TESWIRLER

Rus we gazak toparlary Gurban Berdiýew bilen gyzyklanýar

Moskwa şäheriniň «Dinamo», Almaty şäheriniň «Kaýrat» futbol toparlary şu günler türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň hyzmatlary bilen gyzyklanýar. Toparlaryň ikisi hem ildeşimizi baş tälimçi wezipesinde görmek isleýär.

Munuň esasy sebäbi iki toparyň hem şol bir ýaryşyň — Ýewropa ligasynyň saýlama tapgyrynda şowsuzlyga uçramagydyr. Şu sebäpden hem olar häzirki baş tälimçileri bilen hoşlaşyp, bu wezipä türkmenistanly hünärmeni getirmegi isleýärler.

«Sport-Ekspress» we «Sport 24» neşirleriniň ýazmagyna görä, toparlar tälimçi bilen ilkinji gepleşikleri geçirdiler. Ýöne heniz olaryň ikisi hem bu işi gutarnykly jemläp bilenok.

Ildeşimiziň iň soňky gezek Kazanyň «Rubinine» tälim berendigini ýatladýarys.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”