BILIM

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Hu­kuk işi (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: hal­ka­ra jema­gat hu­ku­gy; hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy).
  2. Sy­ýa­sat ylym­la­ry we se­bit öw­re­niş (taý­ýarly­gyň ug­ry: hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we dün­ýä sy­ýa­sa­ty).
  3. So­sio­lo­gi­ýa we so­si­al iş (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: so­sio­lo­gi­ýa).
  4. Fi­lo­so­fi­ýa we eti­ka (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: fi­loso­fi­ýa).
  5. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we mag­lu­mat-ki­tap­ha­na işi (taý­ýar­ly­gyň ug­ry: žur­nalis­ti­ka).
  6. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­ti; hal­ka­ra me­nejment; hal­ka­ra ma­li­ýe; äti­ýaç­lan­dy­ryş işi; hal­ka­ra tä­jir­çi­li­gi).
  7. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taýýar­ly­gyň ugur­la­ry: komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy; kompýu­ter ul­ga­my­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi; mag­lu­mat we kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy).

Uni­wer­si­tet­de okuw­lar tö­leg­li esas­da ba­ka­lawr­lary taý­ýar­la­ma­gyň mak­sat­na­ma­sy bo­ýun­ça bir ýyl dil öw­re­niş bö­lü­min­de taý­ýar­ly­gy­ny ge­çe­nin­den soň­ra, iň­lis di­lin­de al­nyp bar­lar. Iň­lis di­lin­de er­kin gep­le­ýän da­laş­gär­le­riň dil öw­re­niş bö­lü­min­de okuw taý­ýar­lygy­ny geç­mez­den, ba­ka­lawr­ly­gyň 1-nji okuw ýy­ly­na baş­la­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bar­dyr.

Uni­wer­si­te­te Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esasyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­daky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­sykla­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­likde, res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­masy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyzla­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek uni­wer­si­tet­de (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­lerde ge­çi­ril­ýär:

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 22-23-i, 24-i we 25-i gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 24-i, 25-i we 26-sy gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 25-i, 26-sy we 27si gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 26-sy, 27-si we 28-i gün­le­ri;

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 27-si, 28-i we 29-y gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 28-i, 29-y we 30-y gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça geçi­ril­ýär: fi­lo­so­fi­ýa; so­sio­lo­gi­ýa; hal­ka­ra je­ma­gat hu­kugy; hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy; hal­ka­ra gat­na­şyk­lary we dün­ýä sy­ýa­sa­ty taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry — iň­lis di­li, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş; žur­na­lis­ti­ka taý­ýar­ly­gyň ug­ry — iň­lis di­li, türkmen di­li we ede­bi­ýa­ty, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­ti; hal­ka­ra me­nej­ment; hal­ka­ra ma­li­ýe; äti­ýaç­lan­dy­ryş işi; hal­ka­ra tä­jirçi­li­gi; komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy; komp­ýu­ter ulga­my­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi; mag­lu­mat we kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy taý­ýar­ly­gyň ugurla­ry — iň­lis di­li, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esasyn­da ge­çi­ril­ýär.

De­giş­li dil öw­red­ýän ders­ler­den baş­ga, äh­li dersler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let ýa-da iň­lis di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Iň­lis di­lin­de er­kin gep­le­ýän da­laşgär­ler gi­riş sy­nag­la­ry­ny üs­tün­lik­li tab­şy­ran­la­ryn­dan soň­ra dil öw­re­niş bö­lü­min­de okuw taý­ýar­ly­gy­ny geç­mez­den ba­ka­lawr­ly­gyň 1-nji okuw ýy­ly­na başla­mak üçin iň­lis di­lin­den bar­lag tes­ti­ni tab­şyr­ýar­lar.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gel­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň mukdar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan ugry bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

 Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1958-nji (An­da­lyp) kö­çe, 169, tel.: 39-85-62, 39-85-25.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar