PEÝDALY MASLAHAT

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

Hususy kärhanany bellige almak bilen baglanşykly habarymyzyň okyjylarymyzda gyzyklanma döredendigini hasaba alyp, Hojalyk jemgyýeti barada habarymyzy saýtymyza ýerleşdirýäris.

Kärhanalar hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 29-nji maddasyna görä, Hojalyk şereketi diýlip, bilelikdäki işi amala aşyrmak üçin iki we şondan köpräk fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň birleşigi hasaplanylýar.

Kanuna görä,  hojalyk şereketi ony esaslandyryjylaryň arasynda baglaşylýan şertnama esasynda döredilýär. Hojalyk şereketiniň emlägi hojalyk şereketine gatnaşyjylar bolan fiziki we (ýa-da) edara görnüşindäki taraplaryň esaslyk maýasyndaky paýlaryň (goýumlaryň) birleşmeginiň hasabyna emele gelýär.

 Eýsem hojalyk jemgyýetiniň esaslyk maýasy näçe? Kanuna görä, Hojalyk şereketiniň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 100 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.

Kanun Hojalyk şereketiniň ýokary edarasy oňa gatnaşyjylaryň umumy ýygnagydyr. Umumy ýygnagy çagyrmagyň we geçirmegiň möhletleri, tertibi hojalyk şereketiniň esaslandyryş resminamalary bilen kesgitlenilýär. Hojalyk şereketini dolandyrmagyň tertibi we onuň işlerini alyp barmak tertipnama bilen kesgitlenilýär diýip belleýär.

 Hojalyk jemgyýetiniň görnüşleri:

Emläk jogapkärçiliginiň görnüşlerine baglylykda gatnaşyjylar şereketiň borçnamalary boýunça öz ähli emlägi bilen biri-biri bilen raýdaş jogapkärlik çekýän hojalyk şereketi döredilip bilner, şeýle hem gatnaşyjylar tarapyndan şereketiň esaslyk maýasyndaky öz goýumlarynyň (paýlarynyň) möçberleriniň çäklerinde jogapkärlik çekýän hojalyk şereketleri döredilip bilner.

Bellige almak

  1. Bellenen nusgada arza (Bellige almak hakynda )
  2. Esaslandyryjylaryň döretmek hakynda onuň tertipnamasyny tassyklamak esaslandyryş şertnama gol çekmek ýolbaşçyny bellemek esaslyk maýany paýlamak hukuk salgysyny we iş görnüşleri baradaky teswirnama.
  3. Esaslandyryş şertnamasy (kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan bolmaly)
  4. Tertipnama 2-nusgada
  5. Easaslandyryjylaryň şahsy kagyzy
  6. Esaslandyryjylaryň pasport nusgasy
  7. Esaslandyryjylaryň zähmet depderçileriniň nusgalary
  8. Bankdan esaslyk maýasy barada kepilnama
  9. Hukuk salgysynyň tassy haty kärende şertnamasy (kärende berijiniň kärende berýän binasynyň esaslandyryş resminamalarynyň nusgalary)
  10. Aşgabat şäher statistikadan iş görnüşleri barada resminama (iş görnüşleri tertipnamada ýazylmaýar)
  11. At dakylandygy barada delilhaty
  12. Bellige almak üçin tölegi 200 manat (Türkmenistanyň malIýe we ykdysadyýet ministrligi Aşgabat.ş Merkezi Bank H/H 2310193411010040000200 MFO 390101101 S/K 101111007529)
  13. Ynanç haty + pasport kopiýa
  14. Papka -1 sany
  15. Wagtlaýyn göçürmeden soň Hukuk salgysgysynyň tassyk haty (Aşgabat şäher häkimliginiň Arhitektura we şäher gurluşygynyň Baş müdirligi ýa-da etrap häkimlikleri tarapyndan berilýär.

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Bulary hem okap bilersiňiz!

Rus we gazak toparlary Gurban Berdiýew bilen gyzyklanýar

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik