PEÝDALY MASLAHAT

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Türkmenistanda yzygiderli ýagdaýda täze applikasiýalar açylýar, bar bolan applikasiýalar täzelenýär we netijede ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi ugrundaky başlangyçlar ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri tarapyndan hem hemme taraplaýyn goldanylýar. Türkmenistan baradaky habarlary gyzgyny bilen dünýäniň halk köpçüligine Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde, şeýle hem dünýädeki käbir gyzykly wakalary Türkmen dilinde giň okyjylar köpçüligine ýetirip gelýän “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty özüniň Android ulgamynda işleýän Applikasiýasyny okyjylaryna hödürleýär. Täze “Ata Watan Türkmenistan” applikasiýasynyň üsti bilen Siz saýtymyza ýerleşdirilýän habarlary has aňsat okap bilersiňiz we ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän wakalar bilen dessine tanyş bolarsyňyz!

Bu applikasiýa saýtymyzyň ilkinji we synag görnüşindäki applikasiýasy bolup döredijilik toparymyz applikasyýany mobil telefonyňyza şu ýere basyp ýükläp almagyňyzy we ulanýan wagtyňyz ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlar bilen baglanşykly  bar bolan tankydy bellikleriňizi turkmenlawyer@hotmail.com salgysyna ibermegiňizi haýyş edýär.

Hormatly okyjylarymyz şeýle hem applikasiýa goşulmagyny teklip edýän aýratynlyklaryňyzy hem bize ýetiriň! Gelejekde IOS ulgamy üçin hem applikasymyz taýýar bolar we giň okyjylar köpçüligine ýetiriler.

 

Atavatan Türkmenistan APP ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

 

Gyzykly we Peýdaly Habarlar: “Atavatan Türkmenistan”

 

Käbir habarlarymyz:

Halkara gatnawlarda Stambuldan soňra beýleki ugurlar

Söwda, jemgiýetçilik, hyzmat we sport kärhanalarynyň işine çäklendirmeleri uzaldyldy

Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

Hazarda balyk tutmak bolar

Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek

Diplomy ykrar edilýän halkara okuw jaýlarynyň sanawy

Перейдя по ссылке вы сразу откроете каталог с последним видео и все они доступны для скачивания

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik