SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otlylarda saglyk kepilnamasy düzgüni girilizildi

“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi web saýtynda habar berilişine görä,  otlylarda saglyk kepilnamasy düzgüni girizildi.  Ýadyňyzda bolsa kepilnama düzgüni «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hem ýola goýlupdy.

Web saýtda şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!

Awgust aýynyň 15-ne çenli otly gatnawlarynyň duruzylandygyny habar berýäris.

Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustundan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýändigini habar berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär