ATAWATAN ESERLERİ

“Söýgi hakda öňem ýazdym kän gezek, Ýene ýazjak öňkülerim az ýaly…”

( Oýlanma )

          Rim imperatory II Klaudius ülkesini özüne mahsus  zalymlyk bilen dolandyrypdyr. Şeýlebir söweşli gün gelipdir welin, onuň goşunynda söweşjek esger tapylman galypdyr. Tötänden bir karar bilen ol goşunyndaky esgerleriniň nikalanyp, durmuş gurmalaryny gadagan etdi. Şol wagtlarda Rimde ýaşaýan Eziz Walentin atly kişi gadagançylyklara we her dürli howplara garamazdan jübütleriň nikalaşyp, durmuş gurmaklary üçin kömek bermegini dowam edipdir. Muny eşiden imperator Eziz Walentini öldürdýär. Onuň öldürülen güni biziň eýýamymyzyň 270-nji ýylyň 14-nji fewralydy.

Şol günden bäri 14-nji fewral Söýgüliler güni hökmünde bellenilýär. Söýgüliler güni bütin dünýäde her bir kişi tarapyndan şeýlebir özleşdirildi welin, köp ynsan ol güni agşamlyk naharlar, şagalaňlar, şem yşygynda romantik agşamlar we has tapawutly gutlamalar bilen belleýär. Ynsanlar diňe 14-nji fewralda däl, ýylyň 365 gününi hem biri-birilerini söýüp, hormatlap, beýgeldip, biri-birilerine kömek edip we agzybirlik içinde ýaşasalar ne gözel bolmazmydy?!

Ynsan sözünden başlap, ýaşaýyş, dostluk, jemgyýet, tebigat, medeniýet, bagtly bolmak, bilim we hatda ölüm sözleriniň aslynda hem “Söýgi” bardyr. Sanap geçdigimiz bu sözleriň ýa-da hakykatlaryň garşyňyza çykarjagy meseleler-de söýgi bilen çözülýär. Biraz söýgi hakda oýlansak, hakyky söýgüde mälim edilip bolmaýan bir jady we güýç bardygyny görüp bilýäris.

Ynsan bolmagyň esasy şertleri hökmünde: işlemegi, okamagy, söýmegi we garşylyksyz söýgüni bermegi sanap bolar. Iň esasysy bolsa, hiç şüphesiz, söýmekdir. Çünki, okamagy, işlemegi we söýgini bermegi-de diňe söýgi bilen ýerine ýetirip bolýar.

Yslamda söýgi Allany we pygamberimizi söýmek bilen başlanýar. Bilşimiz ýaly, söýgi Allanyň ynsana beren iň uly peşgeşidir. Şol sebäpli, ilkinji nobatda söýgini göwünlerimize ýerleşdireni söýmek – özümizi we başgalaryny hem söýmegi aňsatlaşdyrýar.

Söýginiň ulalmagy we ösmegi üçin garşylyklaýyn energiýa akymy gerekdir. Jemgyýetde biri-birinden tapawutly söýgi görnüşlerinden söz edilse-de, söýgi, aslynda birdir. Muny aňlamak bolsa, ynsana Allany düşündirýär we ony Oňa ýakynlaşdyrýar.

Bütin adamzat tarapyndan iň köp küýsenilýän, iň köp gürleşilýän, oňa bagyşlap iň köp hekaýalar, şygyrlar, romanlar ýazylan zat, elbetde, söýgüdir. Söýgi eger hakykat bolsa, garşysyna çykan her kişini özüne bendi edýär, ony ýagşylyga iterýär. Meniň pikirimçe, söýgi sözüniň özünde-de gizlin energiýa bar. Hemmämiz muny aňlap, durmuşymyzyň iň çuňluklaryna söýgini ýerleşdirmek üçin gerekli işi edip bilmegimiz adatdan daşary gözellikdir.

Söýgüde iki göwün bir bolanda täze zat döredilýär. Söýgi sungat ýaly döredijidir. Söýgi suw ýalydyr, teşneligiňi gandyrýar.

Akylly adam söýmegi we söýülmegi başaran adamdyr. Adam söýdügiçe, söýgüsini daş-töweregindäki adamlar bilen paýlaşdygyça, onuň bagtlylygy we nesibesi, rysgaly artýar. Adamyň bagtlylygy artanda bolsa, ol öz ruhuny täzeläp, has köp mertebe gazanýar.

Şuny hiç wagt unutmalyň: hakyky söýgi gutarmayar, ol serhetsizdir. “Söýmek” we “söýülmek” – bular iki aýry sözdür, emma aslynda bölünmeýän bir bitewülikdir. Iki aýry söz hem täk bir manyny aňladýar. Olar bir-birlerini tamamlaýarlar we bir-biriniň manysyna many goşýarlar. Söýgi duýulýar, ýöne ol ilki düşünjede  başlaýar. Akyl ýoly bilen ilkinji ädimi ädilen her bir iş, her bir düşünje duýgular tarapyndan dolandyrylanda başga bir mana eýe bolýar.

Söýgiňi söýýäniňe duýdurmak örän ähmiýetlidir, ony onuň bilen paýlaşyp bilmek bolsa, has lezzetlidir.

Jemgyýetde iň köp söýülýänler söýgüsini we bilimini paýlaşanlardyr, hiç zat tamakinsiz ýagşylyk edenlerdir. Ýöne, gynansak-da, häzirki wagtda bu ynsanlaryň sany köp däl. Bilimli, akylly we dörediji kişileriň berjek zatlary, jahyl kişileriň berýän zatlaryna garanyňda has köp we has peýdalydyr. Şu sebäpden, başgalaryna kömek, ynam, dostluk we söýgi berip bilmek üçin elimizdäki maddy we ruhy gymmatlyklary has köp paýlaşyp bilmek üçin, özümizi has sowatly  hem-de kalbymyz  haýyr-sahawatdan doly, dogumly kişiler bolmalydyrys.

Bütin bu gözelliklere we ideal pikirlere garanyňda , dünýä malyny bermek aňsat iş däldir. Maddylaşan häzirki zaman dünýäsinde bu pikir we duýgy, gynansak-da, azalýar. Emma şuny asla unutmaly däldiris: paýlaşsak  beýgelýäris, dünýä nygmatlaryna baglanyp galsak welin, malyň ýesiri bolarys.

Göwni söýgä doly bolan we her jandary tapawutlandyrman söýýän ynsan her gün biraz akyllanar, dana bolmak ýolunda ynamly ädimler  bilen öňe gider. Ol her ýyl bir ýaşar, emma asla garramaz. Onuň göwni, akyly, aňy hemişe täzedir.

Söýgüniň bize nämeler gazandyrandygy hakda biz kän oýlanmaýarys. Söýgi bize nämeler gazandyrýar? Geliň, öwreneliň.

Jemgyýetde  üstünlik gazanmak.

Içimizdäki söýgüni daşymyza ýylgyrmak, hormat goýmak, süýji sözlülik, wepalylyk, jogapkärçilik, päk ahlaklylyk edip şöhlenendirip bilenimizde we olar jemgyýetdäki aragatnaşyklarymyz bilen birleşende jemgyýetde üstünligi hökman gazanarys.

Biz söýen mahalymyz ynsanlyk güýjümiz artýar we beýgelýär.

Jemgyýetde dürs, özüne ynamy bolan, akylly, dörediji, rehimdar, dogry sözli, sahy, güler ýüzli, kalby söýgüden doly kişi hemişe güýçlüdir.

Söýgi bedenimizi, ruhumyzy hoşnut edýär, rahatlandyrýar. Päk söýgüde içimiz we daşymyz rahatdyr;  söýgi ýasamalygy halamaýar.

Söýgi bize takdyr, öwrenmek, ýagşylyk etmek, birek-birege hemaýat etmek  ýaly häsiýetleriň gapysyny açýar. Durmuş kynçylyklarynyň garşysyna bolan güýjümiz artýar.

Häzir ýaşaýan dünýämiz we adamzat agzybirlige, ynanyşmaga, söýgä iň köp ätiýaç duýýan döwürdir. Söýgi bize durmuşda arzuw-hyýallarymyzy amala aşyrmaga kömek edýär. Ýöne söýgini biz diňe14-nji fewralda bellemän, ol hakda her gün oýlanmalydyrys we manysyna gowy düşünmelidiris.

Söýgüsizlik akyl durgunlygy, göwün gözüniň körlügidir.

Söýgüsizlik ýagşylyk, ýardamlaşmak we gözelliklerden uzak galmakdyr. Ýaşaýşyň ynsana hödürlän bu lezzetlerini dadyp bilmezlikdir.

Şulary hiç wagt unutmalyň:

Söýgi – bu haýsydyr bir zada garaşmazlykdyr.

Her bir adam  4 S formulasyndan uzaklaşmaly däldir:

Sesiňiz, sözüňiz söýýändigiňizi söýlesin!

Söýgi sesi janlydyr, jadylaýjydyr, jogapkärlidir, ýöne biraz tolgundyryjydyr, ol düzüminde bagt we rehimlilik saklaýar. Söýgi söýülýäne duýdurylmaly we çyn kalpdan bolmalydyr.

Üns berip gördüňizmi?! “Seni söýýärin!” diýmek iki sözden ybarat, emma ol dünýäniň iň beýik energiýasyny özünde saklaýar. Biz ony eşidenimizde ruhumyz göterilip, özümizi bagtly duýýarys. Söýýän kişilerimize ony aýdanymyzda bolsa, özümizi rahat we ýeňil duýýarys. Şonuň üçin bu sözi utanmazdan aýdyp bilmelidiris.

Şahyr aýtmyşlaýyn:

Söýgiň nämedigni bilýän adam ýok,

Ýöne men şonda-da bir zada belet:

Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir,

Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek.

( Kerim Gurbannepesow: “Söýgi bilen Kämillik” )

Hormatly okyjy, söýgüden gorkma! Ony hemme söýýän kişileriňe aýtmakdan çekinme! Hemişe söýüp hem-de söýlüp, söýgä mynasyp adam bolup ýaşa!

Söýgi hemişe hemraňyz bolsun !

 

          Maksat Taganow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri