ATAWATAN ESERLERİ

Ýaşlaryň söýgüli eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  https://www.atavatan-turkmenistan.com/   saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy öňem yglan edişimiz ýaly “Söýgi – durmuşyň özeni”!

Bäsleşige gysga wagtyň dowamynda onlarça makala hödürlendi we bu makalalary saýtymyza ýerleşdirmäge başlaýarys. Bu habarymyza bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen eserleriň sanawy ýerleşdiriler we saýtymyza ýerleşdiriliş senesine laýyklykda yzygiderli bu habarymyz täzelenip durar. Şol sebäpli ähli söýgi mowzugyndaky makalalary okamak we täze goşulan makalalardan habardar bolmak üçin bu habarymyzy wagtal-wagtal okap durmagyňyzy haýyş edýäris. Biz bu habara täze makala goşan wagtymyz özümiziň resmi hasaplarymyzda paýlaşarys.

 

Hormatly Awtorlar,

Eserleri atawataneserleri@gmail.com  salgysyna ““Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen ugratmagy unutmaň!

Ähli Söýgi Eserleriň Sanawy

  1. Selbi Aşyrowa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant, Eseriň saýtymyzdaky linki , Ýürekden edilen arzuwlar, Eseriň Instagram linki
  2. Ýaran Akmämmedow, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant, Eseriň saýtymyzdaky  linki, Söýgi — durmuşyň özeni, Eseriň Instagram linki
  3. Aýsenem  Gurbanowa, žurnalist,  Eseriň saýtymyzdaky  linki, Barlygyňda baýdyryn, Eseriň Instagram linki,
  4. Şasenem Mürriýewa,  Eseriň saýtymyzdaky  linki,“Söýgi – durmuşyň özeni”, Eseriň Instagram linki
  5. Aýmyrat Hudaýberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi gudraty, Eseriň Instagram linki
  6. Mekan Bäşimow, Magtymguly adyndaky Türkmen  döwlet  uniwersitetiniň Matematika fakultetiniň  3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi synagy, Eseriň Instagram linki
  7. Rahmanberdi Gökleňow, žurnalist, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi-durmuşyň özeni, Eseriň Instagram linki
  8. Saparnepes Atabaýew, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki,
    “Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly,
    Eseriň Instagram linki
  9. Oguldursun Ugurlyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Seni ilkinji söýen adam kim?, Eseriň Insatgram linki.
  10. Atamyrat Ýazweliyev, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuş otlusy, Eseriň Insatgram linki.
  11. Aýsülük  Sapargylyjowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Liriki oýlanma, Eseriň Instagram linki.
  12. Ezizmuhammet Gurbanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi ― ömrüň güli,  Eseriň Instagram linki.
  13. Gülşat Jorayeva, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Çyn sungatyň hökümi,  Eseriň Instagram linki.
  14. Kerimberdi Hakberdiýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgülimiň romaly ,  Eseriň Instagram linki.
  15. Süleýman Aýmämmedow, Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ol bilmelidi,  Eseriň Instagram linki.
  16. Maral Akmyradowa, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ata mähri ,  Eseriň Instagram linki.
  17. Gurbanmämmet Ýegenmyradow, žurnalist, Eseriň saýtymyzdaky linki, Kaka, ejem nirede?! ,  Eseriň Instagram linki.
  18. Ahmet Atanyyazov, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuşa bolan söýgüniň gözbaşy,  Eseriň Instagram linki.
  19. Eziz Tatarov, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýagty durmuşa bolan ýagşy umyt, Eseriň Instagram linki.
  20. Humaý Mämmedowa, “TOPH” gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň Arhiw müdiri, Eseriň saýtymyzdaky linki, Gülnar daýzaň agtygy,  Eseriň Instagram linki.
  21. Humaý Çaryýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýmek söýülmek bagty,  Eseriň Instagram linki.
  22. Laçyn Mirabowa,  Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, “Hatyja käýedimi?”,  Eseriň Instagram linki.
  23. Gülälek Söýeşowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy, Söýgi bilen ýetilen sepgit,  Eseriň saýtymyzdaky linki,  Eseriň Instagram linki.
  24. Altynjemal Rahmanowa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň hünärmeni, Eseriň saýtymyzdaky linki, Çyn söýgüniň yhlasy,  Eseriň Instagram linki.
  25. Ogulnäzik Çopanowa, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýürekleriň melhemi,  Eseriň Instagram linki.
  26. Seýli Hudaýnazarow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby gullukçysy (uly leýtenant), Eseriň saýtymyzdaky linki, “Siz durmuşy näme deňeýärsiňiz, söýgi – lezzetmi ýa-da ezýet?”Eseriň Instagram linki.
  27. Şaperi Otuzowa, Žurnalist, Eseriň saýtymyzdaky linki, Kalp we dünýä şasy, Eseriň Instagram linki.
  28. Remezan Gullyýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Muňa ykbal diýilýär, Eseriň Instagram linki.
  29. Sapa Hommadow, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ejeme ugratmajak hatym, Eseriň Instagram linki.
  30. Oguljeren Öwezmyradowa, Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynyň baş hünärmeni, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi-Allanyñ peşgeşi, Eseriň Instagram linki.
  31. Leýli Arazgeldiýewa, Russiýa Federasiýasynyň Kazan federal uniwersitetiniň Geografiýa-ekologiýa hünäriniň II ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi – durmuşyň özeni , Eseriň Instagram linki.
  32. Leýli Amanowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Gara bagtym, Eseriň Instagram linki.
  33. Aşyr Aşyrow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Sary güýzüň çynary , Eseriň Instagram linki.
  34. Güljemile Ataýewa, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuşyňyz süýji bolsun, Söýgiň mydam güýji bolsun!,  Eseriň Instagram linki.
  35. Jemal Ýalkabowa,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdürliginiň harby gullukçysy, kapitan, Eseriň saýtymyzdaky linki, Tekepbir bol çykyp bolmaz gaýa dek, Eseriň Instagram linki.
  36. Sähragül Onjaýewa, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Zähmete we söygä bolan ynam, Eseriň Instagram linki.
  37. Ogultäç Atamedowa,  Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şaheriniň ýaşaýjysy, telekeçi, Eseriň saýtymyzdaky linki, Alçy gopan aşyk, Eseriň Instagram linki.
  38. Laçyn Rahmanowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Bagyşla meni, Eseriň Instagram linki.
  39. Ezizmuhammet Gurbangeldiýew, harby talyp, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ene söýgüsi, Eseriň Instagram linki
  40. Begnazar Atanyýazow, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Inkassasiýa bölümçesiniň başlygy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Hakyky söýgi we onuň döremegine sebäp bolýan zatlar , Eseriň Instagram linki.
  41. Mahym Begliýewa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ykbalyň täsin sowgady, Eseriň Instagram linki.
  42. Ogulgerek Hojaýewa, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Aşyk jepasy, Eseriň Instagram linki.
  43. Maksat Taganow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, “Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek, Ýene ýazjak öňkülerim az ýaly…”, Eseriň Instagram linki.
  44. Meýlis Gurbangeldiýew, Harby institutyň 5-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Tötänleýin duşuşyk, Eseriň Instagram linki.
  45. Ogulgerek Aşyrowa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söwer dogan,  Eseriň Instagram linki.
  46. Ogulgözel Şagulyýewa, žurnalist, “Zenan kalby” žurnalynyň bölüm müdüri, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Ýakymly pursatlar,  Eseriň Instagram linki.
  47. Pälwan Begliýew, esger, Eseriň saýtymyzdaky linki, Täze ýyl ýatlamasy, Eseriň Instagram linki.
  48.  Gülruh Atabaýewa, TDIM-niň Halkara Gatnaşyklary institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi-bagtyň köprüsi Eseriň Instagram linki.
  49.   Resul Madekow, Mary etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Baky söýgüniň öçmejek alawy, Eseriň Instagram linki.
  50. Gurbangözel Orazowa, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni, Eseriň saýtymyzdaky linki, “Söýgi”, Eseriň Instagram linki.
  51. Mahym Nurgeldiýewa, Gökdepe etrabynyñ 18-nji çagalar bagynyñ terbiýeçisi, Eseriň saýtymyzdaky linki, Säher ýyldyzy,  Eseriň Instagram linki.
  52. Gyzylgül Mommyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hänäriniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi nirede..?,  Eseriň Instagram linki.
  53.    Baýramgül Ödeşowa, lukman, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi hakda oýlanmalar,  Eseriň Instagram linki.
  54. Sona Halykowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgini güýjeden aýralyk Eseriň Instagram linki.
  55. Sopy Sopyýew, Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ene – iň eziz barlyk,  Eseriň Instagram linki.
  56. Merettäç Sopyýewa, Balkanabat şäheriniň  1-nji orta mekdebiniň taryh  mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Gül Eseriň Instagram linki.
  57. Așyr Gurbangeldiýew, Balkan welaýat, Serdar șäheriniň ýașaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Lifizm – liriki filosofiýa, Eseriň Instagram linki.
  58. Seýli Aryşow, Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ene söýgüsi Eseriň Instagram linki.
  59. Öwezmyrat Ýerbendi, Edebi konsultant, Türkmenistanyň  Alp Arslan adyndaky milli drama teatry, Eseriň saýtymyzdaky linki, Aýal,  Eseriň Instagram linki.
  60. Ogultäç Oraztaganowa, şahyr, «Galkynyş» gazetiniň bölüm redaktory, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ol muny duýmandy…,  Eseriň Instagram linki.
  61. Gurbanbagt Nuryýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Watan-başymyzyň täji, Eseriň Instagram linki.
  62. Aýnur Semetowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Watan nireden başlanýar!,  Eseriň Instagram linki.
  63. Oguljennet Çaryýewa, Ýanka Kupala adyndaky Grodna döwlet uniwersiteti Pedagogika fakulteti 2-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Baky ýaşarlar,  Eseriň Instagram linki.
  64. Gülbahar Atadurdyýewa, Türkmenistanyň Serhet institutynyň alym kätibi, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Watana, mertebä söýgi beýany, Eseriň Instagram linki.
  65. Atamyrat Şagulyýew, žurnalist,  “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnaly, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Bagtyň güneşi ,  Eseriň Instagram linki.
  66. Şeker Arazberdiýewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň matematika mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Gizlin söýgi Eseriň Instagram linki
  67. Akmaral Handurdyýewa, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyñ Mollanepes geñeşliginiñ ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýmek, söýülmek- iň elýetmez bagt,  Eseriň Instagram linki.
  68. Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Aýtmasy kyn bolan “üç söz”,  Eseriň Instagram linki.
  69. Arazgül Öwezowa, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Dosta bolan ynam we dosta bolan söýgi, Eseriň Instagram linki.
  70.  Arzuw Salyhowa, Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Armanly söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  71. Baky Nurmuhammedow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk fakultetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi bu üstünligiň gözbaşy,  Eseriň Instagram linki.
  72. Dursun Tekäýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň terjimeçisi, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi dünýäniň sallançagydyr,  Eseriň Instagram linki.
  73. Hemra  Täçgylyjow, Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Iň gadymy söýgi poemasy,  Eseriň Instagram linki.
  74. Mälikberdi Hojammaýew, TGMHI 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi hakda oýlanma,  Eseriň Instagram linki.
  75. Baýramsoltan Ilgeldiýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Söýgüniň üç görnüşi, Eseriň Instagram linki.
  76. Isadurdy Gylyjow, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň 5-nji orta mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Eseriň saýtymyzdaky linki, Watan söýgüsi – ýüreklerde bakydyr,  Eseriň Instagram linki.
  77. Orazjemal Orazowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Goşa çynar, Eseriň Instagram linki.
  78. Maksat Haraýmanow, Harby-deňiz institutynyň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi synaglary,   Eseriň Instagram linki, 
  79. Şatlyk Silapow, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Seniň özüň nähili hereket edýärsiň?!, Eseriň Instagram linki.
  80. Sapa Pirnazarow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Yşk oduny ýakan gözler,  Eseriň Instagram linki.
  81. Rana Gaýlyýewa, Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Sahypalara sygmadyk söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  82. Nurgeldi Ilgeldiýew, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Enäniň söýgüsi—sönmez ýyldyzdyr,  Eseriň Instagram linki.
  83. Dawut Myradow, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereket obasynyň 11-nji synp okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Bizde…,  Eseriň Instagram linki.
  84. Tawus Kakaýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory, Eseriň saýtymyzdaky linki, Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi, Eseriň Instagram linki.
  85. Selbi Öwezmyradowa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ 3-nji ýyl talyby,  Eseriň saýtymyzdaky linki, Enäniñ perzendine bolan söýgüsi- iñ beýik söýgüdir,  Eseriň Instagram linki.
  86. Sylap Sylapow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn,  Eseriň Instagram linki.
  87. Amansoltan Jumaýewa, Ahal welayatynyň Sarahs etrabynyñ ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,   Kakam hakda ýatlama….,  Eseriň Instagram linki, 
  88. Bägül Baýramowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Iki men,  Eseriň Instagram linki., 
  89. Baýmyrat Babaýew, Balkanabat nebitçilik orta hünär mekdebiniň 3-nji yyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Watan söýgüsi – belent mertebe ,   Eseriň Instagram linki.
  90. Doyduk Gujiyewa, TOHU-nyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Hawa, meniň adym Doýduk., Eseriň Instagram linki, 
  91. Dilbar Ismailowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Söýgi-durmuşyñ özeni, Eseriň Instagram linki.
  92. Maýsa Kyýasowa, “Ahal durmuşy” gazetiniň habarçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Atyzda aýdylan söz,  Eseriň Instagram linki.
  93. Güljemal Ilgeldiýewa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinin ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Hakyky söýgi,  Eseriň Instagram linki
  94.   Öwezgeldi Ataýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk fakultetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgüniň gadryny biliň! Eseriň Instagram linki.
  95. Rahym Begenjow, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Dostluk,  Eseriň Instagram linki.
  96. Nagyma Osmanowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýetilmedik söýgi,  Eseriň Instagram linki., 
  97. Dürli  Kakaýewa, “Watan”  radioýaýlymynyň  işgäri, Eseriň saýtymyzdaky linki, Duýguçyl  gyz,  Eseriň Instagram linki.
  98. Goçmyrat Orazberdiýew, Watan”  radioýaýlymynyň  «Ylham» bölüminiň jogapkär kätibi, Eseriň saýtymyzdaky linki, Bir gülüň yşgynda,  Eseriň Instagram linki.
  99. Abadan Gurbangeldiýewa, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Paýlaşmak — bu söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  100. Selbi Soltanýazowa, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Jogapsyz söýgi,  Eseriň Instagram linki., 
  101. Döwletmyrat Seýitmedow, “Watan”  radioýaýlymynyň  işgäri, Eseriň saýtymyzdaky linki, Esger söýgüsi,  Eseriň Instagram linki, 
  102. Käbe Sarenko, “Watan” radioýaýlymynyň  işgäri, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Sen gelersiň, gelersiň sen men diýip…, Eseriň Instagram linki, 
  103.  Guwanç Ballyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýalan söýgä ýanan söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  104. Gülälek Seýitliýewa, Mary etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ himiya-biologiya mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Daşyndan açylmaýan gapy, Eseriň Instagram linki.
  105. Bägül Dawliýewa, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi, Eseriň Instagram linki.
  106. Kerwen Miriýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Wepalylyk,  Eseriň Instagram linki.
  107. Ogulsuraý Meredowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşuk institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, ,,Söýgi ýaşaýyşdyr- Söýgi durmuşdyr” Eseriň Instagram linki.
  108. Myrat Tatow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 3-nji ýyl harby talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi gizläp bolmaýan duýgy!!! Eseriň Instagram linki.
  109. Zeýnep Geldimyradowa, Türkiýe Respublikasynyň Seljuk uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki,  “Başa barmadyk söýgi”, Eseriň Instagram linki.
  110. Baýram Gutlyýew, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň rus dili hünäriniň ikinji ýyl talyby, Sähra,  Eseriň saýtymyzdaky linki,  Eseriň Instagram linki.
  111. Tuwak Orazow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 5-nji ýyl harby talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Sessiz söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  112.  Mährem Annamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ene Eseriň Instagram linki.
  113. Şöhrat Batyrow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 1-nji ýyl harby talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Her söýgi bir rowaýat,  Eseriň Instagram linki.
  114. Jumageldi Mülkiýew, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm müdiri, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Bir garyş gamyş, Eseriň Instagram linki.
  115. Gunça Orazowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Soňky duralga Eseriň Instagram linki.
  116. Akmuhammet Döwranow,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Durmuşa söýgi Eseriň Instagram linki.
  117. Sülgün Atabaýewa, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Soňky ökünç, Eseriň Instagram linki, 
  118. Şirin Wekilowa, “Türkmenhowayollary” agentliginin işgäri, Eseriň saýtymyzdaky linki,  Sowgat, Eseriň Instagram linki.
  119.    Güýçnazar Täşliýew, Balkan welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik  toplumynyň mugallymy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Hiňňillikde körän yşk,  Eseriň Instagram linki.
  120. Bagtygül Ernazarowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary  institutynyň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  121. Güljan Durdyýewa, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň habarçysy, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ynha, söýgi,  Eseriň Instagram linki.
  122. Kemal Sabyrow, TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni, Eseriň saýtymyzdaky linki, Söýgi-gudrat Eseriň Instagram linki.
  123. Ogulnur Ataýewa, Ahal welaýat prokuraturasynyň işgärler bölüminiň iş ýöredijisi, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ýolda galan günler,  Eseriň Instagram linki.
  124. Serdar Muhanow, Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň 3-nji ýyl talyby, Eseriň saýtymyzdaky linki, Iň eziz söýgi näme?,  Eseriň Instagram linki.
  125.  Kyýas Narmamedow, Stambul, Türkiýe, Eseriň saýtymyzdaky linki, Ellanyñ hekayasy Eseriň Instagram linki.

 

 

Eseriň saýtymyzdaky linki,  Eseriň Instagram linki.

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Bu habar bilen bilelikde  şeýle hem bäsleşigiň şertlerini Size täzeden ýetirýäris. Ähli bäsleşige eser hödürleýän awtorlaryň bäsleşigiň şertlerini içgin okamagyny haýyş edýäris. Bäsleşige hödürlenen eserleriňizi ““Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen ugratmagy unutmaň!

Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/  saýtynyň döredijilik topary birnäçe bäsleşikleri, ýagny ilki erkin mowzukda, soňra “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” atly temada, Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti  bilen bilelikde şol ýurtda   bilim alýan türkmen talyplaryň gatnaşmagynda bolsa “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşiklerini gurnady. Bu bäsleşiklere köp sanly metbugat işgärleri bilen bir hatarda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.

Nobatdaky bäsleşigimiz bolsa “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýar.

“Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşigi Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny hödürleýän “Makul Hyzmat”  terjime merkeziniň we Stambul şäherinde ýerleşýän we Türkiýede  bilim almak isleýän talyplara okuw maslahatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän  “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.

Bu gezekki bäsleşigimiziň mowzugy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Döredijilik toparymyz hem bäsleşigiň mowzugyny kesgitlemek üçin özara pikir alyşmalary gurnap, jemgyýetiň içinde islendik ýaşlylaryň gatnaşmak mümkinçiligini göz öňüne tutup, hemmeleriň höwes bilen çykyş edip biljek köpugurly tema bolan SÖÝGINI saýladyk.

Bäsleşigiň mowzugy: “Söýgi – durmuşyň özeni”    

Söýgi — mukaddesdir. Ynsanyň töweregini gurşap alýan mukaddeslikler köp. Olaryň ilkinjisi Watandyr. Bu ajaýyp duýgy hakynda näçe wasp etseň-de bärden gaýdýar…Şeýle-de kimdir biri ýaradylyşyň başlangyjy bolan Ylahy söýgüden söhbet etmek islese, kimdir biri ene-ata, dogan-garyndaşa bolan söýgüden gürrüň berer.. Dostdan bagty çüwenler dostluk söýgüsini wasp ederler, gözellige teşne ynsanlar tebigaty söýmekden lezzet alýandyklaryny aýdarlar. Ruhubelent hem şähdaçyk adamlar bolsa ýaşaýşa bolan söýgüsiniň çäksizligini nygtarlar. Geçmişde-de, şu günde-de söwer ýara bolan söýginem sungat derejesine ýetirip, ondan bagt tapýanlaryňam az şaýady bolamzok. Eýsem bu ajaýyplyklary neneň wasp etmejek..

Bu temanyň köptaraplylygynyň siziň her biriňize galam aldyrjagyna ynanýarys.

“Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” ady bilen geçirilen bäsleşigimize eser hödürlän awtorlaryň köpüsi, üstünlik gazanmak üçin esasy şertleriň biri hökmünde, edýän işimizi söýmelidigimizi bize ýatlatdylar. Eýsem, söýgi bolmasa eser ýazmak mümkinmi näme?!

Bu bäsleşigi gurnamak üçin hem bizi höweslendiren güýç-işimize we döredijilige bolan söýgimiz. Şeýlelikde, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/  saýty bu bäsleşikde jemgyýetiň arasyndaky “söýgi köprüsi” boljakdygy bizi buýsandyrýar.

Bäsleşigiň esasy maksady – döredijilige ukyby bolan ýaşlary höweslendirmek, olaryň zehinlerini hem-de başarnyklaryny açyp görkezmekden, jemgyýetiň sanly ulgam bilen aragatnaşygyny işjeňleşdirmekden, ony peýdaly ugra gönükdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar “Söýgi – durmuşyň özeni” diýen köptaraply tema boýunça eserlerini (makalalaryny, oýlanmalaryny, hekaýalaryny, publisistik makalalaryny) hödürläp bilerler.

Bellik: Bäsleşige goşgy kabul edilmeýändigini ýatlatmak isleýäris.

Bäsleşigiň möhleti:

  • Bäsleşikde eserler 01.09.2020ý. senesinden kabul edilip başlanýar.
  • Hödürlenen çykyşlar 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan başlap, saýta ýerleşdiriler.
  • Bäsleşige ugradylýan eserler 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli (sagat 18:00) kabul edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli saýta ýerleşdiriler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda yglan ediler.
  • Ýeňijilere baýrak gowşurmagyň senesi goşmaça habar berler.

Bäsleşigiñ geçiş tertibi

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynda çap ediler.
  • Siziň iberen eserleriňiz “Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän işler saýtda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň eserleri websahypamyza ýerleşdirilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
  • Şonuň üçin gyzykly, çeper, öwredijilik häsiýetli hem-de okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjek eserleri ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
  • Hödürlenjek eserler “Söýgi – durmuşyň özeni” mowzugyndan ýazylan bolmalydyr.
  • Bäsleşige hödürlenýän işler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýatlar gatnaşyp biler. Dünýäniň dürli künjegindäki ildeşlerimiziň iberjek eserlerini okamakdan lezzet alarys.
  • Hödürlenjek eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler. Mysal üçin,awtor öz obasyna bolan söýgüsini beýan eden bolsa, şol oba degişli ajaýyp suratlary goşmagy göz öňüne tutulýar. Bellik: saýtyň talabyna laýyk gelýän suratlar ýerleşdiriler.  Habarlaşmak üçin : +993 62 88 02 63
  • Bäsleşige hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsaişleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir. Awtor islese, özüniň fotosuratyny e-mail bilen iberip biler. (Bellik: awtor tarapyndan iberilen fotosurat talabalaýyk bolsa saýta ýerleşdiriler. Eger-de awtorlar suratlaryny öz maglumatynyň ýanynda ýerleşdirilmegini isleýän bolsa, onda fotosuratyny bize eser bilen bilelikde ibermegini haýyş edýäris. Awtoryň fotosuraty biziň Instagram we beýleki hasaplarymyzda hem eseri bilen bilelikde paýlaşylar).
  • Her awtor bäsleşige özi tarapyndan ýazylan 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
  • Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Bu çäklerden daşgary gelen eserler bäsleşige kabul edilmez. Şol sebäpli ýazan eserleriňizde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
  • Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar we pul baýraklar gowşurylar. Baýraklar Aşgabat şäherinde gowşurylar.
  • Hödürlenen eserler internet saýtymyzda okalan sany (70 %) hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (30 %) boýunça ýeňijiler kesgitlener. Netijäni kesgitlemegiň şertleri barada anyk maglumatlar aşakda berilýär.
  • Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Haýsy-da bolsa bir eser üçin adatdan daşgary, ýagny ýasama okama sany boýunça synanşygyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, ol eser hiç hilli duýduryş berilmezden bäsleşikden çetleşdiriler.

Ýeňijini kesgitlemegiň şerti

Ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 70 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 30 göterim täsir edýär.

Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese, onda “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.

Saýtdan “okalan sany”

Saýtdan okalan sanynyň ortaça hasaplananda 10.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 100 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär.  Mysal üçin saýtymyzda bir eser 4500 gezek okalan bolsa, 4500/100=45 bal alar.

Instragram hasabyndan “halanan sany”

Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Mysal üçin, Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60  bal alar.

Mysallara ýüzleneliň:

A  belgili  eser saýtymyzdan  55 bal alan bolsa (ýagny 5500 gezek okalan bolsa) we  Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan”  bolsa), onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(55*70/100)+(45*30/100)=38.5+13.5=52 bal

B  belgili  eser saýtymyzdan  45 bal alan bolsa (ýagny 4500 gezek okalan bolsa) we Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan”  bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(45*70/100)+(53*30/100)=31.5+15.9=47.4 bal

C  belgili  eser saýtymyzdan  48 bal alan bolsa (ýagny 4800 okalan bolsa) we  Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan”  bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.

=(48*70/100)+(67*30/100)= 33.60+20.10=53.70 bal

Bu ýagdaýda,  C belgili eser 53.70 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 52 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 47.4bal bilen 3-nji orny eýeleýär.

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenen ähli eserleri okamak üçin şu ýere basyň!

Bäsleşik bilen baglanşykly habarlarymyzdan ýakynlaryňyz habardar bolmagyny we olaryň bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolmagyna goşant goşmak we döredijilik toparymyzyň kiçijek zähmetine Sizem öz goşandyňyzy goşmak isleseňiz bu habary öz IMO, Instagram, Linkedin, Facebook we Twitter hasabyňyzdan paýlaşyň we biziň aşakda berilen şeýle hasaplarymyza goşulyp “Like” (halamak)  we Teswirleriňizi goýuň!

Hormatly okyjylarymyz!

Siz şeýle hem, saýtymyza ýerleşdirilen habarlardan gyzgyny bilen “habardar” bolmak üçin biziň aşakda görkezilen jemgyýetçilik torlardaky hasabymyzy yzarlaň!

Resmi  hasaplarymyz:

Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!

Linkedin hasabymyz

Facebook Hasabymyz

 

Instagram hasabymyz

Twitter hasabymyz

Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň

 

Ýeňijilere baýraklar:

“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň bu tapgyrynda  bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigi sebäpli jemi 25 baýrak ýeňijilerine garaşýar. Pul baýraklarynyň jemi möçberi 25.000,00 manata barabar.

Esasy Baýraklar

Baş baýrak:  Samsung Galaxy Watch 46 mm akylly sagat

Ikinji orun : Red Me Note 8 telefon

Üçünji orun : 2.500,00 Manat

Beýleki baýraklary

4-nji orun: 2250,00 manat

5-nji orun : 2000,00 manat

6-nji orun : RedMe 7 A

7-nji orun : 1900,00 manat

8-nji orun : 1800,00 manat

9-nji orun : 1700,00 manat

10-njy orun : 1600,00 manat

11-nji orun :1500,00 manat

12-nji orun :1400,00 manat

13-nji orun Mikrotolkunly peç

14-nji orun : 1300,00 manat

15-nji orun:1200,00 manat

16-nji orun :1100,00 manat

17-nji orun :1000,00 manat

18-nji orun : 900,00 manat

19-nji orun :800,00 manat

20-nji orun : 700,00 manat

21-nji orun: Kabelsiz gulaklyk (nauşnik)

22-nji orun: 600,00 manat

23-nji orun: 500,00 manat

24-nji orun  :Charger Powerbank (ýan güýç beriji)

25-nji orun: 250,00 manat

Höweslendiriji sowgatlar

Şeýle hem bäsleşige gatnaşyp, ilkinji 50 orny eýelän eserleriň awtoryna “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň we “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň içinde 2021-nji ýylyň senenamasy, bellik kagyzy ýaly sowgatlar jemlenen ýan  torbasy sowgat berler.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri