ATAWATAN ESERLERİ

Liriki oýlanma

Gyz kalby…

Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar?  Näme üçin gyzlar ýüregindäkini beýan edip bilmeýärlerkä? Egerde men öz duýgularymy dil üsti, ýa-da hat üsti bilen beýan edip bilsedim, onda men ençe wagtdan bäri ýüregimiň töründe bir gujak çemen ýaly ornan söýgi sözlerimi kagyz ýüzüne geçirerdim.

Ýogsa-da, näme üçin bolanok?! Şu mahal, ýa-da hiç haçan. Men mundan artyk bir minudymy hem gidirmerin. Elime kagyzdyr galam alyp, saňa bolan näzik duýgularymy beýan edip hat ýazdym:

” Salam.

Ömrümiň diregi, gözümiň röwşeni, başymyň täji, didämiň nury, durmuşymyň şasy, tagtymyň bagty, gara gözümiň garasy, ýüregimiň çyrasy, her gün säher dogýan günüm, günde meň üçin ýaşýan aýym,  bagymdaky bilbilim, ykbalymyň daragty, bagt gülümiň bagbany, yşk mülkümiň şasy. Men seni görelim bäri ýatsam ukym tutmaýar, gezsem rahat tapmaýan. Men asman ýaly arassa, deňiz ýaly päk möwç urýan söýgüden ýaňa däli-diwana bolýaryn. Meniň ýüregim bolsa diňe sen diýip urýar. Sen, sen, sen…

Saňa bolan söýgim dagdan beýik, derýadan giň, gülden näzik, deňizden çuň, altyndan gymmatly. Seni pikir edip, okaýan kitaplarymdaky suratlarymda hem seniň gözleriňi görüp ugradym. Men ilki seni gören günümden bäri, saňa bolan yşk ataşy ýüregimi ýaryp daşyna çykaýjak, çykaýjak, çykaýjak bolýar. Her gezek sen ýanymdan geçeniňde, ýüregim ezilýär, gyýylýar, ynjaýar. Eger sen şeýle näzik söýgä ynanýan bolsaň, maňa öz ýürek bagyň güli bolmaga rugsat ber. Men seniň ýürek bagyňda açylan gül bolup atyr saçaryn. Sen bolsa gül yşkynda saýraýan bilbil bolup, meň daşymda perwaz urarsyň. Onsoň biz edil aşyk-magşuklar kimin bagt bagynda gyzyl gül düşelen ýodajykdan ýöräp, söýgi tagtyna bararys. Şonda hemme bize seredip :” Serediň, hanha, gözleri bagt bilen püre-pürlenen  aşyk-magşuklar gelýär” diýerler. Ezizim, sen eger şeýle süýji düýşüň hakyky bolmagyny isleseň, meniň söýgimi paýlaş.

Eger-de sen meniň söýgimi paýlaşsaň, derdim ýeňlär, ýüregim rahat tapar. Men dünýäde iň bagtlylaryňam bagtlysy bolaryň. Maňa ykbal gülüp bakar. Men hemişe, edil arynyň balyň üstünde kökenek bolşy ýaly, meniň hem üstümde kökenek bolmaklaryny isleýärdim. Men hemişe, bilbiliň gül üçin saýraýşy ýaly, meniň üçin hem bir ýüregiň saýramagyny isleýärdim. Eger, meniň söýgimi beýan edip ýazsaň, onda ol edil gapaksyz derýa ýaly giň bolar, ony beýan etmek üçin kagyz-da ýetmez, galam-da. Meniň söýgimi söz bilen beýan edip-de bolmaz, saz bilen-de.”.

Haty ugratsam hem ugratdym welin, indi senden jogaba garaşýan. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Ynha-da köp garaşylan hatyň jogaby: “Bagyşla, meniň öz ýürek bagymyň güli bar!”.

Şu sözleri okanymdan edil ýyldyrym urana döndüm. Elime ýene-de galam alyp, şeýle setirleri ýazdym: “Sen özüň beren şeýle jogabyň bilen meni gynandyrdyň. Meniň depämden edil gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Dünýäniň bar gaýgysy meniň başyma inen ýaly boldy. Meniň söýgi daragtym ýykyldy, ýüregimiň bilbili ömürlik saýramasyny bes etdi, sebäbi, ýüregimiň bagynyň güli soldy. Ol güli söýgi ataşy bilen goldap durmasaň solýar. Şonuň üçin ol gül indi gögermez.

Ýöne bu setirler hiç wagt saňa gowuşmaz. Bu ýara meniň öz ýüregimde galar…

  • Aýlar, Aýlar tursana. Nämä aglaýaň?

Birden hamsygyp aglap ýatyşyma jigimiň sesine oýandym. Asyl görsem, men şol haty saňa düýşümde ýollan ekenim, jogabyňy hem düýşümde alypdyryn.

Birden meni gara basana döndi. Eger men saňa öz duýgularymy beýan edip hat ýollasam, sen hem ýürek gyýyjy jogap berseň?… Ýok, ýok…

Bu setirler edil öňküsi ýaly bir gujak çemen bolup meniň ýüregimiň töründe galar. Men ömür boýy saňa bolan söýgim bilen ýaşaryn.!

 

Aýsülük  Sapargylyjowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip,  şol ýerden  “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri