Ynsanyň öz maşgalasyna, ene-atasyna, ýaryna, kärine, obasyna, sürýän ulagyna we başga-da birnäçe barlyklara söýgüsi bolup biler. Hatyjanyň hem söýgi düşünjesine öz garaýşy bardy. Ol maşgalada iň uly çaga bolmak bilen, ejesi, kakasy, iki oglan hem-de bir gyz jigisi bilen ýaşaýardy. Ol öz maşgalasyny söýýärdi. Mekdep partasynda oturan wagtlarynda arzuw eden ýokary okuw jaýynyň uçurymy bolup, söýgüli käriniň eýesi bolupdy. Işini, mugallymçylyk kärini, işdeş ýoldaşlaryny gowy görýärdi. Ak atly bolmasa-da, onuň hem öz kalbynda beslän, hyýalynda janlandyrýan şazadasyna duşmaga garaşýardy. Ýigrimi iki ýaşynyň güýzünde Hatyja öz şazadasynada duşdy. Hatyja häzirkizaman jemgyýetiň ýeňil, çalt başlap tiz gutarýan söýgi hekaýasyny ýaşamak islemeýärdi. Ähli duýgulary arassa, ýürekden ýaşamagy umyt edýärdi. Şonuň üçin ol şazadasyna razylyk bermäge howlukmady. Onuň beýleki söz aýdýan ýigitlerden tapawutlydygyny, özi üçin ýaradylan ynsandygyny ýüregine tassyklatmak isleýärdi. Şeýle niýet bilen ol dürli hilli bahanalar bilen ol ýigidi özünden uzaklaşdyrdy. Şazada Hatyjayň zähmet çekýän ýerinde bilim alýardy we olar günde-günaşa diýen ýaly gabatlaşýardylar. Her gezek göz-göze gelende şazadanyň gözleri Hatyja “Näme üçin beýdýän? Näme üçin razy bolmadyň?” ýaly soraglary berýärdi. Hatyja bolsa duýgularyny gizlemegi başarýardy. Özüniň hem şazada aşyk bolandygyny doly boýun almagy köp wagt almady. Bary ýogy bir ýyldan Hatyja hyýalyndaky şazadasyna razylyk berdi. Wagt geçip durdy we ikisiniň hem durmuşynda düýpli özgerme bolupdy. Indi olaryň ir bilen turanda eşitmek isleýän sesi, görmek isleýän keşbi bardy. Hatyjayň adaty hasaplaýan durmuşy älemgoşar ýaly reňklendi duruberdi. Şazada kiçijigem bolsa garaşylmadyk sowgatjyklar bilen Hatyjany begendirmegi başarýardy. Onuň ilkinji sowgadyna Hatyja hat-da ynanmady. Kiçi köçeleriň birinde diwaryň ýüzüne gyzyl reňkli boýag bilen ýazylan “I love you forever. M.M.” ýazgyny görkezende Hatyja ol oýun edýändir öýtdi. Beýle näzik hem-de ýürege ýakyn sowgady ol diňe arzuw edip bilerdi. Hatyjanyň ýeke-täk bir aladasy bardy, ol hem ene-atasynyň razy bolmagydy. Çünki olaryň razylygyny alyp bilmese, her näçe söýýän hem bolsa şazada bilen durmuş gurup biljek däldi. Maşgalasy Hatyjanyň bar baýlygydy.
Aýlar günler geçip durdy we şazada indi öňküler ýaly ýarym sagat, bir sagatlyk çaý bilen tortjagaz iýilýän duşuşyklar bilen oňmak islemeýärdi. Ol agşam uka gidende, irden gözüni açanda öz ýaryny ýanynda görmek isleýärdi. Onuň duýgulary garşylyksyz hem däldi. Ýöne Hatyja bu zatlary dile getirip aýdyp bilmeýärdi, ony beýtmekden “Edep” diýen dört harplyja duýgy saklaýardy. Şazada bir gün Hatyjany öýüne ugradan mahaly onuň garşysyna geçdi-de, Hatyjanyň ellerini elline alyp “Maňa durmuşa çyk!” diýdi, onuň elinde tylla ýüzük ýokdy. Bu sözler Hatyjanyň ömründäki iň üýtgeşik sözlerdi. Iň azyndan ol häzirlikçe şeýle hasap edýärdi. Aslynda bu soragyň jogabyny ol bireýýäm beripdi, ýöne begenjinden oýun etmek isledimi, nämemi “Oýlanşyp göreýin ” diýdi.
Hatyja oýlanyşdy, jogabam berdi, hat-da sawçyda ugradyldy. Sawçylar “Entek sorap-idäp göreliň” diýlip belli jogap aýdylman ugradyldy. Adaty türkmen maşgalasynda bolup biläýjek waka hem bolsa kakasynyň bu sözleri Hatyjany ünjä goýdy. Şazada her gün diýen ýaly Hatyjadan kakasynyň jogabyny soraýardy we sawçylary jogap eşitmek üçin ugratmaga howlugýardy. Hatyjanyň kakasy agras, sada hem-de haýwatly adamdy. Şazadanyň soraýan zatlaryny Hatyja däl, hat-da onuň ejesi hem aňsat-aňsat sorap biljek däldi. Şeýdibem bir-iki aý geçdi. Hatyja kakasynyň näme üçin beýle köp oýlanmasynyň sebäbini, onuň garşylygyna ýordy. Elinden garaşmakdan başga hiç zat gelmeýärdi. Emma, ol özüniň ýalňyşýandygyny welin bilmeýärdi. Kakasynyň ýüreginde harasat gopýardy. Onuň ilki gözüniň göreni, ilkinji perzendini ondan alyp gitmäge rugsat soraýardylar. “Gyz kişi maşgalasy” diýen nakyly bilse-de, gyzyny bir nätanyş kişä berip goýbermäge ýüregi razy bolmaýardy. Emma, Hatyjanyň kakasynyň ýüreginde turýan bu harasatdan habary hem ýokdy. Ol kakasy juda agras adam bolansoň beýle inçe, näzik duýgulara kakasynyň ýüreginde ýer bardyr hem öýtmeýärdi. Sawçylar ýene geldiler. Indi näçe kyn hem bolsa ýagşydan – ýamandan bir jogap bermelidi. Hatyjanyň kakasy razylyk berdi. Ol şeýtmegiň iň dogry netijedigine ynanýardy, sebäbi özüniň mähriban gyzynyň ýüreginde eýýam şol ýigidiň ýer alanyna düşünýärdi. Sawçylar alan hoş habarlaryna begenip yzyna dolandylar. Agşamara ejesi Hatyja bilen gümür-ýamyr edip otyrkalar gyzyna şeýle diýdi:”Kakaň sawçylara näme diýenini bilýäňmi?”. Hatyja:”Ýok”. Kakaň:”Men ähli çagalarymam gowy görýärin, ýöne uly gyzymy ilkinji perzendim bolany üçinmi, nämemi has-da gowy görýärin. Hatyjany ynjytsaňyz men sizden närazy bolaryn” diýdi. Bu sözler Hatyjany haýran galdyrdy. Ol özüniň güýçli hem-de haýwatly kakasynyň içinden kiçijik, günäsizje çagajygyň agzyndan çykan ýaly sözlere garaşmaýardy.
Toý tutuldy. Hatyja hem-de şazada juda bagtlydylar. Toý dabarasy wagtynda olaryň ýüzündäki gülki olaryň bagtlydygynyň şaýadydy. Bir ýyl wagt geçmänkä täze maşgalada bäbek sesi eşidildi. Hatyjanyň ogul perzendi boldy. Onuň özi hem bu hakykata ynanyp bilmeýärdi. Entek gyz wagtlary perzentsizlik zerarly bozulýan maşgalalara düşünip bilmeýärdi. Ogullyga ýa-da gyzlyga alyp bolar we bar mesele çözüler hasap edýärdi. Emma, indi öz çagajygyna seredip onuň beýleki çagalardan düýbünden başgalygyna göz ýetirdi. Indi özüni dünýäde hemme ynsandan bagtly hasap edýärdi. “Eje” bolupdy. Bar aladasy körpejesidi. Günler kerwen gurap geçip durdy. Günlerde bir gün Hatyja ejelerine gezelenje gitdi. Şazada ony alyp gaýtmaga baranda biraz başagaýdy, hat-da başagaýlykdan ýaňa içeri girip gaýynatasy bilen salamlaşmagy hem unutdy. Ejesi Hatyjany ugradyp içeri girende kakasy ondan Hatyjanyň kim bilen gidendigini sorady. Ejesi gyzyny ýoldaşynyň alyp gidenini aýtdy. Kakasy geňirgendi we şeýle diýdi: “Içeri girip salam hälek soraşmadyla giýew?”. Ejesi: “Juda gyssanmaç gelipdir, işleýän edarasynyň başlygy jaň edip gyssagly gelmegi tabşyrypdyr ” diýip jogap berdi. Kakasy: “Hatyja käýedimi?” diýdi, ejesi bolsa: “Ýokla” diýip jogap berdi. Aslynda käýäp käýemez ýaly ullakan bolan zat ýokdy. Iň erbet ýagdaý bolanda ýoldaşy Hatyja: “Çaltrak bol, men gyssanmaç ” diýip bilerdi. Emma, ata ýüregi öz çagasyna şojagaz sözi hem agyr görjekdi. Bu wakadan bir-iki günden soňra Hatyja ejesi bilen telefonda gürleşende ejesi oňa kakasynyň gama batandygyny hem-de şol iki sözi aýdandygyny gürrüň berdi. Bary-ýogy ikije söz. “Hatyja käýedimi?” Bu iki sözi eşiden badyna Hatyjanyň bokurdagy doldy, gözüne dolan ýaşy saklap bilmedi. Çünki ol iki sözde uly many bardy. Şol pursat Hatyja dünýädäki ähli söýgüden “Perzent söýgüsiniň” has beýikligine ýene bir gezek göz ýetirdi.
Gadyrly okyjy! Şol beýik söýginiň hatyrasyna ene-atamyzyň gadyryny entek olar ýaşaýarka bileliň.
Laçyn MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!
Hormatly okyjylarymyz!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden Instagram hasabymyza girip, şol ýerden “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, bu eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri