgalyk ahlagyň, tükenmez ene mähribanlygynyň baýramy bolup uludan bellenilýär. Türkmenistanda ýaş çagaly eneler, köpçagaly maşgalalar döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldaw-aladasy bilen gurşalyp alnandyr. Eneleriň çen-çäksiz yhlasynyň, täze ömre başlangyç bermek hukugynyň, hakyky kerem-keramatynyň hem irginsiz yhlasynyň nyşany hökmünde Türkmenistanda “Ene Mähri” diýen Hormatly ady, “Zenan kalby” ordeni döredildi. Häzirki döwürde bu arzyly döwlet sylaglary mähriban Watanymyzda perişde ýaly tämiz eneleriň, öýünde-maşgalasynda, önümçilikde hem jemgyýetçilik işinde hemmelere görelde bolmagy başarýan baýdak ýaly türkmen zenanlarynyň onlarçasy buýsanç bilen göterýärler.

Şeýdip apalanyp, goraglanyp saklanýan gyzlar hem özleri hakynda edilýän alada buýsanç bilen jogap bermelidirler. Okuwda bolsun, işde bolsun, jemgyýetçilik ýerlerinde bolsun, ilki bilen, asylly bolmak gyz maşgala, gözellik çaýýar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi