ATAWATAN ESERLERİ

Söýgi – durmuşyň özeni

 

                              Neneň oňat!

                                               Şol ýagyşlar ýagyp ýör!

                                                                  Şol güller gülleýär türkmen düzünde,

                                                           Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,

                                                                  Senem ýaşap ýörsüň Ýeriň ýüzünde!

G. Ezizow

Söýgi… aslynda nähili duýgy? Bu barada ýapon ýazyjysy Toýotome şeýle soragy orta atýar: “Her kim söýülmek isleýär, bu dogry, emma söýgi näme we ol haçan, nireden tapylan zat bilýärismi?” alymyň bu pikiri bilen “ylymly.сom” saýtynda ýerleşdirilen Kätip Myradowyň “Söýginiň görnüşleri” atly makalasyny okanymda tanyş bolupdym. Hakykatdanam söýgi nämekä?! Bizde dörän höwes ýa-da arzuwlaryň uçgunlary soňlugy bilen köräp, tutaşyp ýakyp-ýandyryjy duýga öwrülýärmikä?!

Ynsan ilki dünýä inende ata-ene söýgüsi bilen gurşalýar (megerem, iň ýokary derejeli söýgi bolsa gerek), biraz ulalansoň çagada bilmek, öwrenmek höwesi döreýär. Gitdigiçe kämilleşip gursagynda ýaşaýşa bolan söýgi döreýärmika diýip pikir edýän. Bir arap hekaýatynda aýdylyşy ýaly, patyşa iň akylly wezirinden “Iň beýik söýgi haýsy?” diýip soraýar. Wezir “Ýaşaýşa bolan söýgi” diýip jogap berýär. Patyşa munuň bilen ylalaşmaýar “Enäniň çagasyna bolan söýgüsi iň beýik söýgüdir” diýýär. “Patyşahy älem geliň, tejribede synalyň” diýip, bir ene maýmyny çagasy bilen getirýär we çuň bolmadyk howza taşlaýar. Ene maýmyn ilki öz çagasyny alada edip urunsa-da, özüniň hem gark boljagyna gözi ýetensoň, çagasyny aşak basyp üstüne çykyp oturýar, patyşa alaçsyz boýun almaly bolýar we weziri bilen ylalaşýar, “Muny diýmek bilen ene söýgüsini inkär etmedim patyşahym, ýöne Allatagalanyň ynsana eçilen iň uly peşgeşi janydyr. Amanat zat hemişe gadyrly bolýar, ýaşamak höwesi hemmämiziň gursagymyzda baky ornan” diýýär.

Islendigimiz öz gündelik durmuşymyzdan mysal alyp göreliň. Ýaşamak üçin maddy we ruhy zerurlyklary toplalyň, şonda ruhy iýmit üçin bize hökmany bolan duýgularymyzy seljerip bileris:

  1. Kimdir birine gerek bolmak: ata-enä, dostuňa ýa-da joraňa, şeýle-de ömürlik ýanýoldaş hökmünde saýlajak ýaryňa
  2. Kimdir birine mätäçlik duýgusy: ýokarda sananlarymyzyň garşysy, ýagny bize gerek bolan adamlar, olara mätäçlik (dost, dogan, aşyk, magşuk…)
  3. Maslahatlaşmak ýa-da pikir alyşmak üçin kärdeşler ýa-da jemgyýetdäki häsiýetiň gabat gelýän adamlar

Ýokarda sananlarymyzdan ugur alsak, biziň söýgi diýip kabul etjek islendik zadymyz ilki bilen ýaşamaga bolan höwesimizi artdyrjak närselere we ynsanlara gönükdirilen ekeni.

Dilçi, arap dilinden terjimeçi, ylymlar akademiýasynyň hünärmeni Rahmet Gylyjowyň terjime eserleriniň birinde şeýle setirlere gabat gelipdim: “..söýgi bäş harply söz. Eger-de şol bäş harply söz badyňy alýan bolsa, durmuş alty harpdan ybarat. Oňa has mäkäm taýýarlanmagyň gerek”. Awtoryň bu setirleri häzirki döwürde ýaşlyk ýelginine uçrap, ýetginjeklik höwesini ýokary derejä çykaran, haýsydyr bir düşnüksiz “söýgi” diýip atlandyrylan duýga degişli. Çünki olaryň aňynda söýgi ýaşaýşa höwes döredýän däl-de, ýaşaýşy kynlaşdyrýan duýgy. Terjimeçi muny has takyk düşündirmegi başarypdyr. Göräýmäge, diňe harp sany bilen sadaja deňeşdirme ýaly görünýänem bolsa, aňyrsynda uly mazmun, çuňňur filosofik pikir ýatyr.

Dogrudanam, ýaşaýşa bolan söýgi hemme zadyň başlangyjy, edýän işlerimiziň, hereketlerimiziň, hatda hyýalymyzdaky arzuwlarymyzyň hemmesi (meselem, ýokary okuw mekdebine girmek, öýli-işikli, maşgalaly bolmak, ogul öýerip, gyz çykarmak…) durmuşymyzy gözelleşdirmek, ýaşaýşymyza görk bermek, sözüň doly manysynda her bir ynsana mahsus ömür, bagtly döwran sürmek ädýän ädimlerimizdir. Alymlaryň köpüsi söýgüni 3 sany topara bölýärler:

  1. Sebäp bilen söýmek
  2. Şert bilen söýmek
  3. Her ýagdaýa garamazdan söýmek

Şert bilen söýmegi “eger senpylan zady etseň, men seni gowy görerin”, sebäp bilen söýmegi” ol şeýle bolandygy üçin men ony beýle kabul etdim, ýa-da “onuň maňa has ýakyn bolmagynyň sebäbi onuň häsiýeti gowy” ýaly sözler bilen kesgitläp bileris,

Filosoflaryň pikirine görä, iň ýokary söýgi “her ýagdaýa garamazdan söýmekdir”. Bu bolsa häzirki dowam edip duran ýaşaýşymyza bolan söýgidir. Ýaşaýşyň maksady, düýp mazmuny bolsa, “her ýagdaýa garamazdan döreýän söýgini” öz aňymyzda döretmekdir. Biziň iň uly ýalňyşlygymyz bolsa, ýaşaýşy bolşy ýaly kabul etmän, öz islegimize görä üýtgetjek bolýanlygymyzdadyr. Sözümiziň  soňuny makalamyzyň başyndaky ussat şahyr G.Ezizowdan salgylanma alan şygyr setirlerimiziň dowamy bilen jemlesek ýerlikli bolarmyka diýýän. Çünki, biziň barlygymyz, Ýeriň ýüzünde ýaşap ýörenligimiz söýginiň başlangyjy we dowamatydyr!

Neneň oňat!

Täze güller açylsa,

Güle yhlas eden türkmen düzünde,

Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,

Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde!

Mahlasy, ene hüwdüsi, saçakdaky mele-myssak nan we açyk asmanda parlap dogan Güneş biziň ýaşaýşymyzyň kepilidir!!!

 

Leýli Arazgeldiýewa,

Russiýa Federasiýasynyň Kazan federal uniwersitetiniň

Geografiýa-ekologiýa hünäriniň

II ýyl talyby.

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri