PEÝDALY MASLAHAT

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris.

  1. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin)
  2. Esaslandyryjynyň döretmek hakynda, esaslyk maýany, hukuk salgysyny, tertipnamasyny bellige almak aldyrmak, ýolbaşçyny bellemek baradaky karary.
  3. Tertipnama 2-nusgada
  4. Bankdan esaslyk maýasyny tassyklaýan kepilnama
  5. Hukuk salgysynyň tassyk haty kärende şertnamasy (kärende berijiniň kärendä berýän binasynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary)
  6. Aşgabat şäher statistikadan iş görnüşleri barada resminama (bellik: iş görnüşleri indi tertipnama ýazylmaýar)
  7. Esaslandyryjynyň hem direktoryň şahsy kagyzy pasport nusgasy we zähmet depderçesiniň nusgasy
  8. Bellige almak üçin tölegi 200 manat (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 2310193411010040000200 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  9. At dakylandygy barada delilhaty
  10. Ynanç haty + pasport kopiýa
  11. Papka -1 sany
  12. Wagtlaýyn göçürmeden soň Hukuk salgysgysynyň tassyk haty (Aşgabat şäher häkimliginiň Arhitektura we şähergurluşygynyň Baş müdirligi ýa-da etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär)

Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 26-nji maddasyna laýyklykda ýekebara kärhana, ýagny hususy kärhana barada düzgünleri Size ýetirýäris.

Kanuna görä, Ýekebara kärhana diýlip, bir fiziki tarapa degişli bolan kärhana hasaplanylýar. Ýekebara kärhana emlägiň eýesiniň çözgüdi boýunça döredilýär. Ýekebara kärhananyň esaslandyryş namasy eýe tarapyndan tassyklanylýan onuň ustawydyr. Bu kärhana beýleki bir eýä degişli kärhananyň fiziki tarap tarapyndan edinilmegi netijesinde döredilip bilner. Ýekebara kärhananyň emlägi fiziki tarapyň emläginden, girdejilerden we beýleki kanuny çeşmelerden emele gelýär.

Esaslyk maýasy näçe?

Kanuna görä,  Ýekebara kärhananyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 25 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Ýekebara kärhanany dolandyrmak onuň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar. Ýekebara kärhananyň eýesi kärhananyň işlerini alyp barmagyň ygtyýarlaryny şertnama (kontrakt) boýunça beýleki adama (dolandyryja, ýerine ýetiriji direktora) bermäge haklydyr.

Jogapkärçilik

Ýekebara kärhananyň eýesi ýekebara kärhananyň alan borçnamalary boýunça doly emläk jogapkärçiligini çekýär.

Hususy kärhanany bellige almak baradaky habarymyz bilen baglanşykly soraglaryňyzy atavatanltd@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz!

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik