ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi gudraty

Ynsan kalby hemişe öz söýgüsine ýetmek isleýär. Durmuşymyzyň bezegi, ertirki günümize aýgytly gadam basmagymyz üçin döreýän bu ajap duýgy her birimizde her dürli hem-de islendik wagtda ýüregimiziň töründen orun alyp bilýär.

Dogry, söýgi bu Allatagallanyň bize peşgeş beren iň päk, arassa, duýgusydyr. Söýgi, özümizdäki we töweregimizdäki müňlerçe päsgelçiliklere ýadawsyz göreşmek diýmekdir. Şeýlelik-de, Allatagalla söýgi atly gudratly zady döredip ony ilki bilen akar suwuň ykbalyna ýazgyt edipdir. Emma yşga uçran akar suw hanasyna sygman derýalara dolupdyr. Derýalar hem joşup deňizlere guýlupdyr. Şeýdip, bütin älem jahany, ýer ýüzüni suwa gark edipdir. Bu ahwaly gören Allatagalla ony suwuň gursagyndan sogrup alyp, çoguň gursagyna guýup berýär. Onuň ýagdaýy hem suwuňkydan beter bolupdyr. Ondan soňra söýgi diýlen bu gudraty ýeriň myhy bolan daglara, Arşa, Zemine, ahyrynda bolsa bu yşky-ataşy bendeleriň ýüregine salyp beripdir. Asly toprakdan ýasalan, ynsan balasynyň ykbalyna bu derdi çekmek ýazylypdyr. Söýgüsine ýetip bilmedik aşyk-magşuklar bolsa edil suwuň öz hanasyna sygmaýşy ýaly, çoguň bolsa bütin älemi kül edişi ýaly, bular hem telbe bolupdyrlar. Özlerine-de göreşmek üçin güýç gaýrat berlipdir.

Söýgi elmydama kalbyň çuňlugyndan gelýär, hemişe adamlary birleşdirýär we hiç haçan bölünmeýär. Şeýlelik-de söýgi bu özi nämekä? Nähili duýguka? Eýsem söýgi bu ýakyn adamlarymyzy ynjytmakmy ýa-da olara ynam bildirip gorap, saklamakmy? Bu duýgy islendik zat bilen döräp bilýär, ine meselem seniň ilki bilen ene-ataňy gowy görmekligiň, ýa-da ýakyn dostumyzy ýa-da joramyzy gysganmagymyz, özümiziňki diýip bilýän zatlarymyzy başga birine beresimiz gelmeýänligi … Bularyň ählisi biziň söýgimizdir. Söýgi şeýle bir gudratly welin, bu duýgy özümizi täzeden döredýär. Dünýäde söýgüden has güýçli güýç ýok.

Söýmek, söýýän adamyň durmuşyny ýaşamakdyr. Emma sen haçan-da bir gün birini gowy görüp galmagyň, ony gysganmagyň gizläp aýdyp bilmezligiň, goramagyň oňa ýetmek islegiň bu biziň hakyky ylahy söýgimizdir. Söýgi bagtyň hazynasydyr: näçe köp berse, şonça-da köp alýar. Kimdir biriniň seni isleýşiň ýaly söýmeýändigi, seni bütin jany bilen söýmeýändigini aňlatmaýar.

Söýgi, ot ýaly, dynçlygy bilmeýär: umydyny ýa-da göreşini bes eden badyna ýaşamagyny bes edýär. Durmuşda her hili wakalar bolup durýar. Her bir adama öz söýgüsine ýetmek bagty berilmeýär. Ýa-da ýanyndaky eziz görýän adamlaryny ynjydyp olaryň kalbyna azar berýänlerimiz hem bar. Ýanymyzdaky elimizdäki zadyň gadryna ýetmeýänlerimiz hem az däldir. Taryhda beýik yz galdyran meşhurlarymyzdan L.N.Tolstoý hem söýgi atly bu gudraty şeýle belläp geçýär: ,,Söýgi bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Bu berip biljek ýeke täk zadymyzdyr, emma ol siziň bilen galýar’’ diýmek bilen bu ajaýyplygy biziň serimizde şeýle setirler bilen jemlemek bolar.

 

Aý aýlanyp ýyllar bizden geçse-de,

Gözel göwnüň menden asla geçmesin!

Sowuk şemal bagryň syryp geçse-de,

Ýüregiňde mähir ody öçmesin.

 

Bir gün gelip çykaýsam seň öňüňden,

Gara gözlem ýaşa dolup durmasyn.

Ýürek küýsäp bagra basyp soňundan,

“Käşgä” diýip ýürek ahmyr çekmesin.

 

Göwnümizde kine bolmasyn asla,

Wagt barka syla hormatyn sakla.

Tikensiz gül bolmaz, bir kemsiz adam,

Ýalňyzlykda örtenmegimden sakla.

 

Söýgi buýsançly ýürekleri kiçeldýär, ulumsy öwünmegi öwredýär, ýöne esasy emlägi hemme zady beýgeltmek we ýok etmekdir. Ýürekden çykan söýgi şasy bolup özüniň berkarar watany bolan söýgi mülkünde baky mesgen tutýandyr. Söýgi edil simap ýalydyr: ony açyk eliňizde saklap bilersiňiz, ýöne gysylan eliňizde däl.  Söýgi edil bal bilen ýagyň garylyşy  ýaly adamlaryň kalbyna her hili wagtda täsin bolup kalbymyzda orun tutýar. Oňa ýetmek her birimiziň elimizdedir. Biri-biriňizi söýüň, ýöne söýgini zynjyrlara öwürmäň. Kalbyňyzyň kenarlarynyň arasynda tolgundyryjy deňiz bolsun. Goý her bir söýen adamlar öz bagtyna ýetsinler!

 

Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri