“Söýgi durmuşy many bilen doldurýar,
manynyň peýda bolmagy bilen gelejek hem peýda bolýar.”
Serge Goodman
Söýgi munuň özi kämillikdir. Adam haçanda ilkinji gezek söýmegi öwrenen mahaly kämilleşýändir. Söýgi ýaşaýyşyň başlangyjydyr, belki-de biz owadanlyk üçin söýmeýäris, belki-de söýýänimiz üçin owadan görýäris. Ýöne “Söýgi diňe iki sany ýaş-juwanyň arasyndaky yşk – duýgy” diýip düşünmek ýalňyşlykdyr. Söýgi Ýaradandadyr, Watandadyr, ene-atadadyr, çagalardadyr, tebigatda, haýwanlarda, ösümliklerdedir, söýgi seniň özüňdedir. Adam ilki bilen özüni söýmegi başarmalydyr. Özüni söýmegi başaran adam hakyky söýgä ilkinji ädimini ätýär. Özüni söýmegi başarmaýan adam ruhy taýdan çökgündir, gorkakdyr we özüne ynamsyzdyr. Özüni söýýän adamyň özüne bolan ynamy hem güýçlidir. Beýle adamlar özlerine nämäniň gerekdigni, özleri üçin haýsy zadyň dogrydygyny has gowy bilýärler.
Biz dünýä inenimizde kim bolup, nähili sypatda, nähili maşgalada, haýsy jynsda doguljagymyzy saýlamana mümkinçiligimiz ýokdy. Şonuň üçin hem, özümizi şu dünýä gelişimiz ýaly kabul etmelidiris. Hiç wagt şuny ýatdan çykarmaly däl: dünýä gelişimizi saýlamak we üýtgetmek biziň elimizde bolmasa-da, gelejegimiz, gelejege barýan ýolumyz, maksatlarymyz, arzuwlarymyz, gelejekde kim bolup ýetişjegimiz, ýetip biljek derejelerimiz biziň öz elimizde. Hemme adam üstünlik gazanyp biler, ilkinji gazanyp biljek üstünligiňiz hem özüňi söýmekdir.
Adamyň durmuşynyň hili özüne bolan söýgiden başlanýar. Ýöne özüňi söýmek bilen egoizmy baglanyşdyrmaň! Egoizm – bu daş-töweregiňizdäki adamlaryň siziň islegiňize görä ýaşamagy, hereket etmegidir. Özüňi söýmek – bu egoizm däl, özüňe bolan ynamyň has-da berkemegi, öz hakyky barlygyňy kabul etmek, özüňe göz ýetirmek, öz içki we daşky gözelligiňi görmegi başarmakdyr, öz içki dünýäňi gurnamakdyr, özüň üçin haýsy ýoluň dogrudygyny, nämäniň gerekdigini bilmekdir. Özüňi söýmek egoistlik däldir, özüňi söýmegi öwrenýänçäň başga birini hakykatdan söýmegi başarmarsyň.
Haçan-da adam özüni söýýän wagty ol beýleki adamlaryň pikirine görä hereket etmegi bes edýär, çünki beýle adamlar nähili hereket etjekdiklerini has gowy bilýärler. Olar ýakynlary we daş-töweregindäki adamlar tarapyndan berilýän maslahatlary seljerip netije çykarmagy başarýarlar.
Hakykatdan söýmek – söýýän zadyňy ýa-da söýýän adamyňy birkemsiz söýmek we onuň hakyky barlygyny kabul etmek. Hakykatdan söýmegi başarýan adam söýýän zadynda ýa-da söýýän adamsynda hiç bir kemçilik görmez. Eger-de kemçilik görýän bolsa onda ol hakyky söýgi däldir. Özüňi söýmek şertsizdir, ýagny, “Eger-de meniň burnum kiçiräk bolan bolsady, men özümi söýüp bilerdim”, “Men beýle utanjaň bolmasadym” ýa bolmasa “Eger-de men öz karýeramda şeýleräk üstünlige ýeten bolsadym, onda men..” şulara meňzeş şertleri bir gyrada goýup, özüňe öz hakyky barlygyňy, hakyky özüňi söýmäge mümkinçilik döretmelidir. Özüňizden kemçilik gözlemegi, daş-töwerekden bolsa ideal gözlemegi bes ediň! Özüňizi birkemsiz söýüp, kabul etmegi başaryň!
Beýik şahsyýet Ç.Çaplin şeýle diýýär: “Haçanda men özümi söýmäge başlanymda, her dürli ýagdaýlarda dogry ýerde we dogry wagtdadygyma, her bir bolup geçýän ýagdaýyň diňe öz gerek pursadynda bolýandygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin hem men özümi arkaýyn duýdum we men muny “Özüňe ynanmaklyk” diýip atlandyrdym”. Diýmek, ýokarda belläp geçişimiz ýaly özüňe ynanmaklygyň başlangyjy – özüňi söýmek. Ç. Çaplin özüňi söýmek barada şeýleräk hem belläp geçipdir: “Özümi söýmäge başlanymda özümi hemme zatdan azat etdim. Saglygyma zyýanly endiklerden, naharlardan, adamlardan, wakalardan, harytlardan, maňa zyýanly täsir edip biljek näme bar bolsa şol zatlardan özümi uzaklaşdyrdym. Ilki men oňa “Egoistlik” diýýärdim, häzir bolsa men oňa “Özüňi söýmek” diýýärin.
Özüňi söýmek barada käbir beýik şahsyýetleriň aýdanlary:
“Özüňi söýmek ömür boýy sürjek bir yşk hekaýasynyň başlangyjydyr” Oskar Wilde.
“Bagtlylyk pursatlarynyň yzyndan ylga, özüňi söýmek we söýülmek üçin zorla, dünýädäki ýeke-täk hakykat bu, galany manysyz” L.N.Tolstoý.
“Özüňi söýmek beýleki ähli söýgileriň başlangyjydyr” Oşo.
“Söýmegiň nähili manysy bolardy özüňi söýmedikden soň?” Mario Lewi.
Şasenem Mürriýewa
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy