SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türk howaýollary”: Aşgabat gatnawy üçin täze möhlet

Türkmenistanyň Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Bu baradaky habarymyzy saýtymyzdan okap bilersiňiz. Bu habaryň linkini  habaryň ahyrynda hem Size ýetirmek bilen Türkiýäniň “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat gatnawlary baradaky gelip gowuşan maglumata ünsüňizi çekesimiz gelýär.

Türkiýäniň “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat gatnawy barada täze maglumat mälim edildi. “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä,  dünýädäki epidomologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, Aşgabat ugry boýunça amala aşyrylýan gatnawlaryň 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli togtadylýandygy bellenildi.

Soňky döwürde Türkiýeden Türkmenistana uçar gatnawlarynyň haçan başlanjakdygy baradaky sowallar yzygiderli gözlenýän habarlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda durýar. Halkara uçar gatnawlary barada www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna yzygiderli habarlar ýerleşdirýändigimiz üçin Stambul uçar gatnawlary haçan başlaýar ýaly soraglar bize köp gelip gowuşýar.

Şol sebäpli bize “Türkhowayollary” kompaniýasynyň Aşgabat şahamçasyndan gelen maglumatya görä, dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki  ýagdaýyň dowam etmegini nazara tutulyp, Aşgabat gatnawlary ýene-de yza süýşürildi.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda berlen habara görä,  COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Hormatly okyjylarymyz! Bu baradaky habary size ilkinjileirň hatarynda ýetirdik. Mundan beýläk-de bu ugurdaky habarlary size yzygiderli ýetirmek üçin tagalla ederis.

Şu ýerde ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri, Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli çäklendirildi. Şeýle hem, “Türkmendemirýollary” agentliginiň  otly gatnawlary hem 1-nji noýabra çenli togtadyldy.

Şu gün saýtymyza ýerleşdirilen aşakda linki berilen 4 sany degişli  habaryň Sizi gyzyklandyrjakdygyna ynanýarys.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Şeýle hem saýtymyza  oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly we Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler diýip habar ýerleşdiripdik.  Bellemeli zat, metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti hem uzadyldy.

“Kyrk gyz” gowagy: Size täsinlikler garaşýar

Bu habarlary okamak üçin:

Ýörite Gatnaw :Türkmen raýatlary daşary ýurtlardan getiriler

 

 

Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

 

 

Dellekhana we tikinçilik atelýeleriň iş möhleti

 

 

 

Parom gatnawy bilen raýatlarymyz getiriler

 

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy