SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymyny satyn alar

Ýaponiýanyň hökümeti täze görnüşli koronawirus pandemiýasyna garşy 671,4 milliard ýen (takmynan, 6.3 millirad dollar) möçberinde maliýe serişdelerini bölüp bermegi maksat edinýär. Bu barada ýurduň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýosihide Guga habar berýär.

– Bu serişdeler ilki bilen koronawirusa garşy sanjym almaga gönükdiriler. Bu babatda biz ABŞ-nyň hem-de Beýik Britaniýanyň kompaniýalary bilen deslapky şertnamalary baglaşdyk – diýip, ol belledi. Bu maliýe serişdeleri ykdysadyýeti goldamak we koronawirusa garşy göreşmek üçin hökümet tarapyndan tassyklanan goşmaça býujetden bölünip berler.

Ýaponiýa “AstraZeneca” britan-şwed farmasewtika kompaniýasy we Amerikanyň “Pfizer” kompaniýasy bilen synag sanjymlarynyň 120 million dozasy boýunça eýýäm ylalaşyk baglaşdy.

Häzirki wagtda ýapon hökümeti ýen-de 5 sany daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikler alyp barýar.  Ýurduň özünde hem birnäçe sanjymlary taýýar edildi we synagdan geçirilýär, ýöne olaryň täjirçilik maksatly satuwynyň daşary ýurtly kompaniýalaryň sanjymlaryndan gijä galmagy hem-de möçbei boýunça çäkli bolmagy mümkin.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!