MEDENIÝET

Köp baýrakly tanymal aktýor

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň söýgüli okyjylary! Biz size daşary ýurt meşhur aktýorlaryny içgin tanyşdyrmagymyzy dowam edýäris. Biziň medeniýet bölümimiziň soňky sanynda dünýä belli aktrisa Anželina Joli barada tanyşdyrypdyk. Bu gezek bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary bilen maslahatlaşyp, Anželinanyň bar ýerinde Bred Pitti hem ýatdan çykaryp bolmaz diýip, mähriban okyjylarymyzy, ýagny Sizi dünýä belli, ýyldyz aktýor Bred Pitt bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik.

“Nähili ýol bilen öz maksadyňyza ýetýändigiňiz wajyp däl, esasy zat hemişe hormat goýmaklygy dowam etmek möhümdir” – Bred Pitt.

Bred Pittiň ömri we çagalygy

Uilýam Bredli Pitt 1963-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ABŞ-nyň Oklahoma ştatynyň Şoni şäherinde dogulýar. Onuň kakasy Uilýam Alwina Pitt ýük daşamak boýunça iş alyp barýan kompaniýasynyň dolandyryjysy, ejesi Jeýn Etta Hillaus mekdepde mugallym. Brediň kiçi doganlary bar. Olaryň atlary Dag Pitt we Juli Pitt. Mekdepde Bred sport we saz-sungat gurnaklaryna işjeň gatnaşypdyr. 1982-nji ýylda “Missuri” uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine girýär. Emma uniwersiteti tamamlandan soňra öz ugry boýunça işlemän, aktýorlyk karýerasyna başlamaga Golliwuda gidýär. Şol ýerde hem öz Uilýam adyny Bred adyna çalyşýar.

Aktýoryň karýerasy

Aktýorlyk karýerasyndan öň Bred sürüji mebel daşaýjy, hat-da ullakan towuk geýimini geýip “El Pollo Loco” restoranyna daşyndan adamlary çagyryjy bolupdyr. Munuň bilen birlikde aktýorçylyk kurslaryna yzygiderli gatnaşypdyr. 1987-nji ýylda Bred Pitt “Dallas”, “Başga dünýä” ýaly seriýalarda birnäçe epizodlarda oýnap, teleýaýlyma çykyp başlapdyr. 1992-nji ýylda Bred Pitt “Derýanyň akýan ýeri” (filmde esasy keşpde oýnaýar. 1995-nji ýylda Bred Pitt dünýä belli aktýorlar Morgan Frimen, Gwinet Peltrou we Kewin Speýsi bilen “Ýedi” atly filmde surata düşüpdir. 2014-nji ýylda “ABC Studios” “Plan B Entertainment”-iň ilkinji telewizion önümi bolan “Direltme” teleserialyny görkezdi. Bred Pitt taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolup işledi.

Aktýor hakda gyzykly maglumat

Bred Pitt “One” atly guramanyň işlerini goldap çykyş edýär. 2007-nji ýylyň maý aýynda öňki ýanýoldaşy Anželina Joli bilen bilelikde Afrikanyň Çad we Sudan ýurtlaryna maliýe kömeginiň berilmegine işjeň gatnşaýar. 2006-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Joli-Pitt haýyr-sahawat gaznasy hereket edýär. Şeýle hem Bred binagärçilik bilen gyzyklanýar. 2006-njy ýylda “Ýaşyl” atly arassa ekologiki gurluşygy we şol taslamasynyň federal derejesinde ýola goýmak üçin şol wagtdaky ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bilen hem duşuşýar. Bred Pitt gitara saz guralyny çalyp bilýär. Şeýle hem onuň bir hereketlendirijili uçarlar üçin uçarmanlyk ygtyýarnamasy bar. Aktýor käwagtlar “Cessna 208B Caravan” atly ýeňil hem-de gysga aralyga niýetlenen uçarynda uçmagy halaýar.

Gazanan derejeleri we baýraklary

Amerikaly aktýor we kino prodýuser iki sany “Altyn globus” baýragynyň eýesi. “12 ýyllyk gulçulyk” filminiň prodýuserleriniň biri hökmünde Oskar baýragynyň eýesi. 2014-nji ýylyň iň gowy surat kategoriýasynda ýeňiji. Ondan öň üç gezek aktýor we iki gezek prodýuser hökmünde Oskar baýragynda bäş gezek dalaşgär görkezilipdi. 2020-nji ýylda Kwentino Tarantinonyň “Bir wagtlar Golliwudda” atly filmindäki keşbi üçin “Iň gowy 2-nji plandaky aktýor” hökmünde Oskar baragynyň hem eýesi boldy.

Aktýoryň iň gowy filmleri

“Dallas”

“Uruş ulagy”

“12 ýyl gulçulyk”

“Benžamin Battonyň syrly hekaýasy”

“Jenap we hanym Smit”

“Dedpul 2”

“Bir wagtlar Golliwudda”

 

Golliwudda yz galdyran aktrisa – Anželina Joli

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Morgan Frimen – Golliwudyň iň hormatlanýan aktýory

Jeki Çan – aktýor we aýdymçy

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy