Tomus paslynyň gelip ýetmegi ýurdumyzda howanyň yssy bolup başlamagyna getirdi. Şeýle howaly klimatda baglarymyz gülläp, bag-bakjalar miwe berýärdi. Şol günlerde Watan goragyna giden esger ýigitlerimiz öýlerine gaýdyp gelýärdiler. Güwwüldeýän otlularyň sesi öýünde çagalaryna garaşýan ene-atalaryň ýüreginde şeýle begenç duýgysyny döredýärdi.
Ine, şol wagtlarda-da Merdan gullukdan gaýdyp gelipdi. Öz ene topragyna gaýdyp gelmek onda örän buýsançly duýgy döretdi. Ony duralgada kakasy bilen doganlary garşylapdy. Merdan olaryň özüni garşylamaga gelenini görüp gaty begendi, ýöne näme üçindir olaryň ýanlarynda ejesi Amangül gelnejäniň ýoklugy ýaş ýigidiň gaşynyň çytylmagyna sebäp bolupdy. Merdan ýaş wagtlary ýaňy özüni bilip, dünýä garap başlan wagtlary Amangül gelneje dünýäsini täzeläpdi. Ol ene mährini küýseýärdi, hawa-da enesiniň ýyly mährini uzak görüp bilmäni üçin mahal-mahal enesiniň zarynlygyny çekýärdi. Kakasy Sapar aganyň irginsiz zähmeti ony we doganlaryny ene mährine mätäç etdirmändi, ýöne näme diýseňem hiç bir zat enäniň ornuny tutup bilenokda. Merdan otlydan düşen badyna ol kakasydyr doganlary bilen ençe ýyllar görmän şu gün gabatlaşan ýaly görüşdiler. Ol dogduk mekanyna, obasyna gaýdyp gelenine şeýle begenipdi, onuň buýsanjynyň çägi ýokdy. Bu agzybir, uly maşgala öýlerine gelip, Merdan üçin uly toý-tomaşa, şagalaň gurnadylar. Goňşy-golam, dost-ýar, garyndaş ählisi toýda boldular. Ýöne Merdanyň garaşýan arzyly myhmany azajyk gijä galypdy. Ine-de ol garaşan pursatyna ýetdi. Ýoldan sülmüräp, ýeriň gaýmagyny bozman, uz basyşly, saldamly gözel gelýärdi. Geýen gyrmyzy köýnegi egnine gelşip durdy, derek boýly, ak alkymly, al ýaňakly, pisse dodakly türkmen gözeli hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Onuň ýuwaşlyk bilen Merdanyň ýanyna ýöräp gelşi, Merdanyň ýürek urgularyny çaltlandyrdy. Aralyk az galsa-da, Merdan üçin bu gysga aralyk uzak bir menzil ýaly görünýärdi. Onyň köp wagt görmek isläp garaşan adamy-da ine geldi, ol Arzygüldi. Merdan Arzygüli mekdep ýyllaryndan bäri gowy görýärdi. Ol Merdanyň golaýyna geldi-de: ”Sag aman geldiňmi” diýdi-de çalaja ýylgyrdy. Merdanyň ýanyp duran ýüregine suw sepilen ýaly boldy, ol çala ýylgyrdy-da:”Hawa geldim, senem sag amanja gezip ýörsüňmi” diýdi. Az wagtlyk saklanan toý dowam etdi, toý örän şatlykly, gyzykly geçdi.
Merdan geleninden soň birnäçe wagt dem-dynjyny alanyndan soň agasy bilen kolhoz meýdanlaryna işlemäge çykypdy. Ol agasy Meret we kakasy Sapar aga bilen kolhoz hasylynyň hasabyny dolmak üçin ellerinde baryny edip işleýärdiler. Wagt geçip durdy, Merdanyň ýüreginde ýaşap ýören bir gözel bolsa, ony hiç arkaýyn ýaşamaga goýanokdy. Kämahallar ýyldyzly gijeleriň astynda Arzygül obaň ilerisindäki goşa tudyň ýanyna Merdan bilen duşuşmaga gelerdi. Merdan ýaşlygyndan Arzygüli halap, gowy görüp ýördi. Ol mekdep döwürleri-de gowy bilim alansoň onda dile çeperlik ukyby bardy. Onuň käwagtlar şygyr aýdyberme häsiýeti-de bardy:
Her demimde, arzuwymda, ýüregimde diňe sen,
Gijelerine düýşlerimde, mähribanym ýene sen.
Bu gije nurana ak gije, arzuwym sen meniň ýanymda,
Indi biz baky bileje, bagtly men ýarym baryňda.
Ýylgyryp dur şeýle täsin mähre dolan gözleriň,
Bagt tansyny oýnaly gel, baglap ele elleriň.
Bu gije nurana ak gije, arzuwym sen meniň ýanymda,
Indi biz baky bileje, bagtly men ýarym baryňda.
Günlerde bir gün Arzygül dükana geleninde Merdanyň körpe jigisi Aýjeren hem dükana buzgaýmak almaga gelipdi. Aýjeren ýaşynyň kiçiligine garamazdan, Merdanyň Arzygüli halaýanyny bilýärdi. Arzygül Aýjereni tanap ýaňaklaryndan tutup ogşady, kiçijik Aýjeren muňa örän şat boldy we öz geljekki gelnejesiniň özüni şeýle gowy görýänini şonda aňdy. Arzygül Merdany tüýs ýüreginden söýýärdi, onuň bilen bütin ömrüni geçiresi gelýärdi. Şonuň üçin hem gulluga gidip geleninden soň ondaky häsiýetleriň özgerendigini ýa-da üýtgeşmeleriň bolandygyny aňşarmak onuň geljegi bilen baglanyşyklydy. Arzygül öýlerinde ýaka, köýnek tikmek meşgullanlardy. Çeper elli bu gözeliň oba arasynda hyrydary örän kändi. Ejesi Şeker gelneje-de gelýän sawçylara hoş söz bermän “Gyzym ýaş” diýip gaýtarardy.
Günlerde bir gün aýly gijeleriň astynda obaň ilerisindäki goşa tuduň astyna geleninde: “Meni durmuşa çykarjak bolýalar, saňa-da meni bermezler” diýip, bu ýerden iki bolup gaçyp gitmegi teklip etdi. Merdan üçin Arzygülden bu sözleri eşitmek gaty geňdi, bu sowala jogap tapmak ony örän ýaýdandyrýardy. Merdanyň gürlemän, agzyna suw alan ýaly bolup durmagy, Arzygüliň bu sorag babatynda gaýta-gaýta gürlemegine sebäp boldy. Merdan: “Men bu meselede pikirlenmeli, maňa wagt ber” diýdi-de, örän gamgyn halda öýlerine gaýtdy. Aradan biraz wagt geçdi, Merdanyň bu gamgyn halyny kakasy Sapar aga daşyndan görüp, oglunyň bir aladasynyň bardygyny bilip, halyndan habar alyp başlady. Merdan kakasyna näme jogap berjegini bilmeýärdi, ýüzüni ýere salyp: ”Durmuş meselesi” diýdi. Onuň bu halyna kakasy bu sözleri eşiden badyna düşündi. Sapar aga: “Näme boldy, näme mesele boýunça düşünişip bilmediň, eger meniň elimden gelse, hä aýdyber çekinme-de, seniň bagtyň, meniň bagtymdyr oglum, seniň bagt toýuňy tutmak meniň üçin örän wajyp mesele” diýip, Merdanyň ýüzüne seretdi. Merdan: “Men onuň aýtýanyny kanagatlandyrjak bolsam, öň bar bolan ähli zadymy ýitirmeli bolýaryn, ýöne onsuz hem maňa ýaşaýyş agyr” diýdi. Onuň bu sözleri Sapar aganyň ýüregine degipdi, sebäbi ol köp wagtlap maşgalasynyň ýüküni öz gerdeninde çekipdi.
“Ýaşaýyş kyn diýmegin oglum, her kim öz durmuşyny özi gurýandyr, sen heniz durmuşda hiç hili üýtgeşik kynçylyk göreňoksyň, seniň durmuşyň öňüňdedir. Ýaşaýyş haçan agyr bolýar aýdaýynmy, haçan-da 5 ýaşly gyzyň gözleriňe bakyp: ”Kaka hemmeleriň ejesi bar, näme üçin meniň ejem ýok” diýse, ona şonda näme jogap berjegiňi bilmän, ýaşaýşa bolan höwesiň gaçýar” diýip, Sapar aga ençe ýyllar agy ýüzüni görmedik gözlerindäki ýaşyny süpürdi. Merdan häli-häzire çenli kakasynyň gözlerinde ýaş görmändi, ýöne bu ýagdaýy görüp, onuň öz durmuş baradaky giň pikirleriniň özgermegine getirdi. Ol ýaryňdan öň öz maşgalasyna, kakasyna, doganlaryna bolan söýgisidigine düşünipdi. Merdan bir gün Arzygül bilen görüşende özüniň netijesini, ilkinji söýgüsiniň öz maşgalasy boljakdygyny aýtdy. Merdanyň bu sözleri Arzygüliň ýüreginde ornapdy. Arzygül eşitmek isleýän jogabyny eşitdi. Ol Merdanyň şeýle özgerenine begenjiniň çägi ýokdy.
Arzygül: “Dur Merdan, men senden eşitmek isleýän jogabymy aldym. Indi senem meni diňle, seniň şeýle tutanýerli, adamkärçilikli, aladaçyl, maşgalaň üçin ähli zatdan geçip bilýänligiň maňa örän ýaraýar. Şonuň üçin hem meniň saňa bolan söýgim hiç wagt ýitmez” diýip, Merdanyň göwnüni örän galkyndyrdy.
Ýaşlaryň söýgisine ene-atalary garşy bolmandylar. Olar hem öz çagalarynyň bagtly bolmagynyň arzuwyndadylar. Ýaş juwanlar öz maksatlaryna ýetdiler.
Mekan BÄŞIMOW, Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematika
fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!