BIZNES

Onlaýn Söwda işini amala aşyrmak isleýänler üçin

Türkmenistanda soňky döwürde onlaýn söwda ösýär, täze-täze onlaýn satyş hyzmatlaryny hödürleýän web saýtlar we aplikasiýalar hyzmata hödürlenýär. Onlaýn söwdanyň ösýän döwründe harytlary distansion usul bilen satmak bilen baglanşykly düzgünler  Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba alyndy we güýje girdi. “Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri” Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň 2020-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran 74 belgili buýrugy bilen tassyklandy. Bu düzgünler  “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, harytlar uzaklykdan (distansion usul bilen) satylanda we söwdanyň şu görnüşi bilen bagly hyzmatlaryň edilmegini tertipleşdirmek  maksady bilen kabul edildi.

Geliň bu Düzgünleri gysgaça seljereýliň. Bellemeli zat, onlaýn söwda bilen meşgullanmak isleýän fiziki we ýuridiki şahs telekeçiler bu Düzgünleri (Düzgünler aşakda dolulygyna berilýär) we Türkmenistanyň beýleki degişli  kanunçylygyny içgin seljerip amala aşyrýan işlerini kanuna laýyk alyp barmalydyr.

Düzgünler kime degişli

Bu  düzgünleriň talaplary guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçilere degişlidir.

 Düzgünler kim degişli däl

  1. telekeçilik işini amala aşyrýan şahslaryň ýa-da olaryň gatnaşmagynda, elektron resminamalary ulanmak bilen lomaý söwdasy baglaşylýan geleşiklere, şertnamalara we başga hereketlere;
  2. satyjy tarapyndan harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmak bilen bagly ýerine ýetirilýän (edilýän) işlerden (hyzmatlardan) başga işlere (hyzmatlara);
  3. söwda awtomatlary ulanmak arkaly harytlaryň satylmagyna;
  4. daşary ýurtlardan harytlary uzaklykdan satyn almagyň şertnamalaryndan gelip çykýan gatnaşyklara
  5. bäsleşikli söwda arkaly baglaşylan satyn almak-satmak şertnamalaryna.

Internet-dükanlaryň görnüşleri

  1. işleýän dükanyň goşmaça saýt hökmünde internet-dükany;
  2. üpjün edijiniň ammaryndan diňe sargyt boýunça, diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany;
  3. özüniň ammary bolan diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany.

Internet-dükany satmagyň birnäçe görnüşlerini utgaşdyryp biler (özüniň ammaryndan we sargytlar boýunça satmak).

Haýsy harytlar internet dükanda satmak gadagan

 Dolanyşyga ukyplylygy çäklendirilen harytlaryň, ýagny alkogolly önümleriň, temmäki önümleriniň, biologik taýdan işjeň goşundylaryň, ýaraglaryň we olaryň ok-därileriniň, audio-wizual eserleriň we fonogrammalaryň nusgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen erkin söwdasy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen başga harytlaryň uzaklykdan (distansion usul bilen) satylmagyna ýol berilmeýär.

Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümleriň söwdasy bolsa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

Bellige alynmagy

 Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagy amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler (şol sanda internet-dükanlary arkaly) elektron gözegçilik-pulhana abzallaryny ulanmaga borçludyr we töleg terminalyň üsti bilen hasaplaşyk mümkinçiligini üpjün etmelidirler. Pulhana çegi gönüden-göni harytlar üçin töleg tölenen pursatynda berilýär.

Hormatly  okyjylarymyz, Düzgünlerde onlaýn söwdada harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak, harydy eltip bermek, harydy sarp edijä gowşurmak, sarp edijiniň satyn almak-satmak şertnamanysyň ýerine ýetirilmeginden ýüz öwürmäge hukugy we internet-dükanyň üsti bilen satyn alnan kemçiligi bоlan harytdan ýüz öwürmek ýaly hususlar düzgünleşdirilýär. Bu hususlary hem  gelejekde gysgaça seljermäni meýilleşdirýär.

 

 

 

 Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň 

Düzgünleri

 

I bap. Umumy düzgünler

 

  1. Şu Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň Düzgünleri (mundan beýläk – Düzgünler) “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem uzaklykdan (distansion usul bilen) harytlar satylanda we şonuň ýaly söwda bilen bagly hyzmatlar edilende sarp edijiniň we satyjynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
  2. Şu Düzgünleriň talaplary guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ýuridik şahslara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçilere degişlidir.
  3. Şu Düzgünler şulara degişli däldir:

1) telekeçilik işini amala aşyrýan şahslaryň ýa-da olaryň gatnaşmagynda, elektron resminamalary ulanmak bilen lomaý söwdasy baglaşylýan geleşiklere, şertnamalara we başga hereketlere;

2) satyjy tarapyndan harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmak bilen bagly ýerine ýetirilýän (edilýän) işlerden (hyzmatlardan) başga işlere (hyzmatlara);

3) söwda awtomatlary ulanmak arkaly harytlaryň satylmagyna;

4) daşary ýurtlardan harytlary uzaklykdan satyn almagyň şertnamalaryndan gelip çykýan gatnaşyklara;

5) bäsleşikli söwda arkaly baglaşylan satyn almak-satmak şertnamalaryna.

  1. Şu Düzgünleriň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:

1) harytlary uzaklykdan  (distansion usul bilen)  satmak – satyjy tarapyndan sarp edijä teklip edilýän haryt barada kataloglarda, kitapçalarda beýan edilen ýa-da fotosuratlar ýa-da poçta aragatnaşygynyň, elektroaragatnaşygyň kärhanalary arkaly, şol sanda Internet global kompýuter torunda (mundan beýläk – internet tory), şeýle hem teleýaýlym we/ýa-da radioýaýlym ulgamlaryň üsti bilen tanyşmak esasynda bölekleýin satyn almak-satmak barada baglaşylýan şertnama boýunça ýa-da şonuň ýaly şertnama baglaşylanda sarp edijiniň haryt ýa-da harydyň nusgasy bilen gös-göni tanyşmagyny aradan aýyrýan başga usullar bilen harytlary uzaklykdan satmak;

2) hyzmatlar – internet-dükanynyň şertnamanyň şertlerini berjaý etmek maksady bilen amala aşyrýan sarp ediji babatda ýerine ýetirmeli çäreleriniň toplumy, onuň düzümine sarp edijiniň sargydyny eltip bermek, şertnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda sarp edijini habardar etmek ýaly hyzmatlar;

3) oferta – şahslaryň näbelli toparyna ýüzlendirilen harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynyň  baglaşylmagy hakynda teklip;

4) internet-dükany – söwda işiniň subýektiniň ählumumy Internet kompýuter torunda söwda obýekti gatnaşmazdan (daşyndan) harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar gory;

5) sarp ediji – girdeji almak bilen bagly bolmadyk şahsy (durmuş) hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin harydy (işi, hyzmaty) satyn almakçy (buýurmakçy) bolýan, satyn alýan (buýurýan) ýa-da satyn alnan harydy (işi, hyzmaty) ulanýan şahs;

6) satyjy – harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasy boýunça sarp edijä harytlary satmagy amala aşyrýan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahs, onuň aýrybaşga düzüm birligi (mundan beýläk – ýuridik şahs), ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi (mundan beýläk- hususy telekeçi);

7) elektron söwda çegi – elektron görnüşde taýýarlanylan, sarp edijiniň elektron poçta salgysyna, ykjam telefon belgisine ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz önünde tutulan başga usullar bilen iberilen, harydy uzaklykdan (distansion usul bilen) Internet-dükan üsti bilen satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak arkaly satylandygy hem-de harydyň bahasyny satyja tölenendigini tassyklaýan resminama.

8) elektron poçta – Internet torunyň üsti bilen sarp edijiniň we söwda subýektiniň arasynda elektron görnüşinde taýarlanan  maglumatlary alyş-çalyş etmek boýunça telekommunikasion serişdesi;

9) web-sahypa – ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama;

10) web-saýt – ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.

 

II bap. Distansion söwdany guramak

 

  1. Teklip edilýän haryt barada kataloglarda, kitapçalarda beýan edilen ýa-da fotosuratlar ýa-da poçta aragatnaşygynyň kärhanalary arkaly tanyşmak esasynda bölekleýin satyn almak-satmak barada baglaşylýan şertnama boýunça distansion söwdany guramagy Türkmenistanyň çäklerinde harytlary nusgalar boýunça satmak Kadalary amala aşyrylýär.
  2. Internet-dükanynyň web-saýtyny döretmek arkaly uzaklykdan (distansion usul bilen) söwdany guramak  satyjynyň  öz güýji bilen amala aşyrylýar ýa-da ony işläp düzmek hem-de degişli görnüşine ygtyýarnamasy bolan beýleki şahslara buýrulýar.
  3. Internet-dükany sarp edijä Internet ulgamynyň üsti bilen  haryt satyn alnanda zerur bolan maglumatlary, şol sanda harytlaryň toplumlaýyn görnüşleri, bahalary, satyjy, tölegiň we eltip bermegiň usullary we şertleri hakynda maglumatlary bermek, Internet ulgamynyň üsti bilen harytlary satyn almak barada habarlary kabul etmek, şeýle hem satyjy ýa-da onuň potratçysy tarapyndan sarp edijiniň görkezen salgysyna ýa-da özüniň alyp gitjek ýerine harytlary eltip bermek mümkinçiligini üpjün etmek üçin niýetlenen söwda edarasy (kärhanasy) ýa-da söwda edrasynyň (kärhanasynyň) bölegi bolup durýar.

Internet-dükanlar şu görnüşlere bölünýärler:

1) işleýän dükanyň goşmaça saýt hökmünde internet-dükany;

2) üpjün edijiniň ammaryndan diňe sargyt boýunça, diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany;

3) özüniň ammary bolan diňe saýtyň üsti bilen satýan internet-dükany.

Internet-dükany satmagyň birnäçe görnüşlerini utgaşdyryp biler (özüniň ammaryndan we sargytlar boýunça satmak).

  1. Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmak söwda işi bilen meşgullanmak üçin isleg bildirýän şahs hususy telekeçi hökmünde ýa-da ýuridik şahs hökmünde bellige alynmaga, şeýle hem öz ýerleşýän ýerleri boýunça  degişli salgyt edaralarynda salgyt hasabyna durmaga borçludyrlar.
  2. Harytlary uzaklykdan (distansion usul bilen) satmagy amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler (şol sanda internet-dükanlary arkaly) elektron gözegçilik-pulhana abzallaryny ulanmaga borçludyr we töleg terminalyň üsti bilen hasaplaşyk mümkinçiligini üpjün etmelidirler. Pulhana çegi gönüden-göni harytlar üçin töleg tölenen pursatynda berilýär.

Gözegçilik-pulhana enjamlarynda çap edilen pulhana çeginiň nusgalaryny bermäge ýol berilmeýär.

Harytlar distansion usul bilen satylanda tölegini tassyklaýan resminamany (elektron söwda çegini) elektron görnüşinde ulanylmaga ýol berilýär.

  1. Uzaklykdan  (distansion usul bilen) satylýan harytlaryň we şonuň ýaly söwda bilen bagly hyzmatlary etmegiň sanawy satyjy tarapyndan kesgitlenýär.
  2. Dolanyşyga ukyplylygy çäklendirilen harytlaryň, ýagny alkogolly önümleriň, temmäki önümleriniň, biologik taýdan işjeň goşundylaryň, ýaraglaryň we olaryň ok-därileriniň, audio-wizual eserleriň we fonogrammalaryň nusgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen erkin söwdasy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen başga harytlaryň uzaklykdan (distansion usul bilen) satylmagyna ýol berilmeýär.

Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ýasalan önümleriň söwdasy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

  1. Harytlar uzaklykdan (distansion usul bilen) satylanda, satyjy sarp edijä harytlary poçta  ýollama üsti bilen ýetirmegiň ýa-da harydy eltip bermegiň usulyny ulagyň görnüşini görkezmek bilen, harytlary eltip bermek boýunça hyzmatlary ýa-da özüniň alyp gitmegini teklip etmäge borçludyr.
  2. Dermanhanalar derman serişdeleriniň uzaklykdan (distansion usul bilen) satylmagyna eltip bermek tehnologiýasynyň berjaý edilmegi bilen (esasan hem dermanlaryň çäkli toparlary üçin daşamagyň we saklamagyň temperatura kadalarynyň berjaý edilişi) “sowadyjy-torbany” ýa-da derman serişdeleriniň saklanyşynyň we daşalyşynyň zerur şertlerini üpjün edýän başga ýörite konteýneri ulanmak arkaly amala aşyrylmagyna rugsat berilýär.

Eltip bermäge bellenilen tertipde döwlet belligine alnan, dermannamasyz ýerlenilýän (göýberilýan) derman serişdeleri,  şeýle hem lukmançylyk enjamlary degişlidir.

Dermanhanalarda eltip bermäge degişli derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň sargytlarynyň hasabaty ýöredilmelidir. Şol sargytlar barada maglumatlar 6 (alty) aýa çenli saklanmaga degişlidir.

Derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň eltip berilmegini diňe inçe ugurly farmasewt işgär amala aşyryp biler.

 

III bap. Uzaklykdan (distansion usul bilen) satylýan harytlary mahabatlandyrmak

 

  1. Sarp edijileri çekmek maksady bilen internet-dükany ony dürli gözleg ulgamlarynda bellige almak, beýleki saýtlar bilen salgylanmalary alyşmak, beýleki saýtlarda mahabat şekillerini we ýazgylaryny ýerleşdirmek, mowzukly makalalary ýazmak we beýleki ýollar bilen internet torunda saýtyň öňe gidişligini amala aşyrýar.
  2. Uzaklykdan (distansion usul bilen) satylýan harytlar mahabatlandyrylanda bu harytlary satýan satyjy barada şu maglumatlar bellenmelidir:

1) ýerleşýän ýeri;

2) ýuridik şahs üçin döwlet tarapyndan bellige alyş belgisi, ady;

3) hususy telekeçi üçin hususy salgyt belgisi, familiýasy, ady, atasynyň ady.

  1. Harytlaryň uzaklykdan (distansion usul bilen) söwdasyny amala aşyrýan satyjy, sarp edijä internet-saýtlary, kataloglary, kitapçalary, fotosuratlary aragatnaşyk gurallaryň kömegi bilen sarp edijiniň adyna salgy kataloglary ýa-da teklip edilýän harydy häsiýetlendirýän doly, ygtybarly we elýeterli maglumatdan ybarat bolan beýleki habarlary berýär.

 

IV bap. Harydy satyn almak-satmak şertnamasyny baglaşmak

 

  1. Adamlaryň çäklendirilmedik topary üçin hödürlenýän harydyň beýan edilmesinde şertnamanyň möhüm şertleriniň ählisi ýeterlik derejede kesgitlenen bolsa, şeýle teklip köpçülikleýin oferta diýip ykrar edilýär.

Şoňa meňzeş ofertanyň esasynda saýtda sargydyň görnüşiniň doldurylmagy, sargydy resmileşdirmek üçin satyja telefon arkaly ýa-da satyjynyň teklip edýän başga usuly arkaly hödürlenen şertlerde satyn almak-satmak hakynda şertnama baglaşmaga sarp ediji tarapyndan razylyk berlip bilner.

Satyjy teklip edilen harydy almaga niýet edýändigini mälim eden islendik şahs bilen şertnama baglaşyp biler.

  1. Satyjy satyn almak-satmak hakynda şertnama baglaşmakdan öň sarp edijä harydyň esasy sarp edijilik häsiýetleri hakynda, harydyň öndürilen ýeri hakynda, harydyň bahasy we satyn almagyň şertleri hakynda, eltip berilmegiň görnüşi we möhleti hakynda, ulanyş möhleti, ýaramlylyk möhleti we kepillik möhleti, sarp edijiniň harydy gaýtarmagynyň tertibi we möhletleri, harydyň töleginiň tertibi hakynda maglumatlary bermelidir.

Bellenen maglumatlar mahabat, harydyň ýanyna gysbybeýan hökmünde ýa-da satyjynyň saýtyna ýerleşdirilen açyk satyn almak-satmak şertnamasy görnüşinde hödürlenip bilner. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sarp edijä görkezilmegi hökmany bolan beýleki maglumatlar harytlaryň ýanyna goşulýan tehniki resminamalar arkaly ýa-da harytlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin kabul edilen beýleki usullar arkaly onuň dykgatyna ýetirilýär.

Tehniki taýdan çylşyrymly harytlar satylanda sarp edijä haryt barada goşmaça maglumatlar berilmelidir.

Gyzyklandyrýan haryt barada goşmaça maglumat almak üçin internet-dükanynyň goldaw gullugyna ýüz tutmaga sarp edijiniň hukugy bardyr.

  1. Satyjy harydyň uzaklykdan (distansion usul bilen) satylmagy hakynda teklibiň hereket edýän möhleti barada harydy satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylmazdan öň sarp edijä habar bermäge borçludyr.
  2. Eger-de sarp ediji harydy satyn almagy niýet edinýändigi barada satyja habar beren ýagdaýynda, satyjy şu maglumatlary hödürlemelidir:

1) satyjynyň doly ady we salgysy (ýerleşýän ýeri) barada;

2) harydyň ady, artikuly, nyşany (markasy), görnüşi, satyn alynýan harydyň toplumyna goşulýan närseleriň möçberi, harydyň bahasy barada;

3) hyzmatyň görnüşi (hödürlenýän bolsa), onuň berjaý edilmeli wagty we bahasy barada;

4) sarp edijiniň borçlary barada.

  1. Sargydy resmileşdirmek we ýerine ýetirmek üçin sarp ediji zerur bolan takyk maglumatlary (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, telefon belgisini, elektron poçtasynyň we sargytçynyň ýaşaýan (bolýan) ýeriniň salgysyny görkezmeli) bermelidir.

Berlen maglumatlaryň hakykylygy, şeýle hem sarp ediji we/ýa-da sarp edijiniň wekili tarapyndan berlen nädogry maglumatlar üçin jogapkärçiligi sarp ediji çekýär.

  1. Satyjynyň harydy gowşurmak boýunça borçlary we onuň bilen bagly beýleki borçlary, satyjynyň sarp edijiden şertnama baglaşmagy niýet edinýändigi barada degişli habary alan pursatyndan başlap ýüze çykýar.
  2. Harydy bölek satyn almak-satmak şertnamasy satyjy tarapyndan sarp edijiniň harydy satyn almakçy bolýandygy hakynda habary alan pursatyndan baglaşylan diýlip hasap edilýär we  şondan soň harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasynyň şerti üýtgedilmäge degişli däldir.
  3. Satyjy şahsy maglumatlar çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üçünji şahslaryň öňünde şahsy maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge borçludyr.
  4. Harydy satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylanda aragatnaşyk operatorlary şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) telekommunikasiýa ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän maglumatlardan rugsatsyz paýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge;

2) şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge.

Rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara rugsat alýan operatorlar, şeýle hem üçünji şahslar subýektiň razylygy ýa-da gaýry kanuny esas bolmazdan olaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik barada talaplary berjaý etmek arkaly olaryň ýaşyrynlygyny üpjün edýärler.

Operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň şahsy maglumatlary goramak boýunça borçlary şol maglumatlaryň ýygnalan pursatynda ýüze çykýar we olaryň ýok edilen ýa-da atsyzlandyrylan pursadyna çenli hereket edýär.

Şahsy maglumatlaryň hakyky dälligi ýa-da olar bilen bikanun hereketler ýüze çykarylan halatynda operator subýekt bilen bilelikde üç iş gününden köp bolmadyk möhletde ýol berlen bozulmalary aradan aýyrmaga borçludyr, olary aradan aýryp bolmasa görkezilen şahsy maglumatlar ýok edilýär, bu barada subýekt habarly edilýär.

 

V bap. Harytlary eltip bermegiň tertibi

 

  1. Eger-de şertnama harydy sarp edijä eltip bermek şerti bilen baglaşylan bolsa, satyjy şertnamada bellenen möhletde harydy sarp edijiniň bellän ýerine, eger-de sarp ediji tarapyndan harydyň eltip bermeli ýeri bellenilmese, onda onuň ýaşaýan ýerine eltip bermelidir.

Harytlary sarp edijiniň bellän ýerine eltip bermek üçin, satyjy üçünji şahslaryň hyzmatyndan peýdalanyp biler (bu barada sarp edijini hökmany ýagdaýda habarly etmek bilen).

  1. Satyjy şertnamada bellenen tertipde we möhletlerde harydy sarp edijä eltip bermäge borçludyr.

Satyjynyň bellenen wagtda harydy ýa-da hyzmaty hödürlemäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, ol harydy ýa-da hyzmaty bellenen wagtda hödürlemegiň mümkin däldigi hakynda sarp edijä habar bermelidir.

Sarp ediji harydy başga wagtda almaga razy bolan ýagdaýynda, satyjy täze bellenen wagtyň dowamynda ony eltip bermäge borçludyr.

Sarp ediji harydyň eltilmeginiň täze möhleti bilen razy bolmadyk ýagdaýynda, şertnama ýerine ýetirilmedi diýip hasaplanýar.

Satyjy harydy täze bellenen möhletde eltip bermekden boýun gaçyrsa, sarp ediji şertnamanyň ýerine ýetirilmeginden ýüz öwürmäge hukugy bardyr.

Harytlary sarp edijä eltip bermegiň möhletleriniň bozulmagy üçin, satyjy Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

  1. Öňünden tölegi tölenen, satyn almak-satmak şertnamasy bilen bellenen harydy sarp edijä eltip bermegiň möhleti bozulan ýagdaýynda, sarp edijiniň sertnamany ýatyrmaga hukugy bardyr, şunda satyjy sarp edijä  öňünden tölenen tölegini gaýtarmaga borçludyr. Öňünden tölenen töleg amala aşyrylan görnüşinde yzyna gaýtarylýar. Öňünden tölenen tölegi 3 (üç) senenama gününiň dowamynda gaýtaryp berilmedik ýagdaýynda, satyjy gijä galan her güni üçin şol tölegiň 1 (bir) göterimi möçberinde puşmana puluny töleýär.

Puşmana puly satyn almak-satmak şertnamasy boýunça harydyň sarp edijä eltip berilmeli gününden, sarp edijä haryt gowşurylan gününe çenli ýa-da öňünden tölenen tölegiň sarp edijä gaýtarmak barada talaby kanagatlandyrylan gününe çenli alynýar.

Sarp edijiniň alan puşmana pulunyň jemi möçberi haryt üçin öňünden tölenen tölegiň möçberinden köp bolup bilmez.

  1. Haryt şertnama bilen bellenen möhletde eltip berlen ýagdaýynda, ýöne sarp edijiniň günäsi bilen oňa gowşurylmadyk bolsa, sarp ediji tarapyndan harydy eltip bermegiň hyzmaty boýunça töleg gaýtadan tölenenden soň, indiki gezek eltip bermek satyjy bilen ylalaşylan täze möhletlerde ýerine ýetirilýär.
  2. Sarp edijiniň harytlary poçta ugratmasy bilen “Talap edilýänçä” usul bilen ibermek barada teklibi, diňe satyjynyň razylygy bilen kabul edilip bilner.

Haryt poçta aragatnaşygynyň kärhanalary tarapyndan eltip berilýän ýagdaýynda, onuň poçta aragatnaşyk bölümine tabşyrylan wagtyndan başlap Türkmenistanyň çäginde abat saklanmagy we geçýän wagty (möhleti) üçin jogapkärçiligi poçta aragatnaşyk kärhanasy çekýär.

  1. Harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasy harydyň satyjy tarapyndan sarp edijä berlen we onuň tölegini tassyklaýan resminamany elektron ýa-da kagyz görnüşinde sarp edijä gowşurylan ýagdaýynda ýerine ýetirilen diýip hasap edilýär.

 

VI bap. Harydy sarp edijä gowşurmak

 

  1. Satyjy sarp edijä aşakdaky hil görkezijilere laýyk gelýän harydy gowşurmaga borçludyr:

1) şertnama baglaşylanda sarp edijä hödürlenen şertlerine we maglumatlaryna;

2) haryt gowşurylanda sarp edijiniň dykgatyna ýetirilen maglumatlara (tehniki resminamalarda, etiketkalarda);

3) harytlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin göz öňünde tutulan beýleki usullar arkaly belgilemek ýoly bilen.

Şertnamada harydyň hiline degişli anyk şertler görkezilmese, satyjy şular ýaly harydyň adatça niýetlenilişi ýaly ulanmaga ýaramly harydy sarp edijä gowşurmaga borçludyr.

Eger-de, şertnama baglaşylanda sarp ediji harydy haýsy anyk maksatlar üçin satyn alýandygy hakynda satyja habar beren bolsa, satyjy sarp edijä şol maksatlara laýyk gelýän harydy gowşurmaga borçludyr.

  1. Satyjynyň harytlary satmak boýunça ilkibaşdaky teklibinde bellenmedik harytlary sarp edijä teklip etmäge hukugy ýokdur.

Sarp edijä ilkibaşdaky şertnamanyň şertlerine laýyk gelmeýän harytlaryň berilmegine ýol berilmeýär, eger-de ol harytlar üçin töleg geçirmegi talap etmek bilen amala aşyrylýan bolsa.

  1. Eger haryt eltilen wagtynda sarp edijiniň görkezen salgysynda onuň özüniň bolmadyk ýagdaýynda, haryt töleg barada resminamany, şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklaýan ýa-da harydyň eltip berilmelidiginiň ylalaşygyny tassyklaýan resminamanyň biriniň görkezilmegi bilen başga şahsa gowşurylyp bilner.
  2. Sarp edijä haryt gowşurylanda harydyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) hasap-harytnama ýa-da meňzeş maglumatlary saklaýan başga resminama;

2) töleg geçirilendigini tassyklaýan resminama we/ýa-da elektron söwda  çegi;

3) tehniki taýdan çylşyrymly durmuş harytlary bilen üpjün edilende, harydy öndüriji tarapyndan bellenen esbaplaryň toplumy we resminamalary (tehniki pasport ýa-da onuň ornuny tutýan beýleki resminama, harydy ulanmak boýunça gözükdiriji, kepillik haty);

4) harydyň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminama.

  1. Satyjy harydy eltip beren pursatynda sarp edijä haryt barada maglumatlary aşakda gözkezilen usullar bilen ýetirýär :

1) harydyň özünde : gabynda, ýarlykda, etiketkada;

2) haryda goşulýan tehniki resminamalarda ýerleşdirmek arkaly;

3) harytda we haryda goşulýan elektron göterijide (harydyň içindäki elektron platanyň menýu bölüminde);

4) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen başga usul bilen (daşary ýurtlardan getirilen harytlar barada maglumat döwlet dilinde we/ýa-da rus dilinde berilmeli).

Haryt barada maglumatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz önünde tutulýan habarlary (maglumatlary) öz içinde saklamalydyr.

  1. Harydyň (işiň, hyzmatyň) saýlanylyp alynmagy üçin zerur bolan ol barada doly ýa-da ygtybarly maglumat berilmedik ýagdaýynda, sarp edijiniň aşakda görkezilen ýagdaýlarda 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda şertnamany bozmaga ýa-da haryt (iş, hyzmat) üçin tölenilen pul möçberiniň gaýtarylmagyny hem-de özüne ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr, ýagny:

1) satyn alnan harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediji  üçin zerur bolan aýratynlyklary, häsiýetleri bolmasa;

2) satyn alnan harydyň (işiň, hyzmatyň) niýetlenilişi boýunça ulanylmagyna mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda.

  1. Eger-de sarp edijiniň satyn alýan harydy öň ulanylan bolsa ýa-da onuň kemçiligi (kemçilikleri) aradan aýrylan bolsa, bu barada sarp edijä maglumat berilmelidir.
  2. Kabul edilýän haryt barlanylmaly, hili we mukdary boýunça kabul edilmeli, tehniki harytlar elektrik ulgama birikdirilmeli. Eger bu harydyň (işiň) häsiýetnamasy boýunça gabat gelýän bolsa, sarp edijiniň özüniň gatnaşmagynda harydyň (işiň) işe ukyplylygynyň, dogry we howpsuz ulanylmagynyň görkezişiniň geçirilmegine hukugy bardyr.

Haryt resminamasyndan harydyň möçberinde ýa-da hilinde degişli aratapawut ýüze çykarylsa, sargytdan bölekleýin boýun gaçyrylsa, möçberi we hili boýunça ýüze çykarylan aratapawut barada resminama gol çekmeklik zerurdyr.

Satyjy sarp edijä tehniki taýdan çylşyrymly hem-de tehniki talaplara görä, degişli hünärmenler gatnaşmadyk halatynda ulanmaga tabşyryp bolmaýan harytlary birikdirmek, sazlamak we işe girizmek boýunça tejribeli hünärmenleriň hyzmatyndan peýdalanmagyň zerurlygy hakynda habar bermäge borçludyr.

Haryt barlanandan soň sarp ediji şulara borçludyr:

1) haryt ulag resminama gol çekmäge;

2) çapara (kurýere) sargydyň tölegini tölemäge (eger-de harydyň tölegi öňünden tölenmedik ýagdaýynda), şeýle hem sargydy eltip bermegiň tölegini tölemäge (eger-de tölegli bolsa).

  1. Harydyň, hyzmatyň tölegi şu usullar bilen ýerine ýetirilýär:

1) nagt pul serişdeleri bilen;

2) hasaplaşygyň nagt däl görnüşleriniň üsti bilen.

Harydyň tölegi sarp ediji tarapyndan nagt däl görnüşinde tölenende satyjy harydyň berlendigi barada ýük hatyny ýa-da kabul ediş-tabşyryş delilnamasyny doldurmak arkaly tassyklamalydyr.

Harydyň tölegi sarp ediji tarapyndan nagt görnüşinde tölenende, “Türkmenistanyň kassa amallaryny ýöretmegiň Tertibine” laýyklykda, ýerine ýetirilişine bank edaralary jogapkärçilik çekýär;

  1. Sarp ediji poçta aragatnaşyk bölüminden harydy alanda onuň daşyndaky gabynyň abatlygyny we mehaniki zeperleriň ýoklugyny barlamalydyr. Ýokarda görkezilen zeperler ýüze çykarylan ýagdaýynda poçta aragatnaşyk bölüminiň işgäri bilen bilelikde zeperler hakynda delilnama, poçta kadalary bilen kesgitlenen görnüşde teswirnama düzülip, harydy açyp barlamalydyr, soňra ähli kemçilikleri delilnamada, teswirnamada bellemelidir. Barlag geçirilenden soň sarp edijiniň harydy satyn almaga ýa-da ony kabul etmezlige haky bardyr.

Sarp ediji harydyň internet-dükany tarapyndan poçta aragatnaşyk bölümine tabşyrylýan wagtyna çenli ony almakdan ýüz öwrüp biler. Poçta aragatnaşygynyň bölümine tabşyrylandan soň sargydy ýatyryp bolmaýar.

  1. Sarp edijiniň razylygy bolmazdan, satyjynyň goşmaça tölegli işleri ýerine ýetirmäge (hyzmatlary etmäge) hukugy ýokdur. Sarp edijiniň şular ýaly işler (hyzmatlar) üçin tölegi tölemekden ýüz öwürmäge hukugy bardyr, eger-de olar tölenen bolsa, sarp edijiniň satyjydan tölenen tölegiň gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bardyr.

 

VII bap. Sarp edijiniň satyn almak-satmak şertnamanysyň ýerine ýetirilmeginden ýüz öwürmäge hukugy

 

  1. Sarp ediji sebäbini düşündirmezden harydy eltip berýän edarasyna ýa-da poçta aragatnaşyk bölümine gowşurylmagyndan öň ony satyn almak-satmak şertnamanyň ýerine ýetirilmeginden islendik wagtda, haryt oňa gowşurylandan soň bolsa 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda sebäbini düşündirmezden, ýüz öwürmäge hukugy bardyr. Ýörite şertlerde saklanylmaly çalt zaýalanýan we aýratyn çalt zaýalanýan iýmit önümleri gaýtarylmaga degişli däldir. Pes hilli iýmit önümleri “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gaýtarylmaga degişlidir.
  2. Haryt gowşurylanda satyjy sarp edijiniň harydy gaýtarmagynyň tertibi we möhletleri barada maglumat bermäge borçludyr.

Ol maglumatda şu aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr:

1) harydyň gaýtarylmagy amala aşyrylýan ýeri boýunça satyjynyň salgysy (ýerleşýän ýeri);

2) satyjynyň iş tertibi;

3) harydy satyja gaýtaryp bolýan iň uzak möhletiň dowamy ýa-da şu Düzgünler bilen göz öňünde tutulan möhlet;

4) gowy hilli harydyň satyja gaýtarylýança harytlyk görnüşiniň, sarp edijilik häsiýetlerini saklanmagynyň, şeýle hem şertnama baglaşylandygyny tassyklaýan resminamalaryň bolmagynyň zerurlygy hakynda duýduryş;

5) haryt üçin sarp edijiniň tölän tölegini gaýtarmagyň möhleti we tertibi.

Tölegler bank kartlary üsti bilen amala aşyrylan ýagdaýynda satyjy bank göterimleriniň öwezini dolmaga jogapkärçilik çekmeýär.

Eger-de, gowy hilli azyk däl harydy yzyna gaýtarmagyň tertibi we möhleti barada maglumatlar ýazmaça görnüşde haryt eltip berlen pursatynda berilmedik ýagdaýynda, sarp edijiniň oňa harydyň gowşurylan pursatyndan 3 aýyň dowamynda harytdan boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

Gowy hilli azyk däl harydyň harytlyk görnüşi, sarp edijilik häsiýetleri, şeýle hem bellenen harydyň satyn alynmagynyň hakykylygyny we şertlerini tassyklaýan resminamalaryň bar bolan ýagdaýynda, yzyna gaýtarylyp bilner. Sarp edijide bellenen resminamalaryň bolmazlygy harydy şol satyjydan satyn alandygyny subut edýän beýleki resminamalara salgylanmaga mümkinçilikden ony mahrum etmeýär (şaýadyň görkezmeleri, harydyň gabynda satyjynyň firma nyşanynyň bolmagy, seneli we belgili kepillik talony hem-de anyk satyjydan bu harydyň satyn alnandygyny tassyklaýan sarp edijiniň görkezip biljek başga subutnamalary).

Harydyň harytlyk görnüşi we sarp edijilik häsiýetleri saklanan bolsa sarp ediji satyja islendik gowy hilli azyk däl harydy gaýtarmaga hukugy bardyr.

Sarp edijiden satyja çenli harydy alyp gaýtmak boýunça çykdajylary sarp ediji satyja tölemelidir ýa-da satyjynyň ýerleşýän ýerine çenli harydy sarp edijiniň özüniň özbaşdak gaýtarmagy mümkinçiligini satyjy bilen ylalaşmalydyr.

Sarp edijiniň, eger-de, bellenen haryt diňe satyn alýan sarp ediji tarapyndan ulanyp bolýan, gowy hilli şahsy-kesgitli häsiýete eýe bolan bolsa, harytdan boýun gaçyrmaga hukugy ýokdur.

  1. Sarp ediji tarapyndan gowy hilli haryt gaýtarylanda ýan hat ýa-da harydy gaýtarmak barada nama düzülýär we onda şular görkezilmelidir:

1) satyjynyň doly firma ady (ady);

2) sarp edijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady;

3) harydyň ady;

4) şertnamanyň baglaşylan we harydyň gowşurylan seneleri;

5) gaýtarmaga degişli tölegiň jemi;

6) satyjynyň we sarp edijiniň (sarp edijiniň wekiliniň) gollary.

Satyjynyň ýan haty ýa-da namany düzmekden boýun gaçyrmagy, sarp edijiniň harydy yzyna gaýtarmagy we/ýa-da sarp edijiniň şertnama laýyklykda tölän tölegini yzyna gaýtarmagy talap etmek hukugyndan mahrum etmeýär.

Sarp ediji harytdan boýun gaçyranda, satyjy şertnama laýyklykda sarp edijiniň tölän tölegini, sarp ediji tarapyndan degişli talap bildirilen pursatyndan 10 senenama gününden gijä galman oňa gaýtarmaga borçludyr, yzyna gaýtarylan harydy sarp edijiden alyp gaýtmak bilen bagly satyjynyň harajatlary muňa girmeýär.

  1. Sarp edijiniň şertnama laýyklykda tölän töleginiň yzyna gaýtarylmagy, sarp ediji harydy yzyna gaýtarmagy bilen bir wagtda ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, bellenen tölegiň möçberi tölegi amala aşyrylan görnüşinde yzyna gaýtarylýar.

Şertnama laýyklykda sarp edijiniň tölän töleginiň gaýtarylmagyny amala aşyrmak bilen bagly harajatlary satyjy çekýär.

 

VIII bap. Internet-dükanyň üsti bilen satyn alnan

kemçiligi bоlan harytdan ýüz öwürmek

 

  1. Harytlaryň uzaklykdan (distansion usul bilen) söwdasynda harydy yzyna gaýtarmak üçin “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 22-nji we 23-nji maddalary bilen göz öňünde tutulan umumy düzgünler ulanylýar.

Harydyň mukdaryna, görnüşine, hiline, üpjünçiligine, gabyna we/ýa-da gaplanylyşyna degişli şertnamanyň şertleri bozulyp haryt sarp edijä gowşurylan ýagdaýynda, sarp ediji harydy alandan soň 20  senenama günden gijä galman bu bozulmalar barada satyja habar berip biler.

Eger haryda kepillik ýa-da hyzmat ediş möhletleri bellenmedik bolsa, sarp ediji tarapyndan harydyň kemçiligi ýa-da düýpli kemçiligi bilen bagly talaplar bildirilip bilner, şonda satylan harytdaky kemçiligiň, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada has uzak möhlet bellenmedik bolsa, görkezilen harydyň satylan gününden soň iki ýyldan aňry geçmeýän möhletde satyja talaplary bildirmäge hukugy bardyr.

Şeýle hem, eger-de olar ýüze çykarylsa, sarp ediji kepillik möhletiniň ýa-da gulluk möhletiniň dowamynda harydyň kemçiligi barada satyja talaplary bildirmäge hukugy bardyr.

Harytlar internet-dükanyň üsti bilen satylanda harydyň kepillik möhleti, şeýle hem onuň hyzmat ediş möhleti, şol sanda möwsümleýin harytlar (aýakgaplar, egin-eşikler we başgalar) üçin kepillik möhleti sarp edijä eltip berlen gününden hasaplanýar. Eger-de eltip berlen güni kesgitläp bolmasa, onda möhletler satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylan gününden hasaplanyp başlanýar.

Sarp edijini kemçiligi bolan harydyň satylmagy netijesinde oňa ýetirilen zyýanyň doly derejede öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr. Sarp edijiniň degişli talaplaryny kanagatlandyrmak üçin “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen tertipde zyýanyň öwezi dolunýar.

  1. Kemçiligi bolan haryt yzyna gaýtarylanda, sarp edijide satyn almagyň hakykylygyny we şertlerini tassyklaýan resminamanyň bolmazlygy, harydy bu satyjydan satyn alandygyny subut edýän beýleki subutnamalara salgylanmaga mümkinçilikden ony mahrum etmeýär.

IX bap. Jemleýji düzgünler

 

  1. Şu Düzgünleri berjaý etmeýan söwda subýekti hem-de sarp edijiler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
  2. Şu Düzgünleriň berjaý edilmegine gözegçiligi döwlet ygtyýarly edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynada bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Harytlaryň uzaklykdan (distansion usul bilen) satylmagy bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 3-nji awgustynda 1367 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam