Elbetde, durmuşyň özeni, hatda durmuşyň özi — söýgi. Ýaşaýşyň şerti — söýgi. Barlyk, başlangyç söýgüdir. Şonuň üçin hem oňa duýgularyň beýgi, dünýäniň ýaraşygy, ýaşaýşyň ýazy, durmuşyň güli… diýilýär.
Söýgi — keremli söz, Yşk — Arşdan inen serpaý. Mukaddes kitaplaryň ählisi-de muny tekrarlaýar. Gurhany Kerimiň «Merýem» süresiniň 96-njy aýatynda «Iman getirip, ýagşy işleri edenlere bolsa Rahman (Alla) söýgi, mähir-muhabbet döreder» diýilýär. Şeýle-de bu mukaddes Kitapda jübütleriň arasynda söýginiň we mähir-muhabbetiň döremeginiň ylahydan peşgeş, Ýaradanyň barlygynyň delilidigi nygtalýar.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda biz söýgi düşünjesiniň ählitaraplaýyn açylýandygyny görýäris. Ol: «Atam-enem söýdüler, göterdiler gujaga» diýip, ynsan balasynyň ata-enä bolan söýgüsinden başlap, aşyk-magşuklaryň duýguly dünýäsine aralaşýar:
«Bir yşk düşse adam serne,
Uky gaçar, köňül urna,
Iki söýgüli bir-birne
Ýakyn olsun, daş bolmasyn».
Onuň eserlerinde dünýäni dolandyrýan paýhasa söýginiň hem owazy ýaňlanýar: «Akylyň sözüne köňül söýüner».
Magtymguly atamyzyň «Näme sen?», «Söýmüşem seni» ýaly şygyrlary bolsa ylahy söýginiň senasy bolup ýaňlanýar:
Derwüşler Gadyr gijesin,
Söýen dek söýmüşem seni.
Söýgi ýoly synagdan doly. Bu ýol ýedi aşyk-magşugyň — Şirin — Perhadyň, Leýli — Mejnunyň, Warka — Gülşanyň, Zöhre —Tahyryň, Arzy — Ganbaryň, Ýusup — Züleýhanyň, Seýpelmelek — Methaljemalyň geçen ýoludyr. Onuň derdi hem, dermany hem özünde. Il içinde aýdylyşy ýaly, «Hemme derde bar doga, söýgi derdi bidoga». Daglary ýandyran («Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?»), gögi titreden («Yşk dagyn asdylar gögüň boýnundan, Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi») bu yşky-heser aşyk-magşugy ýesir edýär. Olar dünýäni söýginiň gözleri bilen görüp başlaýar. Ol gözleriň damarlary bolsa beýnä däl-de, ýürege uzaýar. Şonuň üçinmikä, A.P.Çehowyň «Söýgi hakynda» atly hekaýasyny okanymyzda, «söýginiň gözleri kör eken» diýlenine ynanasyň gelýär…
«Deň etmän, duş etmez» diýlişi ýaly, her kimiň ýüregi öz ýaryny, öz taýyny, ýagny özüne meňzeşi saýlaýar. Kerim aganyň aýdyşy ýaly, «Söýgi-yşk diýen zat gözden başlanýar», ýüregiň gözünden başlanýar. Elbetde, oňa taýýarlyk — kämillik gerek eken.
Kerim Gurbannepesow:
— Watana söýgümi,
Halka söýgümi,
Ýa dosta söýgümi,
Ýa gözel gyza —
Hemmesi üçinem Kämillik gerek.
Kämilliksiz söýgi bolmandyr öňem.
Ýokdur ol häzirem, ertirem bolmaz — diýip, söýgini kämillik bilen baglanyşdyrýar. Ol: «Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir, Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek» diýýär.
Halypamyzyň «Söýgi näme?» diýen şygryny okanymyzda, söýgi derdinden talyň örtenip, miwesiz galyşy, hozuň gabygynyň gatap, maňzynyň çürşüşi, pamyk ýaly akja garganyň yşk odundan garalyşy, dünýäde iň uly guş bolan serçäniň bir mysgala dönüşi, däliniň: «Men, men, men… Ynha, Söýgi men!..» diýip gygyryşy, bir ajap gyzyň «Söýgi meniň edebim, haýam» diýen sözleri bu soragyň jogabyny aýdyňlaşdyrýan ýaly. Ýöne ýene-de şahyryň bir ýylgyryp, kellesini yrap aýdan sözleri bilen razylaşýarys: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka, Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başga!».
Gurbannazar Ezizowyň sözleri bilen aýtsak:
«Düşündirip bolýan zatlaň barysy
Söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.
Söýgi galaryňdan beýikdir, beýik,
Söýgi boýlaryňdan çuňurakdyr has».
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany hem päk söýginiň waspnamasydyr. Onda söýgi durmuşyň täjine, bahar gülşeniniň nurly Gününe deňelýär:
— Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji,
Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy.
Ajysyz süýji ýok, tikensiz gül ýok,
Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok.
Rasul Gamzatowyň «Söýgi hakda» goşgusynda aýdyşy ýaly, ýaş ýigide «gül atan» söýgi, derrew ony uly adam edýär, uly adamlary bolsa, ýaş ýigide öwürýär. Şeýle ajaýyp duýgyny başdan geçiren şahyr, ýaşy birçene baranda-da, ilkinji gezek söýýän ýaly şygyr ýazýar — söýgüden eser döreýär.
Gadymy Mary topragynda doglan ildeşimiz, ussat şahyr Eduard Asadowyň «Söýgi» goşgusynda belleýşi ýaly, söýgi degişme ýa oýun däl. Elbetde, ol agraslygy, asyllylygy bilenem owadan. Şahyryň aýdyşy ýaly, «Söýgi — ýüreklere bahar çawuşy». Bahar gülleri, Aý astyndaky gijeler, ýodalar, bilbilleriň owazy, süýji arzuwlar, jübütleriň baga seýli… — söýgi gözellikleri. Ol «Meniň söýgim» atly şygrynda gijesi-gündizi ýok, şatlygy-gaýgysy ýok — hemişe ýaryny söýýändigini, söýgüsiniň ölümden hem güýçlüdigini ýazýar: «Ölüm, elbetde, menden güýçli, Ýöne söýgimden güýçli däl».
Anna Ahmatowa «Söýgi» goşgusynda söýginiň ýürekleri jadylaýandygyny, «Entek nätanyş ýylgyryşda ony tanamagyň aňsat däldigini» aýtmak bilen, zenan söýgüsiniň syrly dünýäsinden söz açýar.
«Bir adam birnäçe gezek söýüp bilýärmi?» diýlende, Sergeý Ýeseniniň: «Bir söýen başga söýüp bilmeýär, Ýanany ýakyp bolmaýar» diýen sözleri ýadyňa düşýär, hakydada bolsa ynsanyň ilkinji hem baky söýgüsi janlanýar…
Şekspiriň aýdyşy ýaly, çyn söýgä sönme ýok, solma, soňlanma ýok. Söýgi — harasatda dikilen, garaňkylykda we dumanda sönmeýän çyrag (maýak). Ol — ummanda deňizçiniň ugur alýan ýyldyzy. Söýgi wagtyň elindäki ejizje gurjak däl.
Gadymy filosoflar dünýäniň ilkinji başlangyjyny ot, suw, toprak, howa… bilen baglanyşdyrsalar-da, dünýäniňem, ynsanyňam başlangyjy söýgüdir diýesiň gelýär. Robert Roždestwenskiý şu hakykata ajaýyp şygryny bagyşlaýar: «Hemme zat söýgüden başlanýar». Hatda aňlamak, iş, gözüň açylmagy, ýigrenç, arzuwlar, gorky, uruş we parahatçylyk, şatlyk, gaýgy, gahrymançylyk… — ählisi söýgüden gözbaş alýar. «Söýgi» sözüniň pyşyrdysyndan ýaşaýyş, ýaýnaýyş, ýagtylyş başlanýar.
Şeýle ajaýyp duýgularyň gözbaşynda bolsa sessiz söýgi bar, ol hem — Watana söýgi. Biz ony gaýta-gaýta dile almasak-da, ol öwran-öwran damarda aýlanýar, wepalylyk kasamy, buýsanç senasy bolup ýaňlanýar! Biz ony okuwymyz, halal zähmetimiz, gazanýan üstünliklerimizdir ýeňişlerimiz bilen beýan edýäris.
Nobatguly aga:
«Yşgyň dünýäsinde ýitip gitsem-de,
Pidagärim — söýgim eziz maňa has,
Çünki ähli betbagtlykdan özümi
Diňe söýgim bilen eýledim halas…» diýip, öňde-soňda ynsanyýeti bu beýik Duýgynyň halas etjekdigini ýazýar. Gurbannazar aganyň ynamly aýdyşy ýaly, «Guramaz dünýede söýgiň daragty! — Ine, adamzadyň iň zerur bagty». Söýüp, söýlüp ýaşamak bagtdyr. Goý, elmydama, ýürekler söýgä suwsasyn, söýgüden gansyn!
Rahmanberdi GÖKLEŇOW,
žurnalist.
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!