SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Syýahatçylar üçin täze düzgün

Türkiýe Respublikasy tomus möwsüminiň  gelmegi bilen syýahatçylyk pudagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýurduň käbir ministrlikleri, şol san-da Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi sagdyn syýahatçylyk sertifikasiýa meýilnamasyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Türkiýe Respublikasy täze döwürde her bir gelen myhmany lukmançylyk barlagyndan geçirmegi meýilleşdirýär. Türkiýäniň metbugatyndaky habarlara görä, ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý syýahatçy iberen ýurtlara hoşniýetlilik haty ýollap, olara syýahatçylyk pudagy üçin taýýardyklaryny mälim etmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy. Ministriň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda myhmanhanalaryň 50-60 göterimini işletmegiň  gaty gowy boljakdygy aýdylýar.

Türkiýe Respublikasy iýun aýyndan başlap, ýurduň ähli howa menzillerinde we beýleki serhetýaka ýerlerinde lukmançylyk barlag nokatlaryny döretmekçi bolýar. Şeýlelikde her bir syýahatçy barlagdan geçiriler. Barlagyň netijesiniň 5-6 sagatda belli bolýandygy, syýahatçynyň Türkiýedäki salgysy belli bolandygy üçin degişli işleri geçirmegiň mümkindigi mälim edildi. Lukmançylyk barlagynyň pasport barlagyndan öň, 2-3 minudyň dowamynda amal etmegiň mümkindigi aýdyldy.

Şeýle hem myhmanhanalarda mebelleriň, deňiz kenaryndaky oturgyçlaryň araçägi 1,5 metr bolar. Mundan başga-da, bu ýagdaý nahar üçin durulýan nobatlar üçin hem degişlidir.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň taýýarlan maksatnamasy myhmanlara Türkiýede dynç alşyny ygtyýarly we gigiena tarapyndan has gowy şertlerde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Halkara guramalar tarapyndan beriljek sertifikat bilen howa menzillerinde we beýleki ulag serişdelerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda gigiena şertleriniň  iň ýokary derejesi gazanylar.

Bu maksatnamanyň 4 ugurda, ýagny, “ýolagçylaryň saglygy we howpsuzlygy”, “işgärleriň saglygy we howpsuzlygy”, “Desgalardaky öňüni alyş çäreleri” we “ulag serişdelerindäki öňüni alyş çäreleri” ýaly ugurlary öz içine alýar.

 

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy